Последние новости

Архив новостей

“IPTV” - “Internet Protocol Television”

0
16209

“IPTV” - “Internet Protocol Television” sözüniň gysgaltmasy bolup, aragatnaşyk torunyň üsti bilen gelýän sanly telewideniýäniň bir görnüşi.     

“IPTV” – bu antennalaryň deregine, internet protokoly (aragatnaşyk tory) arkaly audio we wideo akymlarynyň telewizorlara gelişi. Hyzmatyň bu görnüşinde teleýaýlymlar IP (Internet Protocol) formata öwrülen ýagdaýda paýlanylýar we ýörite týunerler arkaly görülýär. Kompýuter torunda bolşy ýaly, “IPTV”-de telewideniýe signallary tor arkaly kiçi paketlere öwrülip ugradylýar. “IPTV” adaty tor protokollaryny ulanýandygy sebäpli, hem operatorlar, hem ulanyjylar üçin az çykdajyly tehnologiýanyň görnüşi bolup durýar.

 “IPTV”-niň amatly taraplary näme?

  • Adaty telewideniýelerden audio we wideosynyň hili örän ýokary. Şeýle hem, käbir teleýaýlymlary “HD” (High Definition) formatda, ýagny ýokary ölçeg görnüşinde görüp bolýar.
  • Goşmaça interaktiw häsiýetnamalary bar. Mysal üçin, futbol oýny görülip otyrka, futbolçy barada maglumat okap bolýar.
  • Islendik teleýaýlymy we telegepleşigi islendik wagta düzüp ýazdyryp bolýar. Hat-da mundan iki gün öň görkezilen filmi hem görüp bolýar.
  • Antennalarda bolşy ýaly, şemal bolanda gaçmak howpy ýok.
  • Çykdajysy telewideniýäniň beýleki görnüşlerine garanyňda az.
  • Týuneri ykjam we az ýer tutýar, teleýaýlymlary köp.
  • Döwrebap we giňden ulanylýar.

 “IPTV”-niň amatsyz taraplary näme?

-Internet protokolynyň (IP) üsti bilen işleýändigi sebäpli, telewideniýäniň bu görnüşinde, aragatnaşyk näsazlygy ýüze çykan ýagdaýynda toruň üsti bilen iberilýän signal paketleriň käbirleri ýitip biler. Şeýlelikde, teleýaýlymlar käte doňup işläp biler.

Biziň ýurdumyzda hem “IPTV” giňden ornaşdyrylyp başlandy. “IPTV” hyzmatyndan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Aşgabat şäher telefon ulgamyna ýüz tutmak bolar. Arza ýazanyňyzdan soň, hünärmenler öýüňize gelip “IPTV”-ni gurnap bererler. “IPTV” gurnalmazdan öň, ýörite týuner, zerur halatlarda tor kabeli satyn alynmaly (käte ADSL modem hem satyn alynmaly). Týunerleriň, tor kabelleriň, modemleriň bahalary elýeter, olary ýurdumyzyň dükanlaryndan saýlap almak bolar. “IPTV” hyzmatynyň bir nokat üçin bir aýlyk tölegi 10 manat.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации