Последние новости

Архив новостей

Ronaldo we Ibrahimowiçden täze rekordlara garaşylýar

0
6559

UEFA Çempionlar ligasynda düýnki oýunlardan soň, bu gün hem galan 4 toparçada – “A”, “B”, “C”, “D” toparçalarynda jemi 8 oýun oýnalar. Şolaryň diňe biri 21:00-da, galan 7-si adatça bolşy ýaly, 23:45-de başlar.

Zlatana iki rekord garaşýar (“Şahtýor Donesk” – “Pari Sen Žermen”; 23:45)

11-nji gezek gatnaşýan “Şahtýor Donesk” topary “Real Madridden” soň, bu gezek liganyň başga bir faworiti “Pari Sen Žermen” bilen duşuşar. Iki klub ilkinji gezek duşuşar. Bu oýna germaniýaly (asly türk) Deniz Aýtekin eminlik eder. Duşuşygyň faworiti hasaplanylýan PSŽ-niň super ýyldyzy Zlatan Ibrahimowiç bu oýunda 1 gezek tapawutlansa, onda ol 2 rekorda şärik bolar. PSŽ-niň Çempionlar ligasyndaky iň köp gol geçiren oýunçysy hem-de klubuň iň netijeli oýunçysy diýen ugurlarda rekordy degişlilikde, Jorj Wea (16 gol) we Pauleta (109 gol) bilen paýlaşar. PSŽ aprel aýyndan bu ýaňa, ýagny 17 oýundan bäri utulman gelýär. “Şahtýor” toparçalarda oýnan soňky 16 oýnunda diňe 3 sapar utuldy (8 ýeňiş).

 

500-nji goluny geçirermikä?! (“Malmö”–“Real Madrid”; 23:45)

Çempionlar ligasynyň täze möwsümine “het-trik” bilen başlan Kristiano Ronaldo ýene-de bir gol geçirse, onda onuň karýerasyndaky umumy gollarynyň sany 500-e ýeter. Çempionlar ligasyndaky gollarynyň sanyny hasam artdyryp, Messiden arany ep-esli açmak isleýän Ronaldonyň nähili netije görkezjekdigi köpleriň üns merkezinde bolar. Şol sanda Ronaldo ýene-de 2 gol geçirse, “Realyň” iň köp pökgi salan oýunçysy Raulyň rekordyna şärik bolar (323 gol). Türkiýeli Jüneýt Çakyryň jürlewük çaljak duşuşygynda “Malmö” hem ýeňilmejek bolup elde baryny eder. Iki klub öň hiç hili duşuşyk geçirmedi. 2-nji gezek gatnaşýan “Malmö” geçen ýyl 2 duşuşykda-da “Real Madridiň” ezeli bäsdeşi, şu hepdäniň ahyrynda duşuşjak garşydaşy “Atletikodan” utulypdy. Iki toparam milli çempionatlaryndaky duşuşyklaryny öz garşydaşlary bilen 0-0 deňme-deň oýnady. “Real Madrid” ilkinji gezek şwed toparlary bilen duşuşar.

 

Ýaş ýyldyzyna bil baglaýar (“Mançester Ýunaýted”–“Wolfsburg”; 23:45)

Eýndohwenden ýeňlip gaýdan “Mançester Ýunaýted” ilkinji utuklaryny gazanmagyň ugrunda. Öz meýdançasynda “Wolfsburgy” kabul etjek “Ýunaýted” 2008/2009 möwsüminde-de bir toparça düşüpdi (Şol möwsümde-de “B” toparçada “Ýunaýted”, “Wolfsburg”, SSKA M., “Beşiktaş” toparlary duşuşypdylar). Şol möwsümde iki oýunda-da – iňlis kluby myhmançylykda 3–1 (Maýkl Owen “het-trik” edipdi) , Angliýada 2–1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Bu oýun “Ýunýatediň” nemes toparlaryna garşy geçirjek 30-njy duşuşygy bolar. “Mançester” 1996/97 möwsüminden soň, toparçadaky 2-nji oýnuna utuksyz başlaýar. Wengriýaly Wiktor Kaşşai oýnuň emini bolar. 110 hepde soň, “Premier ligada” sanawyň lideri bolmagy başaran “Mançester Ýunaýtedde” soňky wagtlarda gol baryny geçirýän Martialyň esasy düzümde oýnamagyna garaşylýar.

 

8 ýyl soň täzeden (SSKA – PSW; 23:45)

Iki topar 2007-nji ýylda-da bir toparçada duşuşypdy. Moskwada 1–0 ýeňen PSW öz meýdançasynda-da 2–1 hasabynda utupdy. SSKA Moskwa topary 3-nji gezek golland toparyny kabul eder. Olar mundan öňki 2 oýunda garşydaşlaryndan ýeňlipdi. PSW topary häzire çenli toparçada ilkinji 2 oýunda yzly-yzyna ýeňiş gazanyp görmändir. PSW kluby Russiýada oýnan soňky 3 duşuşygynda 2-si geçen möwsümde degişlilikde, “Dinamodan”, “Zenitden” hem-de 2010-njy ýylda “Sibirden” utulypdy. Duşuşykdan öz SSKA-nyň tälimiçisi Sluskiý: “Kyn we özboluşly oýun, biziň ýeňmegimiz gerek, eger-de toparçadan çykmak isleýän bolsak” diýip, beýanat berdi. PSW-niň esasy ýyldyzlary Luuk de Ýong şikesi sebäpli oýnamaz.

 

Ýer eýeleri üçin taryhy duşuşyk (“Astana”–“Galatasaraý”; 21:00)

Tapgyryň ýeke-täk ir başlaýan oýnunda Gazagystanyň wekili, debýutant “Astana” öz meýdançasynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň duşuşygyny geçirer. Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanjak oýna Şwesiýa döwletinden Martin Strömbergsson eminlik eder. Bu ýaryşda 9 oýundan bäri ýeňiş gazanyp bilmeýän “Galatasaraýda” hüjümçi Burak Ýylmaz şikesi sebäpli oýnamaz. Bu ýere ýeňmek üçin gelendiklerini, ýöne munuň aňsatlyk bilen bolmajakdygy aýdan myhman toparyň tälimçisi Hamzaoglunyň Wesli Sneiderden tamasy uly. “Galatasaraý” Çempionlar ligasynda 2013-nji ýylyň martyndan bäri myhmançylykda ýeňiş gazanyp bilenok. Iki topar 2014-nji ýylyň aprelinde “dostluk we tejribe paýlaşmak” maksatly ýörite şertnama baglaşypdy. “Galatasaraý” mundan ozal, gazaklaryň “Toboly” bilen duşuşypdy we myhmançylykda 1–1 deňme-deň oýnapdy.

 

Ilkinji gezek duşuşýarlar (“Atletiko Madrid”–“Benfika”; 23:45)

Taryhynda ilkinji gezek resmi oýunda duşuşýan iki klub “Atletiko” bilen “Benfikanyň” arasyndaky duşuşyga italiýaly Jianluka Rokki eminlik eder. Iki klub hem 1-nji tapgyrda öz garşydaşlaryny 2–0 hasabynda ýeňipdi. Ispan klubunyň ýyldyzy Fernando Torres 1 gol geçiren ýagdaýynda onuň bu topardaky gollarynyň sanyny umumylykda 100-e ýeter. Iň soňky sapar öz meýdançasynda “Rubinden” utulan “Atletiko” topary Ýewrokuboklardaky soňky 24 duşuşygynda 21 gezek ýeňiş gazandy. “Benfika” ispan klublary bilen 23-nji gezek duşuşar. Soňky 15 oýunda ispan klublaryny ýeňip görmedik “Benfika” iň soňky sapar 1982-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda “Betisi” utupdy.

 

“Mançester Siti” çykalga gözleýär (“Borussia M.”–“Mançester Siti”; 23:45)

“Bundesligadaky” şowsuz netijelerden soň, tälimçisini çalyşmaga mejbur bolan “Borussia M.” toparynyň janköýerleri üçin bu günki gün ýatdan çykmajak pursatlaryň biri bolar. Sebäbi klub Çempionlar ligasynyň çäklerinde ilkinji gezek öz meýdançasynda duşuşyk geçirer. Soňky 3 oýundan bäri ýeňiş gazanyp bilmeýän Angliýanyň “Mançester Siti” toparyň şübhesiz duşuşygyň faworiti. Ýöne düýnki netijelerden soň, faworit diýmegem o diýen aňsat däl. Iki mundan öň UEFA Kubogynyň çäginde 1979-njy ýylda iki duşuşyk geçiripdi. Nemes kluby öz meýdançasynda 3-1 ýeňen bolsa, Angliýadaky oýunda ýeňiş gazanan bolmandy (1-1). Soňky ýyllarda ýygy-ýygydan “Bawariýa” bilen duşuşýan “Mançester Siti” şowsuz netijeler gazanmagyny bes etmegiň aladasynda. Duşuşykda fransiýaly Klemen Turpin jürlewük çalar.

 

Ikisi-de özüni dürsemekçi bolýar (“Ýuwentus”–“Sewilýa”; 23:45)

Şwesiýaly meşhur emin Ýonas Erikssonyň eminlik etjek oýnunda soňky finalçy “Ýuwentus” öz meýdançasynda UEFA Ýewropa ligasynyň häzirki eýesi “Sewilýany” kabul eder. Öz milli çempionatlarynda ýowuz günleri başdan geçirýän 2 klubuň bu günki duşuşykda nähili oýun görkezjekdigi köpleri içgin gyzyklandyrýar. Italýan kluby soňky 13 oýunda (UEFA-nyň ýaryşlarynda) ýeňilmedi. Iki topar ilkinji sapar duşuşar. “Ýuwentus” ispan klublary bilen öz meýdançasynda ispan klublaryny 21 oýunda 12 gezek ýeňdi, diňe 2 sapar utuldy. “Sewilýa” üçin bu stadion gaty bir nätanyş hem däl. Olar 2013-14 möwsüminde UEFA Ýewropa ligasynyň finalynda “Ýuwentus” stadionynda “Benfikadan” üstün çykypdy.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации