Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti Esat Rahmi Ýilmar: «Türkmenistan Aziada ertir başlansa-da taýýar»

0
2930

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli Mary şäherinde geçirilen «Aziada — 2017: dünýä metbugatynda» atly halkara media-forumyna dünýä döwletleriniň we halkara habar beriş guramalaryň ençemesinden wekiller gatnaşdy. Media-forumyň hormatly myhmanlarynyň arasynda Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti Esat Rahmi Ýilmar hem bar. Biz forumyň arakesmesinde hormatly myhman bilen söhbetdeş bolduk.

 — Jenap Ýilmar, sizi ýene bir gezek Türkmenistanda hoş gördük. Forumda eden çykyşyňyzda Türkmenistana ilkinji gezek mundan dört ýyl ozal gelendigiňizi aýdypdyňyz...

— Hawa, biz şol gezek Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyny alyp barýan «Polimeks» kompaniýasynyň çakylygy bilen gelipdik. Şol wagt gurluşyk güýçli depginde dowam edýän eken. Bu gezekki saparymyzda, dogrusy, gözüme ynanmadym. Bary-ýogy dört ýylyň içinde Aşgabatda ynsan eli bilen täsin gudrat döredilipdir Mary şäherine gelmezimizden bir öň biz toplumyň binalary, şol sanda ol ýerde žurnalistlere döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdyk.

— Diýmek, tejribesi baý sport žurnalisti hökmünde siziň Olimpiýa şäherjigi baradaky pikirleriňizi bilmek gyzykly.

— Men bu toplum barada tüýs ýürekden bir zat aýtmak isleýärin. Söýgüli kärime baş goşan ilkinji ýyllarymdan bäri 11 sany Olimpiada gatnaşdym. Olaryň 8-si Tomusky, galan 3-si bolsa Gyşky Olimpiýa oýunlarydy. Aşgabatdaky toplumda şolaryň hiç birinde bolmadyk bir aýratynlyk bar. Ol hem binalaryň arasynyň biri-birine juda ýakynlygy. Diňe ýaryş desgalary däl, türgenleriň ýaşajak ýerleri, žurnalistleriň iş ýeri hem şol bir toplumyň içinde. Munuň özi uly artykmaçlyk. Bilýäňizmi, käbir döwletlerde geçirilen iri ýaryşlarda o ýaryşdan bu ýaryşa ýada ýaşaýan ýerimizden ýaryş geçirilýän ýere barmak üçin azyndan bir sagat wagt gerek bolýardy. Şonuň üçin käte ylgap hereket etmeli bolan gezeklerimiz hem boldy. Emma Aşgabat Aziadasy her kime, şol sanda žurnalistlere hem iň ýokary mümkinçilikler bilen bir hatarda şol bir toplumyň içinde işlemek we ýaşamak artykmaçlygyny berýär.

— Žurnalistlere döredilen mümkinçilikler barada näme aýdyp bilersiňiz?

— Biz toplumdaky Halkara ýaýlyma beriş merkezi bilen tanyşdyk. Ol ýerdäki enjamlar dünýä döwletlerinde gören enjamlarymyzyň hiç birinden hem kem däl. Bize Oýunlaryň geçirilýän günlerinde žurnalistleriň ýokary tizlikli mugt internetden peýdalanyp biljekdigini aýtdylar. Halkara žurnalistikasynyň şu gününi internetsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şuny nazarda tutup, Türkmenistanyň bize berýän bu mümkinçiligini hakyky sowgat hökmünde häsiýetlendirip bileris. Biz käte Bütindünýä Olimpiýa oýunlarynda hem internet ýa-da aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleg geçirmeli bolduk. Emma Aşgabatda bu bökdençlik bolmaz. Bu bolsa žurnalistleriň has yhlasly işlemegine şert döreder.

— Türkmenistan Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň indi birnäçe ýyllyk agzasy. Geçen ýyllaryň içinde Türkmenistan bilen Aziada — 2017-ni Ýer ýüzünde wagyz etmek, mahabatlandyrmak boýunça geçren işleriňiz barada hem gürrüň beräýseňiz.

— Biziň assosiasiýamyzyň 10 müňden gowrak agzasy bar. Olar dünýä döwletleriniň 150-den gowragyna wekilçilik edýär. Aşgabat Aziadasy baradaky her bir täzeligi biz agzalarymyza aýba-aý ýetirip durýarys. Olar hem öz ýaşaýan döwletleriniň metbugat sahypalarynda bu yklym ýaryşy baradaky habarlary, makalalary, tele we radio gepleşikleri berip durýarlar. Hut şu medi-forum hem biziň hyzmatdaşlygymyzyň bir miwesi. Foruma gatnaşýan daşary ýurtly žurnalistleriň aglabasy assosiasiýamyzyň agzalary. Biz olar öz döwletlerine gaýdyp barandan soňra, Türkmenistanda şaýat bolan ajaýyplyklary barada ýazjakdyklaryna, gepleşikleri taýýarlajakdyklaryna tüýs ýürekden ynanýarys. Özüňiz şaýat, forumy hem-de Mary şäherindäki Sport toplumynda Aziada — 2017-niň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli geçirilen dabarany daşary ýurt teleýaýlymlarynyň ençemesi ýazga geçirdi. Diýmek, bu forum Türkmenistanyň we Aşgabat Aziadasynyň dünýä çykmagynyň ýene bir ädimi bolar.

— Aşgabat Aziadasynyň başlanmagyna bir pasyldan sähel gowrak wagt galdy. Sport baýramçylygyna çenli öňde galan döwür barada pikirleriňiz.

— Eger Aziýa oýunlary 17-nji sentýabrda däl, eýsem, ertir başlaýan hem bolsa Türkmenistanyň şol ýaryşlara taýýardygyny tüýs ýürekden aýdyp bilerin. Beýle görkeziji dünýä tejribesinde seýrek gabat gelýär. Biz käbir iri ýaryşlarda desgalaryň iň soňky günde kynlyk bilen ýetişdirilýändigine şaýat bolduk. Olimpiýa şäherjigi we Türkmenistan bolsa eýýäm taýýar. Munuň sebäbi hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda tutuş türkmen halkynyň bu yklym ýaryşyny geçirmäge uly ähmiýet berýänliginde. Bize aýdyşlaryna görä, Oýunlara 8 müňden gowrak meýletinçi gatnaşar. Diňe şu maglumatyň özi hem türkmen halkynyň Aziadany ýokary derejede geçirmäge bagyşlaýan yhlasyna şaýatlyk edýär. Dört ýylyň içinde özgeren zat diňe Olimpiýa şäherjigi däl, tutuş Aşgabat özgeripdir. Bu alada, bu yhlas Aşgabadyň geljekde hem iri ýaryşlaryň, Aziadalaryň, Olimpiadalaryň geçirilýän şäherine öwrüljekdigini buşlaýar. Özi-de Aziada — 2017 diňe geljekki has iri ýaryşlaryň däl, Türkmenistanda sportuň röwşen geljeginiň, ýaş nesilde sporta bolan uly höwesiň, sport arkaly dünýä çykmagyň buşlukçysyna öwrüler. Men geljekde has iri ýaryşlary metbugatda beýan etmek üçin Aşgabada geljekdigimize tüýs ýürekden ynanýaryn.

— Jenap Ýilmar, wagt tapyp, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Aşgabat Aziadasyny dünýä ýaýmakda assosiasiýanyň işine mundan beýläk hem rowaçlyk arzuw edýäris.

— Sag boluň! Biz bu media-forumy ýokary derejede geçirmäge, umuman, Türkmenistan bilen bagly alyp barýan ähli işlerimizde döreden mümkinçiligi üçin ýurduň hormatly Prezidentine çäksiz hoşallyk bildirýäris! 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar