Последние новости

Архив новостей

Täze kärhanalarynyň ulanmaga tabşyrylmagy bazarlara getirilýän gymmatly berhiz önümleriniň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer

04:5003.11.2014
0
11577
Aşgabat, 3 noýabr, «Turkmenportal» Magtym Ahmedow.

Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda önümçilik desgalarynyň ikisi – mal semrediş ferma hem-de balyk ösdürip ýetişdirýän kärhana ulanmaga tabşyryldy.

Umumy bahasy 30 million manatdan gowrak bolan täze desgalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça ýerli hususy kompaniýalaryň hünärmenleri tarapyndan bina edildi. Munuň özi ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça strategik wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýene-de bir mynasyp nusgasyna öwrüldi. Täze desgalar 150 goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi.

618 gektar meýdany tutýan mal semrediş fermasynyň önümçilik bölümleri dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň öndürijileriniň enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Bu ýerde bir ýylda 500 tonna et öndüriler. Ýurdumyzda işleýän şunuň ýaly maldarçylyk hojalyklary bilen bir hatarda, täze kärhananyň gurulmagy bazarlara getirilýän gymmatly berhiz önümleriniň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Altyn asyr etrabynda açylan beýleki bir desga – balyk ösdürip ýetişdirýän kärhananyň hem şunuň ýaly ähmiýeti bardyr. Onuň binýadynda emeli howdanlarda esasan balyklaryň – dürli reňkli we ak tüňňimaňlaý, zagara balygy, ak amur görnüşleri ösdürilip ýetişdiriler. Bu ýerde ýylda 30 tonna balyk öndüriler. Bu kärhananyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanda haryt bolçulygynyň döredilmegine, ilatyň gymmatly balyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga ýardam berer.

Şeýle hem paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynda Aşgabat-Gökdepe awtomobil ýolunyň 3-nji kilometrinde ýerleşýän “Balyk tagamlary” täze restorany açyly.

Desga owadan içki bezegi bolan iki binadan –800 adamy kabul etmek üçin niýetlenilen zaldan we 700 orunlyk restorandan ybaratdyr. Döwrebap binalarda myhmanlaryň göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Bu ýere gelýänleriň her biri esasan balyk önümlerinden taýýarlanýan tagamly naharlara baha berip bilerler.

Bu ýerde janly balyklar, ýagny ak amur, sazan, karp we beýleki balyklar saklanylýan 6 bölümden ybarat uly howuz desganyň töweregindäki abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga bürelen ýerlerde ýerleşýär. Şeýle hem dynç almak üçin oturgyçlar, ýaş agaç nahallary, gül ekilen ýerler, şeýle hem tennis korty we 400 orunlyk awtoduralga bar.

Bahasy 30 million manat bolan ýöriteleşdirilen döwrebap restoranyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň güýçleri hem-de serişdeleri bilen amala aşyryldy. Täze desganyň umumy meýdany 3 gektara barabardyr. Täze desga etrapda ýüz iş ornuny döretmäge mümkinçilik berdi.
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь