Последние новости

Архив новостей

Türkmenistanyň Kubogy — 2015: saýlama tapgyryň jogap duşuşygyndan soň käbir sanlar, maglumatlar

0
3664

«Köpetdag» — «Merw» 2:0 (iki duşuşygyň jemi boýunça 3:0)

«Daşoguz» — «Energetik» 1:0 (iki duşuşygyň jemi boýunça 3:0)

Ýene 1:0, ýene 2:0: 4-nji awgustda geçirilen duşuşyklarda hem edil 1-nji awgustdaky duşuşyklara meňzeş hasaplar alyndy. Ýadyňyzda bolsa, 1-nji awgustda «Köpetdag» «Merwi» 1:0 hasabynda, «Energetik» bolsa «Daşoguzy» 2:0 hasabynda ýeňipdi. Bu gezek welin tersine boldy: «Köpetdag» — «Merw» 2:0, «Daşoguz» — «Energetik» 1:0

Jogapsyz 3 gol: Şeýlelikde, «Köpetdag» hem, «Energetik» hem garşydaşyny iki duşuşygyň jemi boýunça jogapsyz 3 pökgi bilen bilen ýeňip, indiki tapgyra çykdy.

Ilkinji gezekde ilkinji ýeňişler: Juda sada we düşnükli. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan toparlar, has «tejribeli» garşydaşlaryndan üstün çykyp, ilkinji ýeňişlerini gazandylar.

6 futbolçy 6 gol: Saýlama tapgyryň 4 duşuşygynda derwezelere girizilen 6 goluň her haýsy bir futbolça degişli. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky şu ýylky ýaryşda entek 2 gezek tapawutlanan oýunçy ýok. 

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации