Последние новости

Архив новостей

TÝL — 2015: 26-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
4854

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

 

16 pökgi:  Tapgyrda geçirilen 4 duşuşykda derwezelere 16 pökgi girdi, ortaça her duşuşykda 4 pökgi. Ýadyňyzda bolsa, geçen tapgyr hem 16 gol bilen tamamlanypdy, ýöne bu tapgyrda «Hazyna» — «Energetik» duşuşygynyň senesiniň üýtgedilendigini ýatladýarys.

Bir jerime: Tapgyrda geçirilen pökgüleriň biri 11 metrlik jerime urgusyndandyr.

Üstünlik myhmanlaryň tarapynda: Tapgyrda geçirilen 4 duşuşygyň diňe birinde ýer eýeleri ýeňiş gazandy, ikisi myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Bir duşuşyk bolsa deňlik hasap bilen jemlendi.

365: Şu tapgyrdan soňra 23-nji milli çempionatymyzda derwezelere 365 pökgi girizildi. Geçirilen pökgüler boýunça geçen ýylky sepgide ýetmek üçin ýene-de 214 gol gerek. Ýatladýarys, geçen ýyl Ýokary ligada derwezelere 579 pökgi geçirilipdi.

 

«Altyn asyr» 3 — 0 «Daşoguz»

Gollar:

1-0, Süleýman Muhadow 43’

2-0, Parahat Jumanazarow 51’

3-0, Umidjan Astanow 75’

 

Goragçy hüjüme geçdi: Garaşylşy ýaly, çempionatyň öňdebaryjysy «Altyn asyryň» uly hasap bilen ýeňiş gazanan duşuşygynda ikinji pökginiň awtory, goragçy Parahat Jumanazarow möwsümde birinji gezek tapawutlandy.

Umytjan — duşuşygy jemleýji: Soňky tapgyrlarda örän gowy çykyş edýän we ýygy-ýygyndan tapawutlanmagy başarýan Umytjan Astanow «Altyn asyryň» soňky iki duşuşygynda jemleýji goly geçirip gelýär.

Ýeňişli ýubileý duşuşyk: «Altyn asyr» şu tapgyrda Ýokary ligadaky taryhynda 220-nji oýnuny geçirdi.

Ahyry deňleşdiler: Tapgyrda «Balkanyň» «Şagadamyň» derwezesine ýekeje, «Altyn asyryň» bolsa «Daşoguzyň» derwezesine 3 pökgi geçirmegi bilen şu ýylky çempionatda umumy geçirilen gollaryň sany deňleşdi. Indi «Altyn asyryň» hem, «Balkanyň» hem 58 goly bar.

Myhmançylykda 50-den geçdi: «Daşoguz» şu tapgyrdan soň çempionatda myhmançylykda geçiren duşuşyklaryndan 50-den kän pökgi geçirden ilkinji topar boldy. Şu çempionatda derwezesine jemi 84 gol geçirden «demirgazyklylar» şolaryň 52-sini myhmançylykdaky duşuşyklarynda goýbertdiler.

«Balkan» birinji, «Altyn asyr» ikinji: Şu tapgyrdan soň, «Altyn asyr» öz meýdanynda garşydaş derwezelere 30 we ondan kän gol geçirip bilen ikinji topar boldy. Bu sepgide birinji bolup «Balkan» ýetipdi. Häzir myhmançylykda geçirilen oýunlarda «Balkanyň» 37, «aragatnaşykçylaryň» 31 goly bar.

Ýeňiş tapgyry dowam edýär: Taryhyndaky ikinji çempionlygyň bosagasyna gelen «Altyn asyr» bassyr 5-nji ýeňşini gazandy.

11 gola 0 gol: «Altyn asyr» bilen «Daşoguzyň» arasynda şu möwsümde geçirilen 3 duşuşykda «aragatnaşykçylar» jogapsyz 11 pökgini geçirdiler. Olaryň hüjümçisi Süleýman Muhadow bolsa «Daşoguz» bilen oýnalan oýunlarda 3 gezek tapawutlandy.

 

«Merw» 2 — 2 HTTU

Gollar:

1-0, Arslan Ýusubow

1-1, Döwlet Döwletmyradow

2-1, Begenç Alamow (pen)

2-2, Pirmyrat Sultanow.

 

Iki oýunda-da jerime: Şu ýyl «Merw» bilen HTTU-nyň arasynda Maryda geçirilen duşuşyklaryň ikisinde-de HTTU-nyň derwezesine 11 metrlik jerime urgusy bellenildi. «Merwiň» jerime urgusy diýlende ilkinji göz öňüňe gelýän Begenç Alamow şolaryň ikisini hem dürs ýerine ýetirdi.

Ýene deňlik: Şu ýyl «Merw» HTTU bilen öýünde geçiren iki duşuşygyny hem deňlik hasap bilen geçirdi.

«Merwiň» derwezesine 900 gol: Eger-de «Merw» geçen tapgyrda Ýokary ligadaky 1000-nji goluny geçiren bolsa, bu gezek öz derwezesine 900-nji goly geçirtdi.

«Merw» «deňlikçileriň» sanawynda: Şu tapgyrdan soň «Merw» çempionatda iň köp deňlik bilen oýnanlaryň sanawynyň liderleriniň hataryna goşuldy. Indi «Merwiň», «Energetigiň» we «Ahalyň» şu ýylky çempionatda 8 deňligi bar.

Üç 10-y tegelediler: Şu tapgyrdan soň «Merw» 23-nji çempionatda 30 gol geçiren 8-nji topar boldy.

Üç 10-y tegeleTdiRdiler: Edil şonuň ýaly hem, «Merw» şu ýylky çempionatda derwezesine 30 gol goýberden 6-njy topar boldy.

HTTU öňde: Öz derwezesine pökgi geçirtmekde HTTU «Merwden» 10 ädim dagy «öňde». «Talyplar» möwsümde derwezesine 40 we ondan kän gol geçirden 4-nji topar boldy.

Bir deňligiň bir üstünligi: Duşuşykda ýeňiş gazanyp bilmese-de, HTTU-nyň derwezesine geçiren 2 golundan soň, «Merw» möwsümde öz meýdanynda geçirilen duşuşyklarda 20 we ondan kän gol geçiren 7-nji topar boldy. Toparyň öz meýdanynda geçiren gollarynyň sany indi 21-e deň.

Umumylykda 3-nji gezek: Begenç Alamow şu möwsümde 3-nji gezek 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalandy. Şolaryň ikisi HTTU-nyň derwezesine geçirildi.

Üç duşuşykdan soň: «Merw» — HTTU 3:4.

 

 

«Ahal» 3 — 5 «Aşgabat»

Gollar:

0-1, Azady Annadurdyýew

0-2, Berdi Şamyradow

1-2, Altymyrat Annadurdyýew

1-3, Berdi Şamyradow

1-4, Ruslan Serazutdinow

2-4, Begli Meredow

2-5, Berdi Şamyradow

3-5, Rahmet Şermetow.

 

Biri 1-nji, biri 20-nji: Şu duşuşyk Annadurdyýewleriň futbolçy maşgalasyndan ýene bir ady janköýerlere tanatdy. Käbir janköýerleriň atlandyryşy ýaly, «Annadurdyýewleriň derbisinde» Azady möwsümdäki 1-nji, Altymyrat bolsa 20-nji goluny geçirdi.

Şamyradow ýene öňde: Türkmenistanyň 6 gezek bombardiri Berdi Şamyradow şu tapgyrda geçiren 3 goly bilen möwsümde jemi 16 gol geçirip, iň netijeli hüjümçileriň sanawynda 4-nji orna çykdy.

Altymyrat üçünji: Altymyrat Annadurdyýew şu möwsümde 20 gol geçiren 3-nji futbolçy boldy.

Serazutdinow möwsüme «girişdi»: Möwsümiň golçularynyň sanawyna 97-nji bolup adyny ýazdyran Ruslan Serazutdinow möwsümde ilkinji gezek tapawutlandy.

4-nji ýer kesgitlendildi: «Aşgabat» bilen «Şagadamyň» arasynda birnäçe hepdeläp dowam eden 4-nji orun ugrundaky ýaryşda ýeňiji ahyry «paýtagtlylar» boldy. Indi «Şagadamdan» 2 utuk öňe saýlanan «Aşgabadyň»3-nji orna çykmagy üçin «Ahalyň» ýekeje gezek ýeňilmegi ýeterlik.

4-nji 4 10-lukçy: Düşünip bildiňizmi? Häzir düşündirýäris. Hakykatdan-da, «Aşgabat» möwsümiň dördünji dört onlukçysy. Başgaça aýtsak, «paýtagtlylar» möwsümde 40 utuk toplan 4-nji topar boldy.

Bir derwezä 330 gol: «Ahalyň» «Aşgabadyň» derwezesine girizen 3 golundan soň, «paýtagtlylaryň» Ýokary ligada derwezesine geçirden gollarynyň sany 330-a çykdy.

2-nji gezek 3-ledi: Derwezelere pökgi geçirmekde entek hem ýaş hüjümçileriň köpüsine görelde bolýan Berdi Şamyradow möwsümdäki ikinji het-trigini amala aşyrdy.

100-iň ýarysy: «Ahal» şu tapgyrdan soň möwsümde 50 gol geçiren 3-nji topar boldy.

80-iň ýarysy: «Aşgabat» şu möwsümde 40 gol geçiren 5-nji topar boldy. Ýöne geçirilen gollaryň sany boýunça «Aşgabat» dördünji orunda durýar. Bu tapgyrda hiç bir futbolçysy tapawutlanyp bilmedik «Şagadmyň» 40 goly bardy. «Aşgabadyň» bolsa indi 41 goly bar.

Ýag, ýaganagym: Hawa, duşuşykda janköýerler derwezelere geçirilen gollary sanap ýetişmediler. Hamana, iki tarapyň derwezewanlary hem bilelikde bir ýere gidene döndi. Şeýlelikde, jemi 8 golly bu duşuşyk möwsümde iň kän golly duşuşyklaryň arasynda ikinji orunda ýerleşdi. Birinji orun siziňem ýadyňyzdadyr — HTTU — «Daşoguz» duşuşygy, oýun HTTU-nyň peýdasyna 10:0 hasabynda tamamlanypdy. Ýöne «Ahal» — «Aşgabat» duşuşygy 8 golly netijäni ýeke özi alyp bilenok. Çünki 13-nji tapgyrda «Balkanyň» «Daşoguzy» jogapsyz gollaryň 8-si bilen ýeňlişe sezewar edendigi janköýerleriň ýadyndan çykan däldir.

Döwlet bir adamda bolýar: Baş tälimçiniň topardan aýrylmagyndan soňra, «Ahal» soňky iki duşuşygynda hem ýeňlip gelýär. Topar mundan öň şu ýylky çempionatda yzygider iki oýunda ýeňilmändi.

Öň beýle bolmandy: Bu duşuşyk möwsümde «Ahalyň» öz derwezesine iň kän pökgi geçirden duşuşygy boldy.

Möwsümde birinji gezek: «Ahal» «Aşgabatdan» şu möwsümde birinji gezek ýeňildi.

Artykmaçlyk henizem «Ahalda»: Hawa, 3 duşuşygyň netijeleri boýunça «Ahal» — «Aşgabat» 7:6. Altymyrat Annadurdyýew bolsa 3 duşuşykda 5 gezek tapawutlandy.

 

«Şagadam» 0 — 1 «Balkan»

Gol:

0-1, Aleksandr Boliýan 90’.

Ahyrsoňy: «Şagadam» bilen «Balkan» şu möwsüm birek-biregi ýeňip bilmän kösendiler. Ahyrsoňy «Balkan derbisi» bir toparyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Diňe bir aýlawda 6 gol: «Balkanyň» kyn düşen ýeňşiniň sebäpkäri Aleknadr Boliýan diňe üçünji aýlawda 6 gol geçirildi. Bu bolsa 8 oýunda 6 gol diýmekdir.

Ýeňen «Balkan» hem bolsa: Möwsümde «Şagadam» bilen «Balkanyň» geçirden gollary deňleşdi – 27 gol.

Myhmançylykda: Şu tapgyrdan soň «Balkan» myhmançylykda 20 gol geçiren 4-nji topar boldy.

Kerwen emele gelýär: «Balkan» soňky duşuşyklarda bassyr ikinji gezek ýeňiş gazandy. Ikisinde hem hem 1 gol tapawudy bilen.

Kerwen «emele gelýär»: Welaýata wekilçilik edýän beýleki bir topar — «Şagadam» bolsa iki tapgyr bäri şol bir hasap bilen ýeňlip gelýär.

Üç duşuşykdan soň: «Şagadam» — «Balkan» 3:4

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации