Последние новости

Архив новостей

ÝOKARY LIGANYŇ 19-NJY TAPGYRYNDAN SOŇ, KÄBIR SANLAR, MAGLUMATLAR

0
6004

MUHADOW ÝAGŞYÝEWIŇ YZYNDAN ÝETDI ýa-da ÝOKARY LIGANYŇ 19-NJY TAPGYRYNDAN SOŇ, KÄBIR SANLAR, MAGLUMATLAR:

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Ýeňiji — öňdebaryjylar: Tapgyrda geçirilen duşuşyklarda ýaryş tertibinde ilkinji 5 orunda barýan toparlar ýeňiş gazandy

Ýa ýeňiş, ýa utulyş: Tapgyrda deňlik bilen tamamlanan duşuşyk ýok.

5 oýunda 14 gol: Tapgyrda derwezelere 14 gol girizildi. Mundan öň 7-nji hem-de 13-nji tapgyrlar 14 gol bilen tamamlanypdy.

14 goluň 2-si: Tapgyrda 2 gol 11 metrlik jerime urgusyndan girizildi.

Artykmaçlyk myhmanlaryň tarapynda: Tapgyrda 2 oýunda ýer eýeleri, 3 oýunda myhmanlar ýeňdi

 

HTTU – "Balkan" 1:2 (0:1)

Gollar:

0:1 - 37' Amir Gurbani,

0:2 - 58' Aleksandr Boliyan,

1:2 - 79' Annasahet Annasahedow.

 

Bolianyň aýagy düsdi: Ýokary liga biraz arakesmeden soň, ýene milli birinjiligimize gaýdyp gelen hüjümçi Aleksandr Bolian ilkinji resmi duşuşygynda tapawutlanyp, şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

Annasähet umytlandyrdy: «Ahaldan» kärednededen gaýdyp gelen Annasähet Anasähedowyň bu duşuşykda ýer eýelerini deňlige umytlandyran goly ýarym goragçynyň şu möwsümdäki ilkinji goludyr.

700-e 30 ädim galdy: Şu tapgyrda «Balkan» futbol topary Ýokary ligadaky 670-nji duşuşygyny geçirdi

Ýubileý ýeňişe bolsa ýekeje ädim galdy: Şu tapgyrda «Balkan» Ýokary ligadaky 399-njy ýeňşini gazandy

Gollaryň hasabynda-da tegelek san: Aleksandr Bolianyň HTTU-nyň derwezesinden geçiren goly «Balkanyň» Ýokary ligada garşydaş derwezelere girizen 1330-njy goly hökmünde hasaba alyndy.

HTTU-dan 20-nji gol: Annasähet Annasähedowyň şu tapgyrdaky goly bilen, HTTU şu möwsümde garşydaş derwezlere 20 pökgi geçiren 7-nji topar boldy.

Öz derwezesine 30 gol: Şu duşuşykdan soň, HTTU şu möwsümde öz derwezesine 30 we ondan kän gol geçirden 3-nji topar boldy.

Üstünlik «Balkanyň» tarapynda: Üç aýlawyň netijesi boýunça şu möwsümde HTTU — «Balkan» — 2:6

HTTU — «Balkan» duşuşyklarynyň iň netijeli oýunçysy: Yzda galan üç aýlawyň duşuşyklaryndan soňra, «Balkandan»Amir Gurbany HTTU — «Balkan» duşuşyklarynda 3 gol geçirdi.

 

«Ahal» – «Energetik» 2:0 (1:0)

Gollar:

1:0 - 37' Mihail Titow,

2:0 - 80' Altymyrat Annadurdyyew.

 

«Ahalyň» ýubileý ýeňşi: Şu tapgyrda gazanylan ýeňiş «Ahalyň» Ýokary ligada gazanan 150-nji ýeňşidir.

«Ahal» — «Energetik» duşuşyklarynyň iň netijeli oýunçysy: Altymyrat Annadurdyýew şu möwsümde geçirilen «Ahal» — «Energetik» duşuşyklarynda jemi 6 gol geçirdi.

«Ahal» hem 20-den geçdi: Şu tapgyrdaky ýeňişden soň, «Ahal» şu möwsümde öz meýdanynda 20 we ondan kän gol geçiren 3-nji topar boldy.

Bassyr 5-nji ýeňiş: Şeýlelikde, «Ahal» Ýokary ligadaky bassyr 5-nji ýeňşini gazandy.

Bassyr 3-nji utulyş: Kubok ýaryşlarynda biraz ruhlanan hem bolsa, «Energetik» Ýokary ligada bassyr 3-nji gezek utuldy.

Üstünlik «Ahalyň» tarapynda: Üç aýlawyň netijesi boýunça şu möwsümde «Ahal» — «Energetik» — 9:1

9 goluň 6-sy Altymyrada degişli: Altymyrat Annadurdyýew şu ýyl «Ahal» — «Energetik» duşuşyklarynda jemi 6 gol geçirdi.

 

"Merw” – “Aşgabat" 1:2 (0:0)

Gollar:

0:1 - 47' Rustam Gurbanow,

1:1 - 66' Toyly Gocnazarow,

1:2 - 84' Boris Iwanow.

 

Aşgabat 5-nji 30-lukçy: Şu duşuşykdan soň, «Aşgabat» şu möwsümde garşydaş derwezlere 30 pökgi geçiren 5-nji topar boldy.

«Merw» hem 20-ledi: «Merw» şu möwsümde garşydaş derwezlere 20 pökgi geçiren 8-nji topar boldy.

«Üçden soň ýeňiş»: Ýokary ligada käte oýunlary bilen haýran edýän, käte garaşylmadyk ýagdaýlarda janköýerlerini gynandyrýan «Aşgabat» ikinji aýlawyň soňky 3 tapgyryndaky utulyşdan soň, ýene-de ýeňiş bilen didarlaşdy.

Artykmaçlyk «Aşgabadyň» tarapynda: Üç aýlawdan soňra, şu möwsümde «Merw» — «Aşgabat» — 3:4

Toýly — iň netijelisi: Toýly Goçnazarow şu möwsümde «Merw» — «Aşgabat» duşuşyklarynda jemi 2 gol geçirdi.

 

"Daşoguz” – "Şagadam” 0:2 (0:1)

Gollar:

0:1 - 31' Hemra Amanmämmedow,

0:2 - 53' Ata Geldiyew.

 

1140: Şu tapgyrda «Daşoguz» futbol topary Ýokary ligadaky 1140-njy goluny derwezesine geçirtdi.

Bassyr 2-nji ýeňiş: Geçen aýlawyň ahyrynda özüni dürsäp başlan «Şagadam» bassyr 2-nji ýeňşini gazandy.

Bassyr 4-nji utulyş: «Daşoguz» Ýokary ligada bassyr 4-nji gezek utuldy.

2 gola 11 gol: Üç aýlawdan soňra, şu möwsümde «Daşoguz» — «Şagadam» — 2:11

11-iň 4-si Hemra Amanmämmedowyňky: Şu möwsümde Hemra Amanmmämedow «Daşoguz» — «Şagadam» duşuşyklarynda 4 gol geçirdi.

 

"Altyn Asyr” – "Hazyna" 3:1 (2:0)

Gollar:

1:0 - 29' Suleyman Muhadow,

2:0 - 39' Suleyman Muhadow,

2:1 - 47' (pen.) Guwanc Abylow,

3:1 - 55' (pen.) Ahmet Atayew.

 

Bir oýunçy ýarym möwsüm + 1 duşuşykda 6 gezek dubl: Şeýle netijäni «Altyn asyryň» hem-de milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Süleýman Muhadow görkezdi.

«Hazyna» ýene bir 10-lukçy: Şu duşuşykdan soň, «Hazyna» şu möwsümde myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda garşydaş derwezlere 10 we ondan kän gol geçiren 7-nji topar boldy

Biri umytlandyrdy, biri arkaýynlaşdyrdy: Tapgyrda 2 sany 11 metrlik jerime urgusynyň bardygyny ýokarda belläpdik. Şolaryň ikisi hem şu duşuşykda geçirildi. Özlerem biri-biriniň yzyna tirkeşip geldi. Bir tapawudy: Guwanç Abylowyň dürs ulanan penaltisi «Hazynany» hasaby deňlemäge umytlandyran bolsa, «aragatnaşykçylaryň» kapitany Ahmet Ataýewiň penaltisi toparyň ýeňşini berkitdi.

«Altyn asyr» öz rekordyny täzeleýär: Bassyr 8-nji duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlan «Altyn asyr» rekordly ýoluny dowam etdirýär.

7-ä 2 jogap: Üç aýlawdan soň, şu möwsümde «Altyn asyr» — «Hazyna» — 7:2.

Muhadow Ýagşyýewi ýetdi: Iň netijeli hüjümçileriň sanawynda ahyrsoňy «Altyn asyrdan» Süleýman Muhadow bilen «Balkandan» Myrat Ýagşyýewiň gollarynyň sany deňleşdi. Häzir hüjümçileriň ikisiniň hem 18 goly bar. Olaryň söbügini basyp gelýän Altymyrat Annadurdyýewiň («Ahal») bolsa 16 goly bar.

Ýene-de Muhadow: Şu möwsümde «Altyn asyryň» «Hazynanyň» derwezesine girizen 7 golunyň 5-siniň awtory Süleýman Muhadow «ykdysadyýetçiler» bilen bolan soňky iki duşuşygyň her haýsynda 2 gol geçirdi. 

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации