Последние новости

Архив новостей

Türkmenistanyň Kubogy — 2015: jogap duşuşyklary barada pikirler, sanlar, maglumatlar

0
6360

4-nji awgustda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji saýlama oýunlarynyň jogap duşuşyklary geçiriler. Paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda we Daşoguz şäherindäki sport toplumynda geçiriljek duşuşyklarda «Köpetdag» «Merwi», «Daşoguz» «Energetigi» kabul eder.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 1-nji awgustda bolan ilkinji duşuşyklarda Türkmenistanyň Kubogyna ilkinji gezek gatnaşýan toparlar «Köpetdag» bilen «Energetik» ýeňiş gazandy. Mary şäheriniň «Merw» topary bolsa ýokary ligadaky şowsuzlyklardan Kubok ýaryşynda hem halas bolup bilmedi. Şeýlelikde, indi bassyr iki ýyl bäri, «Merw» Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji duşuşygyny öz meýdanynda geçirip, ikisinde hem utuldy. Daşoguz şäheriniň adybir topary bolsa ýokary liganyň täze wekili «Energetikden» 2:0 hasabynda ýeňlip, indiki tapgyra çykmak mümkinçiligini has azaltdy.

1-nji awgustda bolan duşuşyklar käbir sanlar bilen hem baglanyşyklydyr. Has takygy, şol gün «Merw» topary ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 93-nji duşuşygyny geçirdi. Kubok ýaryşynda jemi 44 duşuşykda ýeňen «mewrliler» 31 gezek ýeňildiler. Toparyň geçiren 18 duşuşygy bolsa deňlik bilen tamamlandy. Pökgi gatnaşygy: 138 — 112. Topar Türkmenistanyň futbol Kubogyny 2005-nji we 2008-nji ýyllarda eýeledi, 1993, 2007 we 2009-njy ýylda bu ýaryşyň finalyna çenli baryp ýetdi.

«Köpetdag» ilkinji gezek gatnaşýan ýaryşynyň ilkinji duşuşygynda ilkinji ýeňşini gazandy. Toparyň kapitany Welsähet Öwezow bolsa «Türkmenistanyň Kubogy — 2015-de» ilkinji bolup tapawutlanan — derwezä pökgi geçiren futbolçydyr. Garaz, bu duşuşyk «Köpetdag» üçin birinjileriň güni boldy diýip bileris:

— 1-nji awgust — awgustyň birinji güni;

— Türkmenistanyň Kubogyna birinji gezek gatnaşmak;

— Türkmenistanyň Kubogyndaky birinji duşuşyk;

— «Köpetdag» bilen «Merwiň» taryhdaky birinji duşuşygy;

— Türkmenistanyň Kubogyndaky birinji ýeňiş;

— Topara ýeňiş getiren pökginiň tora duşuşygyň birinji ýarymynda girmegi;

 — Welsähet Öwezowyň «Türkmenistanyň Kubogy — 2015-de» gol geçiren ilkinji futbolçy bolmagy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Mary şäheriniň «Energetik» futbol topary hem Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa birinji gezek gatnaşdy, ilkinji duşuşygynda-da ýeňiş gazandy. Toparyň ýaş hem-de ezber hüjümçisi Kerim Hojaberdiýewiň goly bolsa «Türkmenistanyň Kubogy — 2015-de» häzirlikçe iň ir geçirilen goldur (25-nji minut).

«Energetik» bilen duşuşykdan soň «Daşoguz» topary Kubok ugrundaky ýaryşda geçiren duşuşyklarynyň sany 60-a çykdy. Şolaryň diňe  23-sinde ýeňen «Daşoguz» 28 duşuşykda garşydaşlaryndan asgyn geldi. Topar Kubok ýaryşlarynyň 9 duşuşygynda deňlik hasap bilen oýnadylar. Pökgi gatnaşygy: 82 — 96. «Daşoguz» 1995-nji ýylda ýurdumyzyň Kubogyna mynasyp boldy.

1-nji awgustda bolan duşuşyklaryň ýene bir aýratynlygy ähli pökgüleriň derwezä duşuşyklaryň birinji ýarymynda girizilenligindedir.

4-nji awgustda boljak duşuşyklarda ýene-de artykmaçlyk «Köpetdag» bilen «Energetigiň» tarapynda ýaly görünýär. Indiki tapgyra çykmak üçin «Köpetdaga» duşuşygy deňlik bilen tamamlamak hem ýeterlik. Daşoguzda «Daşoguzyň» «Energetikden» ýeňiljekdigine ynanmak kyn. «Energetik» bolsa, esasan, duşuşygy deňlik bilen tamamlamaga ýykgyn etse gerek. Ýöne 1:0 hasabyndaky utulyş hem «Energetigiň» indiki tapgyra geçmegini bökdäp bilmez. Ýer eýelerine bolsa bu mümkinçiligi gazanmak üçin 3 pökgi artykmaçlygy bilen ýeňiş gazanmak, mümkin bolsa öz derwezelerine pökgi geçirtmezlik şertdir.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации