Soňky habarlar

Arhiw

Bankomat kart hasabyňyzdan pul alan ýagdaýynda. Näme etmeli? Okaň!

0
16429

 

Howsala düşmäň!

Eger-de, Siz bankomatdan pul almakçy bolanyňyzda, tehniki näsazlyk sebäpli bankomat kartdan puly alyp, ony size çykaryp berip bilmedik ýagdaýynda howsala düşmäň. Sebäbi bank şol pullaryň öwezini hökman dolýar. Munuň üçin biraz wagt gerek.

Bankomatda tehniki näsazlyklar ýüze çykanda, birnäçe minutdan soň bankomadyň çykaryp bermedik pullary adatça awtomatiki usulda yzyna, ýagny kart hasabyňyza gaýtarylýar.

Eger-de, siz ýokarda agzalan ýagdaýa duş gelen bolsaňyz, onda 5-10 minut garaşyň we kartyňyzyň hasabyny täzeden barlap görüň. Pul yzyna gaýtarylmadyk bolsa, onda bankomat haýsy banka degişli bolsa şol banka arza ýazyp bilersiňiz.

 

Nädip?

Türkmenistanda ähli bankomatlaryň ekranynda ýa-da klawiýaturasynyň ýanynda şol bankomadyň nomeri, haýsy banka degişlidigi hakyndaky maglumat we tehniki bölüm bilen habarlaşmak üçin telefon belgiler hökman bardyr.

Indi bolsa, bankomadyň degişli bankyna baryp, bolan ýagdaý hakynda arza ýazyň. Gysga wagtyň içinde bank siziň meseläňize sereder. Eger-de, waka dogry bolsa, bank pullaryňyzyň yzyna gaýtarylmagyna ýardam berer.

 

Muny bilmegiňiz zerur!

Köp adamlar şu ýalňyşlyklary goýberýär: bankomadyň ýerine ýetirýän amallarynyň yzygiderligi bar:

Bankomatda islendik amal ýerine ýetirileninden soňra, bankomadyň karty, puly we çegi çykaryşynyň öz tertibi bardyr.

Yzygiderligi şeýle:

  • ilki bilen kartyňyzy çykarar;
  • soňra puluňyzy;
  • we iň soňunda, çegi çap etmek ýumuşyny saýlan bolsaňyz, şol amal boýunça çegi çykaryp berer.

Eger siz bankomat yzygiderligini saklap size kartyňyzy ýa-da puluňyzy çykaryp berip durka siz haýal etmän puly almasaňyz, bankomat olary yzyna alýar. Bu bankomatdaky howpsuzlygyň bir görnüşi bolup durýar. Şol sebäpden, ünsüňizi başga ýere sowman, bankomat kartyňyzy we puluňyzy çykaran mahaly, olary şol wagtyň özünde almaly.

 

Şeýle hem...

Kartyňyzdan puly şu ýagdaýlarda çykaryp bilmersiňiz:

  • bankomatda nagt pul bolmasa;
  • kartyňyzyň hasaby ýeterlikli däl bolsa;
  • nagt pul çykarmanyň günlük limitini ulanan bolsaňyz;
  • kartyň ýa-da bankomadyň näsazlygy;
  • çek kagyzynyň gutaranlygy (eger-de çek gerek diýip basan bolsaňyz);
  • tehniki näsazlyk.

Bank kartyňyzda bolup geçýän ähli amallardan habarly bolmak üçin SMS- habar hyzmatyny birikdirmegiňizi maslahat berýäris. SMS-habar hyzmatynyň birikdirilişi hakynda öňki makalalarymyzda çap edipdik.

Mundan başga-da, edil şolar ýaly internet bank we mobil bank hyzmatlary barada hem ýazan makalalarymyzy okamagyňyzy maslahat berýäris. Sebäbi internet bank, mobil bank arkaly hem kartyňyzdaky bolup geçýän ähli amallary hakyky wagt (online) tertibinde görmek bolýar.

Indiki makalamyzda internet bankyň birikdirilişi we ulanylyşy barada giňişleýin ýazarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar