Soňky habarlar

Arhiw

VISA we “Master Card” töleg kartlaryny howpsuz ulanmak boýunça maslahatlar

0
13004

Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara VISA we “Master Card” töleg kartlaryny ulanýanlaryň sany gün-günden artýar. Bu halkara töleg kartlaryny dünýäniň ähli döwletlerinde diýen ýaly ulanyp bolýar. Halkara töleg kartlaryny dükanlarda söwda edilende, internetde edilen söwdada, syýahata gidilende otel we awiapetek tölegleri we ş.m. ýaly köp ýerlerde ulanyp bolýar. Olary dogry we howpsuz ulanmak üçin aşakdaky birnäçe maslahatlardan peýdalanmak bolar:

  • Täze plastik karty alan badyňyza kartyň arka tarapynda gol çekilýän ýere goluňyzy çekiň;
  • Kartyň belgisini we bankyň müşderilere hyzmat ediş gullugynyň telefon belgisini özüňize göçürip alyň – bu maglumat kartyňyz ýiten, ogurlanan ýa-da bankomatda galan mahaly size zerur bolar;
  • Kartyňyzda bolup geçýän ähli amallardan habarly bolmak üçin mümkin bolan ähli habar beriji hyzmatlary (SMS habar, Email habar we ş.m.) birikdiriň;
  • PIN-kody ýazman ýatda saklajak boluň. Eger PIN-kody ýazan ýagdaýyňyzda, ýazgyňyz howpsuz ýerde saklanylýandygyna göz ýetiriň. PIN-kody kartyň ýüzüne ýazmaly däl;
  • Hiç haçan hiç kime öz PIN-koduňyzy aýtmaň, şol sanda bankyň wekillerine, söwda nokatlardaky kassirlere we ş.m. PIN-kody diňe kartyň eýesiniň özi bilmeli;
  • Kartyňyz ýiten, ogurlanan ýa-da bankomatda galan bolsa, dessine öz bankyňyza habar berip, karty wagtlaýyn blokirletmeli;
  • Kartyňyzyň üsti bilen islendik amal geçirilýän wagty (töleg etmek, bankomatdan pul almak) mümkin boldugyndan kartyňyzdan gözüňizi aýyrmaň;
  • Kartyňyz arkaly töleg edilenden soň, size öz kartyňyzy gaýtaryp berendiklerine göz ýetiriň;
  • Kart arkaly satyn alynan islendik zadyň çegine gol çekmezden öň, hemişe çekdäki jemi bahanyň satyn alynan zadyň jemi bahasy bilen deňligini barlaň. Kart arkaly söwda eden we bankomatdan alan pullaryňyzyň ähli çekleriniň nusgalaryny alyp goýmagy endik ediň;
  • Hasabyňyz boýunça göçürmäňizi barlap duruň, esasan hem syýahatdan gelen mahalyňyz. Satyn alan zatlaryňyz üçin kart arkaly eden tölegleriňizi özüňizde bar bolan çekler bilen deňeşdiriň. Nätanyş amallar ýa-da siz tarapyndan edilmedik amallaryň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak üçin hasabyňyz boýunça göçürmäňizi barlaň;
  • Syýahata gideniňizde bankomatdan pul almak zerurlygy ýüze çyksa, bankomatyň ynamdarmy ýa-da däldigine göz ýetiriň, onuň ýüzünde degişli bankynyň adynyň ýazylýandygyna, köpçülik tarapyndan ulanylyp ýörendigine göz ýetiriň. Eger bankomaty şübheli görseňiz, onda şol bankomatdan pul almaň;
  • Internetde söwda etmek (haryt ýa-da hyzmat üçin töleg) isleseňiz, diňe ynamdar, meşhur saýtlaryndan ediň. Meselem: “Ebay”, “Aliexpress” we ş.m. Şu ýerde, esasan hem internet saýtynyň adynyň dogry ýazylyşyna üns beriň! Internet kezzapçylaryň köpüsi meşhur internet dükanlaryň atlarynyň birje harpyny üýtgedip, saýtyň içini edil şoňa meňzeş edip, adamlardan aldaw ýoly bilen pullaryny alýarlar;
  • Internet saýtynda söwda edeniňizde tölegi özüňize degişli kompýuter ýa-da telefondan ediň. Nätänyş kompýuterden töleg etmäň, sebäbi siziň girizen şahsy maglumatlaryňyz keseki kompýuteriň ýadynda saklanyp biliner;
  • Internet saýtynda söwda üçin töleg edeniňizden soň, kompýuteriň (telefonyň) brauzerindäki “cookie”-leri arassalaň. “Cookie” – ähli brauzerlerde bar bolup, saýtdaky girizilen maglumatlary ýadynda saklaýar;
  • Kartyňyzy diňe özüňiz ulanyň, keseki adamlara, hat-da ýakyn garyndaşlaryňyza hem kartyňyzy bermäň. Sebäbi kart arkaly edilen ähli amallar boýunça özüňiz jogapkärçilik çekersiňiz.

Eger-de sizde sorag ýa-da mesele çyksa onda siz öz hyzmat alýan bankyňyza ýüz tutyp bileriňiz. 

Internetde gorag we howpsuzlyk barada mydama täzelikleri yzarlaň, başga soraglaryňyz bar bolsa bize hat ýazyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar