Последние новости

Архив новостей

«Türkmenhowaýollary» Agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

0
14849
Адрес:
Aşgabat ş., aeroport.
Телефон:
23-34-21.
Последнее обновление:

«Türkmenhowaýollary» Agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek.

2. Awiasiýada gatnawy guraýyş.

3. Ýangyna garşy goragyň guralyşy we tehnikasy.

4. Howa menzilleriniň radiotehniki enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy.

5. Howa menzilleriniň elektrotehniki yşyklandyryş ulgamynyň tehniki taýdan ulanylyşy.

6. Ulaglardaky serwis (ulaglaryň görnüşleri boýunça).

Mekdebe saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) we gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl, tölegli.

Kabul edilýänleriň ýaşy 2023-nji ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ry­na çenli hasaba alynýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýy­lyň 17-nji iýu­ly — 21-nji aw­gus­ty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusga boýunça mekdebiň başlygynyň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— şahsy pasporty (göçürme nusgasy);

— harby şahadatnamasy (göçürme nusgasy);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşanlar, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek ) 2023-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 24-25-i, 27-si we 28-i günlerinde Aşgabat şäherinde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýar.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., aeroport, tel.: 23-34-21.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме