Последние новости

Архив новостей

Woleýbolçy bolup bilmedik futbolçy ýa-da ýaş futbol ýyldyzy Serdar Azmun bilen soňlanmadyk söhbetdeşlikden parçalar

0
8480

2015-nji ýylyň 15-nji iýuny. Dünýä çempionaty —2018-iň saýlama oýunlarynyň çäginde Türkmenistanyň ýygyndysynyň yklymyň reýtinginde öňdäki orny eýeleýän Eýran Yslam Respublikasynyň topary bilen geçiren duşuşygynyň öň ýanyndaky gün. Daşogzuň häzirki zamanyň ösen talaplaryny ödeýän adybir myhmanhanasy. Dogrusy, şol gün bize — belli futbol teswirleýjimiz Amanmuhammet Çaryýew bilen kärdeşimiz Aleksandr Werşinin üçümize ýaş futbol ýyldyzy, Russiýanyň premýer ligasynda Kazanyň «Rubinindäki» we «Rostowdaky» çykyşlary bilen tanalýan türkmen kökleri bolan eýranly hüjümçi Serdar Azmun bilen duşuşyp, gürrüňdeş bolmak üçin bary-ýogy 15-20 minut pursat döredi.

Soňlanmadyk söhbetdeşlige geçmezden ozal, Serdar Azmundan sorap ýetişmedik sowallarymyzyň käbiriniň jogabyny internet maglumatlary bilen doldurmagy makul bildik.

Serdar Azmun «Rubinde» ilkinji resmi duşuşygyny 2013-nji ýylyň 25-nji iýunynda Ýewropa ligasynda Serbiýanyň «Ýagodina» toparyna garşy geçirdi. 29-njy awgustda şol ýaryşda Norwegiýanyň «Moldýesine» garşy oýunda 84-nji minutda meýdana girip, gol bilen tapawutlanmagy başardy. Russiýanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygynda  73-nji minutda oýna girip, bir pökgini «Anžiniň» derwezesine girizdi, şeýle hem 11 metrlik urgyny gazandy.

2015-nji ýylyň fewralynda kärendesine «Rostowa» bardy.

Ýaş hüjümçi 2009-njy ýylda Günbatar  Aziýa ýurtlarynyň arasynda Federasiýanyň kubogyny eýeledi (17 ýaşa çenli). Eýranyň ýaşlar ýygyndysynda (20 ýaşa çenli) hem çykyş etdi. Bu toparyň düzüminde 6 oýunda 7 pökgi geçirip, 2012-nji ýylda Arkalaşygyň Kubogynda iň netijeli hüjümçi boldy.

Ýurduň milli ýygyndysynda 2013-nji ýylyň oktýabryndan bäri çykyş edýär. 2014-nji ýylyň 26-njy maýynda Çernogoriýanyň toparyna garşy oýunda ilkinji gezek ýygyndy toparyň köýnekçesini geýdi. Ilkinji pökgüsini bolsa şol ýylyň 18-nji noýabrynda ýoldaşlyk duşuşygynda Günorta Koreýanyň derwezesinden geçirdi. Şu ýylyň ýanwarynda Awstraliýada bolan Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda Serdar Kataryň we Yragyň ýygyndylarynyň hersiniň garşysyna bir gezek tapawutlandy.

Ýeri gelende bellesek, ol Daşoguzdaky duşuşykda hem Türkmenistanyň ýygyndysynyň derwezesine bir pökgi geçirip, milli ýygyndydaky gollarynyň sanyny artdyrdy.    

— Serdar, ilki önüp-ösen ýeriň, çagalygyň barada gürrüň beräýseň. Näçe ýaşyňdan bäri futbol oýnaýaň?

— 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Kümmethowuzda woleýbolçylar maşgalasynda doguldym. Kakam Halyl Azmun we aýal doganym öz döwürlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň woleýbol ýygyndylarynda çykyş edipdiler. Ejem bolsa bu ugurdan tälimçi hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, men ilkibaşdan futbola imrindim. 9 ýaşymdan bu jadyly oýun bilen meşgullanyp başladym.

— Näme üçin woleýbolçylar maşgalasynda önüp-ösüp, ala-böle pökginiň el bilen däl-de, aýak bilen oýnalýan görnüşini saýladyň?

— Muny düşündirmek maňa aňsat düşmez. Dogry, 12 ýaşymda ýurdumyzyň çagalar ýygyndysyna çagyryp, soňam yzyma ugradanlarynda, woleýbola geçdim. Hatda ýygyndy toparda oýnamaga-da ýetişdim. Ýöne nämüçindir futbol özüne çekdi durdy. Ýürege buýrup bolýarmy näme, yza dolanmaly boldum.

— Ilkinji futbol tälimçiň, oýnan toparlaryň barada-da gürrüň beräýseň.

— Maňa bu ýolda ilkinji emelleri öwreden hünärmene Mahmyt Seýidi diýýärler. Ilkinji oýnan toparym bolsa — «Kümmet» topary. 15 ýaşymdan başlap Yspyhanyň «Sepahan» futbol klubunda çykyş edip başladym. Şol döwürde men ilki EYR-iň ýetginjekler ýygyndysynyň düzümine çagyryldym. Soňra bolsa 2012-nji ýylda, 17 ýaşymda Russiýanyň premýer ligasynyň «Rubininiň» wekilleri maňa çykdylar.

— Munuň belli türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň ady bilen baglanyşyklydygyna şübhelenemzok. Aslynda seniň özüň onuň bilen gönüden-göni iş salşan, onuň ýolbaşçylygynda oýnan futbolçy hökmünde bu tälimçi barada nämeler aýdyp biljek?

— Aýdara-diýere zat köp. Ilkinji bellejek zadym, men häzirki derejä ýetmegimde Bekiýewiçiň uly goşandy bar. Meni görüp, Russiýanyň toparyna çagyranam, elinden gelen goldaw-kömegini berenem bu diýseň güýçli hem uly tälimçi boldy. Ýene bir bellejek zadym, ol dünýäde tanalýan hünärmen bolsa-da, özüni diýseň pälipes, kiçigöwünli adam ýaly alyp barýar.

— Sen Gurban Bekiýewiç bilen türkmençe gürleşýärdiňmi?

— Meniň terjimeçimem bar. Ýöne oýun gidip durka, ol köplenç maňa öz belliklerini türkmen dilinde ýetirýärdi. Biziň dilimize garşydaş toparyň oýunçylary düşünmänsoň, munuň nepi degmänem duranokdy.

— Serdar, Türkmenistana ilkinji gezek gelşiňmi?

— Ýok, men 8 ýaşymdakam enem-atam bilen Aşgabada garyndaşlarymyza myhmançylyga gelipdim. Şonda ilkinji gezek türkmen paýtagtyny synlamak miýesser edipdi.

— Her bir oýunçynyň öz halaýan, nusga almaga çalyşýan ýyldyzy bolýar. Serdar Azmunyň nusgalyk futbolçysy kim?

— Elbetde, maňa belli şwed ýyldyzy Zlatan Ibragimowiçiň oýny ýaraýar. Ol — meniň nusga almaga çalyşýan hüjümçim.  

— Türkmenistanyň ýygyndysyna garşy duşuşyga nähili duýgular bilen çykarsyň?

— Eýran—meniň Watanym. Men bu ýurtda doguldym, önüp-ösdüm. Şonuň üçinem öz toparymyň üstünlik gazanmagy üçin islendik oýunda elimde baryny ederin.

— Seniň bilen Ýewropanyň belli toparlarynyň hem käbiriniň gyzyklanýandygy baradaky habarlar peýda bolýar. Bu barada nämeler aýdyp biljek.

— Dogrusy, belli bir zat aýdyp biljek däl. Häzirlikde «Rostowdaky» kärende möhletim tamamlandy. Indi Kazana dolanyp barmaly. Çünki «Rubin» bilen iki ýyllyk şertnamam bar...

Biziň ondan henizem sorajak we soramaly zatlarymyz az däldi. Ýöne myhman toparyň talapkär tälimçileriniň biri muňa päsgel berdi. Ol türgenleşigiň başlanýandygyny aýdyp, Serdary biziň indiki sowallarymyza jogap bermek hysyrdysyndan dyndardy.

Sözsoňy hökmünde onuň belli türkmen tälimçisinde gören pälipeslik, kiçigöwünlilik ýaly häsiýetleriniň 20 ýaşly futbol ýyldyzynyň hut özüne-de mahsusdygyny belläp, oňa üstünlik arzuw edýäris.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации