Последние новости

Архив новостей

Институт телекоммуникаций и информатики Туркменистана объявляет прием в начальную профессиональную школу инфокоммуникаций

0
1942
Адрес:
Aşgabat şäheri, Oguz han köçesiniň 13-nji jaýy
Телефон:
49-95-92, 49-95-91, faks: 49-95-96

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa başlangyç hünär okuw mekdebi 2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär.

1. Buhgalterçilik işi — 1,5 ýyl

2. Awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşygynyň elektromehanigi — 1,5 ýyl

3. Kompýuter torlaryny sazlaýjy — 1,5 ýyl

4. Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa — 1,5 ýyl

5. Demir ýolda aragatnaşyk tok enjamlaryny gurnamak boýunça montažçy — elektromehanik — 1,5 ýyl

6. Hereketi sazlaşdyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryna tehniki hyzmat — 1,5 ýyl

7. Elektrik üpjünçiligi — 1,5 ýyl

8. Signalizasiýa, merkezleşdirme we blokirleme enjamlarynyň elektromontýory — 10 aý

9. Radio we telefon aragatnaşyk enjamlarynyň montažçysy — 10 aý

10. Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa — 10 aý

11. Tehnologiýa enjamlaryny sazlaýjy (elektron tehnikasy) — 10 aý

Başlangyç hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 10 aý ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary okuw mekdebinde 2020-nji ýylyň 24-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy;

— bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm möçberdäki alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2020-nji ýylyň 25-26-njy awgustynda başlangyç hünär okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika we matematika derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Bellik: Okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

Mekdebiň salgysy: Aşgabat şäheri, Oguz han köçesiniň 13-nji jaýy, telefon belgileri: 49-95-92, 49-95-91, faks: 49-95-96.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме