Top.Mail.Ru

Последние новости

Архив новостей

"Йылы сув" санаторий

0
76094
Адрес:
Ахалский велаят
Телефон:
+(99131) 23-8-51; 23-7-98; 32-4-73
Последнее обновление:

Ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Bäherden etrap merkezinden 9 kilometr günortada Köpetdagyň eteginde ýerleşýär. 

Açylan ýyly: Mineral suwlarynyň bejerijilik aýratynlyklary 1974-nji ýyldan bäri mälimdir. 2009-njy ýylda 80 orunlyk, 2011-nji ýylda 200 orunlyk täze binalary işe girizildi. 

Şypahananyň esasy bejeriş faktory: Merkeziň çäginde 6 sany dik guýy bolup, olaryň 4-siniň (№18, №19, №20, №21) kükürt-wodorodly, mineral we termal suwlar bolup, suwa düşmek üçin ulanylýar, 2 guýuda (№16, №17) aýratyn goşundysyz we häsiýetsiz suwlar toparyna degişli bolup, sulfatly, natrili, kalsili içimlik suwlardyr. Şypahananyň tebigy şertleri çeşmeleriň we dag howasynyň bejerijilik aýratynlygy bilen sazlaşykly utgaşýar. 

Bölümleri: Şypahanada anyklaýyş, bejeriş, suw bilen bejeriş bölümleri hereket edýär. Anyklaýyş bölümi kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, endoskop, ultrases barlag, elektrokardiograf, rentgen enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap otaglar hereket edýär. Suw bilen bejeriş bölüminde kükürt-wodorodly, sulfatly, natrili, kalsili suwlar, dermanlyk ösümlikler ulanylan rahatlandyryjy wannalar bar, erkekler we zenanlar üçin aýratyn howuzlar, kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan fiziobejergi otaglary halkyň hyzmatynda. 

Häsiýetli aýratynlygy, ýöriteleşen bejergileri: Şypahanada nerw ulgamynyň, daýanç-hereket synalarynyň, hususan-da süňk-bogun ulgamynyň, peşew çykaryş ulgamynyň, ýokanç däl deri keselleri, aşgazan-içege we öt çykaryş ýollarynyň, süýjüli diabetiň ýeňil görnüşi, galkan şekilli mäziň keseliniň ýeňil görnüşi (gipotireoz), ginekologiki sowuklama keselleri, önelgesizlik, neýro-sirkulýator distoniýadan ejir çekýän näsaglara öz bejergilerini hödürleýärler. Ýylyň ähli paslynda şypahana halkyň hyzmatynda. 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800-131-23-8-51; 800-131-23-7-98.


Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме