Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda VISA kart hasabynyň galyndysyny nädip barlamaly?

0
113955

VISA we “MasterCard” töleg kartlarynyň galyndysyny diňe belli bir bankomatlarda barlap bolýar diýip pikir edýärdiňizmi? Onda okaň!

VISA we “MasterCard” töleg kartlarynyň galyndysyny ýurdumyzyň islendik bankomatlaryndan ýa-da belli bir telefon belgisine SMS ibermek arkaly hem barlap bolýar.

Galyndyny SMS ibermek arkaly barlamak üçin, kartyňyza SMS-habar hyzmaty birikdirilen bolmaly. Ol kart almak boýunça dolduran anketaňyzda görkezilýär. Eger siz SMS-habar hyzmatyny birikdirmegi kart alan wagtyňyzda anketaňyzda görkezmedik bolsaňyz, onda siz banka SMS-habar hyzmatyny birikdirmek üçin goşmaça ýüz tutmaly bolarsyňyz.

Bankomatlarda VISA we “MasterCard” töleg kartlarynyň galyndysyny barlamak boýunça gözükdiriji:

  1. Karty bankomata salyň;
  2. Dili saýlaň;
  3. Kartyňyzyň PIN-koduny giriziň;
  4. “Kartyň galyndysy” diýen ýazga basyň.

*Bankomat kartdaky ähli galyndyny görkezer, şol sanda depozit galyndysyny.

VISA kartyň galyndysyny SMS ibermek arkaly barlamak boýunça gözükdiriji:

  1. +0717 belgisine salgylanyp täze SMS dörediň;
  2. Tekstiň içine şuny ýazyň: BALXXXX (XXXX – bu kartyňyzyň soňky dört belgisi). Meselem, eger kartyňyzyň belgisi 4402 5100 0000 2123 bolsa, onda SMS-däki tekst BAL2123 bolar;
  3. Az salymdan kartyňyzyň galyndysyny görkezýän SMS geler.

 

Eger siz ýokarda görkezilen telefon belgisine SMS-habar hyzmatyny birikdirseňiz, kartyňyz boýunça tranzaksiýalar (hereketler) boýunça hem SMS habary alyp durarsyňyz.

Kartyňyz boýunça habarlary elektron poçtaňyza hem birikdirip bolýar. Munuň üçin siz arza ýazmaly bolarsyňyz. Üns beriň, kart almak boýunça dolduran anketaňyzda hem SMS-habar, hem elektron poçta-habar hyzmatlaryny birikdirip bolýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar