Последние новости

Архив новостей

TÝL – 2015, 18-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
4974

Meňzeş hasaplaryň tapgyry: Tapgyrda iki duşuşyk 1:1, iki duşuşyk hem 4:0 hasabynda tamamlandy

Ýene şol san: Tapgyrda 13 gol bar. Şeýlelikde Ýokary liganyň ikinji aýlawynyň soňky 3 duşuşygynyň 3-sinde-de derwezelere 13 gol girdi.

Ýer eýeleri rüstem: Iki duşuşygy deňlik bilen tamamlanan tapgyrda 3 oýunda ýer eýeleri ýeňiş gazandy.

Iki aýlawda-da: Şu tapgyrda iki duşuşyk 4:0 hasabynda tamamlandy. Täsin tarapy «Altyn asyr» bilen «Energetigiň» hem-de «Ahal» bilen «Daşoguzyň» arasynda birinji aýlawda bolan duşuşyklaryň ikisi hem 4:1 hasabynda «Altyn asyrdyr» «Ahalyň» peýdasyna tamamlanypdy.

 

«Hazyna» 1 — 1 HTTU

Gollar:

Azat Şamyradow 22’ (0 — 1)

Kemal Gurbanow 90+3’ (1 — 1)

Möwsümiň deň ýarynda ilkinji gol: HTTU-ny tä iň soňky sekuntlara çenli ýeňşe umytlandyran go, aslynda, Azat Şamyradowyň şu möwsümde derwezelere geçiren ilkinji goludyr.

Deňligi getiren ilkinji gol: Geçen möwsümiň ikinji ýarymynda HTTU-nyň gorag bölüminde oýnan Kemal Gurbanow şu möwsümdäki ilkinji goluny geçen ýylky toparynyň derwezesine girizdi.

Üstünlik HTTU-da: Ýokary liganyň «talyplar derbisinde» üstünlik HTTU-nyň tarapynda. Iki duşuşykdan soň, «Hazyna» 1-3 HTTU.

 

«Merw» 1 — 1 «Balkan»

Gollar:

Ilýa Tamurkin 40’ (1-0)

Begenç Annagurbanow 44’ (1-1)

Ýokary ligada 670-nji oýun: Şu tapgyrda «Merw» Ýokary ligadaky 670-nji duşuşygyny geçirdi.

1000-e 10 ädim galdy: Ilýa Tamurkiniň şu duşuşykdaky goly «Merwiň» Ýokary liga taryhyndaky 990-njy goly boldy.

640: Şol bir wagtyň özünde Ilýanyň bu goly Ýokary ligada «Balkanyň» derwezesine girizilen 640-njy gol boldy.

Ýene 1:1: «Balkan» toparynyň soňky geçiren 2 duşuşygy hem 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

5 oýunda 5 gol: «Balkan» soňky 5 duşuşykdan bäri 1-den artyk gol salyp bilenok.

 

«Şagadam» 1 — 0 «Aşgabat»

Gol:

Hemra Amanmämmedow 29’ (1-0)

«Şagadam» beýgeldi: «Şagadam» topary «Aşgabady» bir basgançak aşak düşürip, 4-nji orna geçdi.

3-nji 45-likçi Hemra: Hemra Amanmämmedow soňky 3 möwsümde 45 we ondan kän gol geçiren 4-nji futbolçy boldy. Soňky 3 möwsümdäki netijeleri alanyňda Süleýman Muhadowyň 64, Mämmedaly Karadanowyň 60, Didar Durdyýewiň 49 goly bar.

«Aşgabadyň» şowsuz duşuşyklary: «Aşgabat» bassyr 3 duşuşykda utuldy. Bu bolsa toparyň şu möwsümde görkezen iň pes netijesidir.

 

«Ahal» 4 — 0 «Daşoguz»

Gollar:

Begli Meredow 37’, 53’, 79’ (3-0)

Altymyrat Annadurdyýew 90+2’ (4-0)

Altymyrat 3-nji 15-likçi: Altymyrat Annadurdyýew şu möwsümde 15 we ondan kän geçiren 3-nji futbolçy boldy.

Begli bolsa 5-nji 3-lükçi: Begli Meredow şu möwsümde bir oýunda 3 gol geçiren futbolçylaryň sanawyna 5-nji bolup goşuldy.

18 oýunda: Şu duşuşykdan soňra «Daşoguz» futbol toparynyň derwezesinden diňe şu möwsümde geçirilen pökgüleriň sany 60-a çykdy.

Ýeňiş tapgyry dowam edýär: «Ahal» bassyr 4-nji ýeňşini gazandy.

 

«Altyn asyr» 4 — 0 «Energetik»

Gollar:

Selim Nurmyradow 22’, 67’

Ahmet Ataýew 42’ 90+3.

18 oýunda 10 gezek: «Energetik» Ýokary ligadaky taryhynda 10-njy gezek ýeňildi.

60 bolmasa-da: Şu duşuşykdan soňra «Energetigiň» Ýokary ligada derwezesine geçirden goly 40-a çykdy.

Selim öz oýnuna dolanýar: Selim Nurmyradow şu möwsümde ilkinji gezek bir oýunda 2 gol geçirdi.

Möwsümde iň gowy netije: «Altyn asyr» bassyr 7-nji ýeňşini gazandy.

Kapitan hemmelere görelde: Ahmet Ataýew bassyr iki duşuşykda 2 gol geçirip gelýär. Tejribeli ýarym goragçynyň şu möwsümdäki jemi amala aşyran dubllarynyň sany bolsa 3-e çykdy. Has gyzykly tarapy bolsa, ol şol dubllaryň 3-sinem soňky 4 tapgyrda amala aşyrdy.

--------------------------------------------------------------------

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynyň ähli täzeliklerini Line-de yzarlaň.    

Добавить

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации