Arhiw

Aziada nähili taýýarlyk görülýär?

0
4708

Islendik iri sport ýaryşy ýakynlaşdygyça oňa görülýän taýýarlyk işleriniň gerimi hem giňeýär. Başgaça aýtsak, öňde goýlan meseleler has anyklaşdyrylýar we takyk çözgütler gözlenilýär. Eýsem, 2016-njy ýylyň ilkinji aýynda, nesip bolsa, indiki ýyl ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk dogrusynda ýene bir ýola gürrüň açmak artykmaçlyk etmese gerek. Hut şu maksat bilen hem biz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň dürli bölümler boýunça hünärmenleri bilen söhbetdeş bolup, taýýarlyk işleriniň barşy barada ýakyndan gyzyklandyk.

SOWAL: Aşgabat — 2017 Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen myhmanlary kabul etmek we olara göwnejaý hyzmat etmek boýunça görülýän taýýarlyk, guramaçylyk meseleleri barada gürrüň beräýseňiz.

Berdimyrat SÄHEDOW,

V Aziýa oýunlaryna oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň sportuň görnüşleri boýunça oýunlaryň meýilnamasyny düzüji bölüminiň esasy hünärmeni:

— Mälim bolşy ýaly,  2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna sportuň 21 görnüşi girizilen. Sport çäreleriniň guramaçylygy Oýunlaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ilki bilen, oýunlaryň sport maksatnamasy belli bolanyndan soňra, sport görnüşleriniň her biri boýunça ugurlar, agram derejeleri we disiplinalary kesgitlenilýär we şoňa görä takmynan gatnaşjak türgenleriň, resmi wekilleriň, tehniki işgärleriň, metbugat işgärleriň, VIP myhmanlaryň we hyzmat etjek meýletinçileriň sany hasaplanýar. Şeýle-de sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ýerleriň we desgalaryň sanynyň deslapky kesgitleniş işleri geçirilýär.

Sport görnüşlerinıň oýunlaryny meýilleşdirmegiň esasy işleri halkara we Aziýa federasiýalary bilen bilelikde alnyp barylýar. Oýunlaryň sport maksatnamasyna laýyklykda, sportuň her bir görnüşi boýunça Aziýa ýa-da halkara federasiýalaryndan degişli tehniki wekil bellenilýär. Meselem, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasynda 21 sany sportuň görnüşi kesgitlenen, diýmek, sport görnüşleriniň her biri boýunça bir tehniki wekil, jemi 21 sany wekil bellenilýär. Şunlukda, Aşgabat — 2017 Aziýa oýunlarynda sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlaryň geçiriljekdiginden, şu Oýunlardan başlap, Okeaniýa döwletleriniň wekilleriniň hem ýaryşa gatnaşjakdygyndan (Aşgabatda geçiriljek Oýunlarda jemi 62 döwletiň wekilleri ýaryşar) ugur alsak, türgenleriň jemi sanynyň 5 ýarym müňe golaýlamagyna garaşylýar. Bulardan başga-da 3 müň töweregi resmi wekiller, bir ýarym müň töweregi tehniki wekiller Oýunlaryň geçirilýän günleri Aşgabatda bolar. Şu sanlarda hem görnüşi ýaly, Aşgabat — 2017-ä gatnaşjak döwletleriň diňe türgenleridir beýleki wekillerinden ybarat myhmanlarymyzyň sany 10 müň töweregi bolar. Bulardan başga-da toparlara janköýerlik etmek üçin we syýahatçylyk maksady bilen müňlerçe myhmanyň şol günlerde Aşgabatda bolmagyna garaşylýar. Olaryň myhmanhana üpjünçiligi häzirki günlerden çözülýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Olimpiýa şäherjiginde täze myhmanhanalaryň ikisi ulanylmaga berildi. Türgenler şäherçesiniň hem boýy ýetip barýar. Paýtagtymyzyň beýleki myhmanhanalary hem Ýer şarynyň çar künjeginden geljek myhmanlary garşylamak we olara göwnejaý hyzmat etmek üçin taýýar.

Ýaryşlaryň desgalar bilen üpjünçiligi hem ýokary derejede bolar. Aşgabat — 2017 Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna giren sport görnüşleriniň 12-si ýapyk binalardaky sport görnüşleri bolup, galan 9-sy başa baş söweş sungatlarydyr. Şeýlelikde, 21 görnüşiň 9-sy olimpiýa, 12-si bolsa olimpiýa däl görnüşleridir. Ýaryşlar jemi 15 desgada geçiriler. Şolaryň hem 13-si täze desgalardyr.

SOWAL: Oýunlaryň geçirilýän günlerinde iýmit we arassaçylyk işleri boýunça görülýän taýýarlyklar nähili?

Daýanç DURDYÝEW,

V Aziýa oýunlaryna oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň iýmit bilen üpjün etmek we arassaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni:

— Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlarynda iýmit bilen üpjün etmek we arassaçylyk bölüminiň hyzmatlary boýunça ýerine ýetirilmeli işiň ugruny esasy iki hyzmata bölüp bolar. Olaryň birinjisi köpçülikleýin iýmit üpjünçiligi, ikinjisi arassalaýyş, tämizlik hyzmatlary. Bu iki hyzmatyň sazlaşygy Oýunlaryň geçirilýän wagtynda islendik amallary geçirmek üçin mümkinçilik döredýär.

Ilki bilen, köpçülikleýin iýmit üpjünçiligi barada aýdanymyzda, V Aziýa Oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetinde bu mesele çynlakaý öwrenilýär. Çünki Oýunlarda 60-dan gowrak döwletden wekil geler. Ýaryşlaryň geçirilýän günlerinde toparlaryň islegleri aýry-aýrylykda öwrenilip, talaplara laýyklykda iýmit üpjünçiligi ýola goýlar. Ýene bir wezipe hem türgenleri sport ýaryşlarynyň görnüşine görä iýmitlendirmekdir. Islendik sport bilen meşgullanýan türgeniň iýmeli we iýmekden saklanmaly iýmitleri halkara federasiýalary tarapyndan kesgitlenendir. Şonuň üçin hem Oýunlaryň geçirilýän günlerinde şu aýratynlyklar hem göz öňünde tutular.

Ýaryşlaryň geçirilýän günlerinde iýmit bilen üpjün edilmeli myhmanlarymyzyň esasan Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň wekillerinden, türgenlerden, tehniki işgärlerden, hemaýatkärlerden, tomaşaçylardan, beýleki işgärlerden, metbugat wekillerinden we meýletin ýardamçylardan ybarat boljakdygy üçin, Oýunlaryň esasy naharhanalarynda tagamlary 5 ugur boýunça taýýarlamak meýilleşdirilýär. Ýagny Aşgabat — 2017 Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara Aziýa tagamlary, Ýewropa tagamlary, wegaterian tagamlar, halal tagamlar we türkmen milli tagamlary hödürlener.

V Aziýa Oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiniň iýmit bilen üpjün etmek we arassaçylyk bölümi tarapyndan galyndylary aýyrmak we gaýtadan ulanmak boýunça hyzmatlar Türkmenistanyň Jemagat hojalyk ministrligi tarapyndan islendik kadalara laýyklykda amala aşyrylyp bilner. Umuman arassaçylyk hyzmatlary ýaryşlaryň geçirilýän ýerlerindäki arassaçylyk işlerini hemişe gözegçilikde saklamakdan, ýaryşlaryň öňünden we soňundan ähli aşhana we azyk önümlerini örän gowy arassalamakdan, naharhanalaryň ähli oturgyçlaryny, aýnadyr äpişgelerini, gap-gaçlaryny (güýçli akýan suw bilen) talabalaýyk arassalamakdan, müşderi toparyna degişli ähli giňişlikleriň tämiz bolmagyny üpjün etmekden, şäherjigiň bütin çägindäki hapa atylýan gutulary wagtly-wagtynda boşadyp durmakdan we beýleki işlerden ybaratdyr.

SOWAL: Meýletinçiler, sada söz bilen aýdanymyzda, goý, ol sport baýramçylygy bolsun ýa-da medeni çäre bolsun, tapawudy ýok, islendik iri dabaranyň sag eli. Nesip bolsa, indiki ýyl Aşgabatda geçiriljek Oýunlarda hem meýletinçileriň taýýarlygyna uly üns berilýändiginden habarymyz bar. Ýöne has anyk maglumatlary Ýerine ýetiriji komitetiň wekilleriniň dilinden eşitmek hem gyzykly.

Aýbölek BADYÝEWA,

V Aziýa oýunlaryna oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň meýletin ýardamçylary taýýarlamak we hasaba almak bölüminiň esasy hünärmeni:

— Meýletinçiler 2014-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň geçiren bäsleşigi esasynda, «Parahatçylygy goldaýan nesiller» (Generations for peace) halkara guramasynyň talaplaryna laýyklykda seçilip alyndy. Has takygy, Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen Bütindünýä Paraolimpiýa oýunlary döwründe meýletinçilik boýunça okuw sapaklary geçirilip, synaglardan üstünlikli geçen oglan-gyzlar bu okuwlara gatnaşmaga hukuk gazandylar. 

Meýletinçilerimiz hut şol ýylyň özünde-de «Parahatçylygy goldaýan nesiller» atly okuw sapaklaryna gatnaşdylar. Ol ýerde halkara meýletinçilik hereketi boýunça, paraolimpiýa oýunlary we hereketi, olaryň gurnalyşy, şeýle-de sportyň beýleki birnäçe ugurlary boýunça bilim aldylar. 

2014-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” hereketiniň biraýlygy wagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hyzmat etjek meýletinçileriň ilkinji topary döredildi. Şol ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň guramagynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň meýletinçileriniň başlangyç okuw sapaklary”guraldy. 

2014-nji ýylyň 1 — 6-njy iýuly aralygynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda we “Polimeks” kärhanasynyň hemaýatkärliginde “PWA Awaza 2014 world cup” atly windsörfing boýunça dünýä çempionatynyň ýurdumyzda geçirilen tapgyrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan oglan-gyzlar  meýletinçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirdiler.  

Türkmenistanyň meýletinçiler wekiliýeti şol ýylyň 15 — 25-nji awgusty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde geçirilen Ýetginjekleriň II Olimpiýa oýunlaryna  gatnaşdylar. Toplanan tejribe ýene-de şol ýylyň sentýabr — oktýabr aýlarynda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII Aziýa oýunlarynda has-da artdyryldy.

Türkmen meýletinçileri 2014-nji ýyldaky esasy synagdan şol ýylyň 19 — 24-nji noýabry aralygynda Aşgabatda Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýynça geçirlen dünýä çempionatynda geçdiler. Ýurdumyzda geçirilen ilkinji dünýä birinjiliginde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti,  Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan meýletinçileriň 130-dan gowragy ýokary derejeli hyzmat etdiler.

2015-nji ýylda-da baý tejribe toplanyldy. Geçen ýylyň ýanwar – iýun aýlary aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň buýurmasy boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan gelen mugallymlar 220-den gowrak meýletinçilere iňlis dilini kämilleşdiriş okuw sapaklaryny geçdiler.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň meýletinçiler wekiliýeti  2015-nji ýylyň 10 — 29-njy iýuly aralygynda Azerbaýjan döwletiniň Baku şäherinde geçirilen I Ýewropa oýunlaryna gatnaşdylar. Bu ýerde sportyň dürli görnüşi boýunça guralan bäsleşiklerde, ýaryş meýdançalarynda, türgenler şäherçesinde doping barlag bölüminde we beýlekilerde biziň döwletimiziň meýletinçileri ýokary hilli hyzmaty ýola goýdular.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde Meýletinçiler merkezi hereket edip, ol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hyzmat etjek oglan-gyzlar ýokary derejede taýýarlanylýar.

***

Biz bu söhbetdeşligimizde V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň hünärmenleri bilen diňe üç ugur hakynda söhbet etdik. Şeýle söhbetleriň gerimi bolsa entek giň. Şol sanda Aşgabat — 2017 Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk hakyndaky islendik maglumat sport janköýerleri üçin gyzykly bolsa gerek. Nesip bolsa, biz  Aşgabatda geçiriljek sport baýramçylygyna görülýän taýýarlygyň beýleki ugurlary baradaky söhbetdeşlikleri hem dykgatyňyza ýetirip durarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar