Последние новости

Архив новостей

Russiýa Federasiýasynyň “Nižnyy Nowgorod” teleýaýlymynyň wekili Kseniýa Dorinowa: Göreni özüne bendi edýän şäher

18:0119.09.2017
0
1557

Häzirki wagtda gözel Aşgabadyň köçeleri uly baýramçylyk meýdançasyny ýada salýar. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlar bir-birleri bilen mähirli salamlaşýarlar, dostlaşýarlar.

Olaryň bu şäherde geçiren her bir minuty olaryň durmuşyndan ýatdan çykmajak pursata öwrüler. Sebäbi bu ýerde adamlar birek-birege uly sarpa goýýarlar. Olaryň hersi planetamyzyň başga yklymyndan, başga sebitinden, başga ýurdundan,  başga künjeginden geldiler. Olaryň hersiniň gepleşýän dili başga. Emma muňa garamazdan, olary has gowy ysnyşýarlar. Sebäbi sport halklary dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar.

Ýurdumyzyň myhmanlary halkymyzyň  myhmansöýerligine haýran galýarlar. “Aşgabat 2017” oýunlaryna diňe bir türgenler däl, eýsem, žurnalistler bilen bir hatarda dürli kärdäki janköýerler hem geldi.

Daşary ýurtly myhmanlaryň köpüsi türkmen topragyna ilkinji gezek ädimini äden bolsa, käbirleri birnäçe gezek gelip görendiklerini, her geleninden şäheriň barha özgerýändigine şaýat bolandyklaryny belleýär.

Russiýa Federasiýasynyň “Nižnyy Nowgorod” teleýaýlymynyň wekilleri hem “Aşgabat 2017” oýunlary şeýle hem Türkmenistan barada täsirli gepleşikleri tomaşaçylaryna ýetirmek üçin gelipdirler. Teleýaýlymyň wekili Kseniýa Dorinowa paýtagtymyz baradaky sowalymyza “Göreni özüne bendi edýän şäher” diýip belleýär. Ol Türkmenistan barada köp zat eşidendigini, okandygyny emma bu ýurduň garaşyşyndan has gözeldigini belleýär. Dorinowa şäheriň binagärlik aýratynlygyna, arassalygyna, adamlaryň birek-birege mähirlidigine haýran galmak bilen şaýat bolandygyny aýdýar.

Tejribeli žurnalist işiniň ýeňil däldigine garamazdan, ynsanlaryň birek-birege uly höwes bilen ýardam bermekleriniň özüni ýadatmandygyny, mundan soňra mümkin bolan ilkinji  pursatda bu ýurda gelmegiň arzuwyndadygyny belleýär. Ol kärini söýýändigine, emma bu ýerde işläninde, öz işinden has hem lezzet alandygyny uly buýsanç bilen belleýär.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь