Последние новости

Архив новостей

Санаторий «Берзенги»

0
30448
Адрес:
Берзенги пос.
Телефон:
(99312) 48-89-31
Последнее обновление:

Ýerleşýän ýeri: Aşgabat şäheriniň günortasynda, şäher merkezinden 7,5 kilometr uzaklykda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär.
Açylan ýyly: 1967-nji ýylda geologlaryň gözleg-barlag işleri netijesinde açyldy. Şypahananyň täze binasy 2012-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. 
Şypahananyň esasy bejeriş faktory: 1600 metr çuňlukdan öz basyşy bilen çykýan dikguýynyň mineral suwudyr. Bu suw «Ýörite goşundysyz we häsiýetsiz» suwlar toparyna degişli bolup, sulfatly, kalsili-magnili, az minerallaşmasy (3,2-3,4mg/dm3), subtermal (360) gyzgynlykly, pes aşgarly (pH 7,2-7,6), kükürtwodorodly (3,2-3,5 mg/dm3), mikrogoşundylary, ýod (0,2 mg/dm3), brom (1,1 mg/dm3), sink (10-15 mg/dm3), margens (0,005 mg/dm3), organiki maddalary – kremniý turşusyny we beýlekileri düzüminde saklaýan giň spektrli bejeriş häsiýetli mineral suwudyr. Gidro-geohimiki standart boýunça bu mineral suw bejeriş-naharhana suwy hasaplanylýar. Mineral suwlaryň täsiri, ondaky himiki elementleriň we birleşmeleriň (duzlaryň we ionlaryň) düzümi bilen kesgitlenilýär. Çylşyrymly düzümli suwlar bedene köptaraplaýyn täsir edýär. Olaryň täsiriniň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi ulanyş usulyna bagly bolup durýar.
«Berzeňňi» mineral suwuny içim görnüşinde ulanmaga görkezmeler: Iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde, ýagny dowamly gastritler, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň baş kesellerinde, dowamly kolitlerde, bagryň we öt çykaryş ýollarynyň dowamly kesellerinde, aşgazanyň operasiýasyndan soňky döwründe, dowamly piýelonefritiň gaýtgyn döwründe, böwrekleriň we peşew çykaryş ýollarynyň kesellerinde, süýjüli diabet – insulina garaşsyz görnüşiniň ýeňil we orta agyrlyk derejesinde, semizlikde ulanylýar. 
«Berzeňňi» mineral suwuny daşyndan wanna görnüşinde ulanmaga görkezmeler: Gipertoniýa keseliniň I-II derejesinde, dowamly ýüregiň işemiýa keseli, dartgynly stenokardiýa selçeň tutgaýly, I-II funksional klasdan ýokary bolmadyklar. Miokardyň infarktyndan soňky kardioskleroz, damar urgusy we geçirijilik bozulmasyz, ganaýlanyş ýetmezçiligi I-II funksional klasdan ýokary bolmadyklar üçin, neýrosirkulýator distoniýa gipertoniki ýa-da gipotoniki görnüşinde, çetki we merkezi nerw ulgamynyň hem-de daýanç-hereket synalarynyň kesellerinde, ýagny oňurganyň osteohondrozy ikilenji newrologiki bozulmasy bilen, dowamly spondiloartroz (inçekeselden däl), şikesden soňky spondilopatiýada, süýjüli diabetde, polinewritlerden, mono-poli-gemiparezlerden soňky ýagdaýy, ýokanç däl gelip çykyşly bogunlaryň gyşardyjy gaýnaglama keselinde ulanmak maslahat berilýär. Şeýle-de deri kesellerinde, ýagny allergiýa, dermatitler we iteşen örgünler, psoriaz, neýrodermitde, dowamly böwrek ýetmezçiligiň we azotemiýanyň aýratyn tapawutlanmaýan halatynda, dowamly piýelonefritiň gaýtgyn döwründe, sistit (inçekeselden bolmaly däl), böwrekleriň we peşew çykaryş ýollarynyň kesellerinde, ýanykdan soňky ýagdaýlarda peýdalydyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-89-31.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме