Soňky habarlar

Arhiw

Ýylyň parlak ýyldyzy Nurýagdy Rejebow bilen söhbetdeşlik

0
40708

— Nurýagdy, söhbetdeşligimizi ýylyň parlak ýyldyzyny has ýakyndan tanamakdan başlaýalyň!

— Örän adaty tertjimehalym bar. 1988-nji ýylyň 27-nji fewralynda Aşgabat şäherini etekläp oturan Gökje obasynda doguldym. Häzir Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň üçünji ýyl talyby. Maşgalaly, iki oglum, bir gyzym bar.

— Aýdym-saz sungatyna gelmegiňiz nämeden başlandy?

— Elbetde, höwesden. Kakam Sapardurdy Rejebow medeniýet işgäridi. Ol meniň bu jadyly sungata gelmegime ilkinji bolup uly itergi beren ynsandyr. Entek mekdepde okaýarkam, ilkinji aýdymlarymy ýerine ýetirip başlapdym. 5-nji synpda okaýarkam bolsa, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz festiwalynda üstünlikli çykyş etmek miýesser edipdi. Galyberse, meni bu sungata ugrukdyran ilkinji halypamy — Öwez Tatowy hem uly hormat bilen ýatlap geçmek isleýärdi. Halypam ol wagtlar obamyzdaky orta mekdepde aýdym-saz mugallymy bolup işleýärdi.

— Ýalňyşmaýan bolsak, «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde geçen ýyllarda hem tejribäňiz bardy.

— Hawa, bu bäsleşikde 2012-nji ýyldan bäri üstünlikli çykyş etmek nesip edip gelýär. Şol ýylda ikinji, 2013-nji ýylda birinji orna mynasyp bolupdym. Geçen ýyl bolsa jemleýji tapgyra çykan 10 aýdymçynyň arasyna goşulypdym. Ildeşlerimiziň gyzgyn goldawy bilen, «Bitaraplyk we parahatçylyk» ýylynda «Ýylyň parlak ýykldyzy» diýen hormatly ada mynayp bolmagym meniň üçin belent mertebedir.

— Jemleýji tapgyryň şertleri barada ýeňijiniň öz dilinden eşitmek hem gyzykly.

— Jemleýji şertde gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň birinji sazly, ikinjisi sazsyz. Men «Geregim» atly söýgi aýdymyny sazly, ajaýyp durmuşymyzy wasp edýän «Türkmen ilim bagtyýar» atly aýdymy bolsa sazsyz ýerine ýetirdim. Aýdymlara halypalardan ybarat eminlerimiz hem, tomaşaçylarymyz hem mynasyp baha berdiler. Pursatdan peýdalanyp, men bäsleşikde ýeňiji bolan beýleki sungat işgärlerini hem gyzgyn gutlaýaryn. Höwri kän bolsun, mähriban kärdeşler!

— Şeýlelikde, sizem «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada mynasyp bolan az sanly aýdymçylaryň hataryna goşuldyňyz. Bu üstünlik siziň talyp ýyllaryňyzdaky, aslynda sungat bilen bagly tutuş ykbalyňyzdaky iň ajaýyp pursatlaryň biri bolan bolsa gerek.

— Elbetde. Bu bäsleşik aýdym-saz sungatynyň wekillerini täze gözleglere, has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Nesip bolsa, bu ada mynasyp bolmak we ýurdumyzyň aýdym-saz sungatyny mundan beýläk hem belende galdyrmak üçin yhlasymy gaýgyrmaryn.

— Gysgajyk söhbetdeşligimiziň ahyrynda Nurýagdy Rejebow hakynda ýene käbir zatlary bilmek isleýäris.

— Baş üstüne!

— Siz, köplenç, köne aýdymlary, köne diýenimizde geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda döredilen aýdymlary täzeden işlenen görnüşde ýerine ýetirýärsiňiz. Bu siziň özboluşly ýoluňyzmy ýa-da başga sebäp bilen düşündirip bolarmy?

— (Ýylgyrýar) Biz şol aýdymlar bilen ulaldyk, şol aýdymlar hem bizi bu jadyly sungata baglady. Şeýle bolansoň, bu gün ýatdan çykaňkyrlap barýan aýdymlary täzeden dikeltmek, olary täzeden diňlemek hemmämiz üçin hem ýakymly bolsa gerek.

— Täze aýdymlaryňyzyň ilkinji diňleýjisi kim?

— Gelnim. Onuň berýän düzedişleri meniň hem göwnüme jaý bolup barýar. Diýmek, ol diňleýjilikden kämilleşip, talapkär emine hem öwrülip barýan bolmaly (ýylgyrýar).

— Haýsy tagamy halaýanlygyňyzy hem biläýsek.

— Nireden näme iýip gelenem bolsam, öýde manty bişip duran bolsa ýüz öwrüp bilemok. Özüm bolsa diňe heýgenek çakyp bilýän diýsem, ýalňyş bolmasa gerek.

— Nurýagdy, eger aýdymçy bolmadyk bolsaňyz...

— Artist bolmaga synanşardym. «Ýaşlyk» we «Türkmen owazy» teleýaýlymlarynda käbir filmlerde surata düşmek maňa aýratyn ýakymly duýgulary bagyşlady.

— Siz Nurýagdy Rejebow bilen söhbetdeş bolan bolsaňyz, ýene näme sowal bererdiňiz?

— «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde siziň üçin iň ýakymly pursat haýsy pursat boldy?» diýip sorardym (ýylgyrýar).

— Onda, size şol sowal.

— Ýeňiji yglan edilenden soňra, şahyr Kakamyrat Rejebowyň sözlerine döredilen «Arkadag» atly aýdymy ýerine ýetirdim. Bu aýdyma dabara gatnaşýan ähli kärdeşlerimiň, tomaşaçylaryň goşulyşmagy halkymyz üçin şeýle eşretleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz bolup ýaňlandy. Bu pursat meniň kalbyma ajaýyplygyň, belentligiň hut özi bolup doldy. Gursagymda Gahryman Prezidentimize, mähriban halkymyza bolan söýgim, borjum egsilmezdir. Goý, milli Liderimiziň başda durmagynda Türkmen döwletleriniň ösüşleri mundan beýläk hem dowamat dowam bolsun!

— Sag boluň! Täze ýyl gutlaglaryňyzy hem diňläýsek.

— Şu söhbetdeşligiň üsti bilen, «Türkmenportalyň» ähli okyjylaryny täze — 2016-njy ýyl bilen gyzgyn gutlaýaryn. Goý, Täze ýyl bagtyýarlyk döwrümiziň beýleki ýyllary ýaly, bedew batly ösüşleriň ýyly bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar