Soňky habarlar

Arhiw

Sakgyç: çaga üçin peýdaly hem zyýanly

0
17598

Çagalaryň köpüsi sakgyjy juda gowy görýärler we ony birnäçe sagatlap çeýnemäge taýýar. Ata-eneleriň köpüsi bolsa beýle süýjülige garşy bolýarlar. Uly adamlar sakgyjyň çaganyň garyn-içge traktyna we dişlerine zyýanly täsir edýär diýip hasaplaýarlar.

 

Peýdaly taraplary

Sakgyja diňe zyýanly diýmek, megerem, dogry bolmaz. Ony çeýnemegiň käbir peýdaly taraplary hem bar. Ýöne olaryň ählisi diýen ýaly diňe sakgyç aram möçberde çeýnelen wagty ýüze çykýar.

Sakgyjyň çeýnelmegi çaganyň organizmi tarapyndan edil iýmit iýlişi ýaly kabul edilýär we şol bir netijeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şolaryň biri-de tüýküligiň emele gelmeginiň ýokarlanmagy bolup, ol dişleriň ýüzündäki iýmit galyndylarynyň aýrylmagyna we agyz boşlugynyň kislota-aşgar deňagramlylygynyň dikeldilmegine kömek edýär. Bu barada reklamalarda juda köp gürrüň edilýär.

Bu deňagramlylygyň sakgyjyň kömegi bolmadyk halatynda-da biraz haýalrak hem bolsa örän oňat dikelýändigini bellemek gerek. Mundan başga-da, sakgyjyň çeýnelmegi aşgazan şiresiniň bölünip çykarylmagyny güýçlendirýär, ýagny iýlen iýmitiň siňdirilmegine ýardam edýär.

Ahyrsoňy, äň bognunyň berkemegi güýçli depginde sakgyç çeýnemegiň tebigy netijesi bolup durýar. Käbir hünärmenleriň pikirine görä, şeýle netijäni peýdaly hasaplamak bolar. Çünki häzirki zaman iýmiti äňe ýeterlik derejede agram bermeýär. Sakgyç bolsa bu ýetmezçiligiň üstüni ýetirýär.

 

Zyýanly taraplary

Şol bir wagtyň özünde eger-de, sakgyç aşa köp çeýnelse, onda onuň çaga organizmine edýän täsiri zyýanly häsiýete eýe bolýar. Sakgyç çeýneleninde ýüze çykýan tüýküligiň çalt depginde bölünip çykarylmagy, çaganyň özbaşdak tüýkülik öndürmeginiň kadasyny bozup biler. Netijede onda agzyň nemli bardasynyň guramagy we beýleki ýakymsyzlyklar ýüze çykýar.

Aşa köp sakgyç çeýnemegiň netijesinde ýüze çykyp bilýän aşgazan şiresiniň işlenip çykarylmagynyň çendenaşa güýçlenmegi has uly kynçylyklara getirip biler. Çünki eger şol wagtda çaganyň garnynda şiräniň täsir etjek iýmiti bolmasa, onda iýiji kislota aşgazanyň diwarjyklaryny iýip başlar. Bu bolsa gastrite (aşgazanyň nemli bardasynyň çişmesi) we hatda uzak bejergi talap edýän ýazwa (aşgazanyň baş keseli) eltip biler.

Sakgyç çeýnemegiň çaganyň äň gurluşyna edýän täsirini hem diňe peýdaly diýip atlandyryp bolmaz. Sakgyjyň çendenaşa işjeň çeýnelmegi äň bogunlarynyň berkidilmegi bilen bir hatarda, berkemedik dişlere agram salýar. Munuň netijesinde olar gowşap, şeýle hem dişleriň gysylmagyna zyýan ýetirip biler. Bu meseläni çözmek üçin ortodontyň hyzmatlaryndan peýdalanmak emlere, meselem, breketleri goýmaga daýanmak gerek bolar.

Mundan başga-da, newrologlaryň arasynda bar bolan pikire görä, sakgyjy köp çeýneýän çagalarda köplenç aýdyň sözleýiş we gepleýşiň ösüşi bilen baglanyşykly kynçylyklar ýüze çykyp bilýär.

Eger-de, siziň çagaňyzyň allergiýasy bar bolsa, sakgyç onuň alamatlarynyň ýitileşmeginiň sebäbi bolup biler. Çünki onuň düzüminde her hili himiki maddalaryň, şol sanda güýçli allergenler diýlip hasaplanýan maddalaryň uly möçberi bar. Ýiti tagamly, ysly we reňkli sakgyçlar bu ugurda aýratyn howply bolup durýarlar.

Eger-de, siziň çagaňyz sakgyjy yzygiderli ýuwudýan bolsa, onda munuň özi alada galmagyň ýene bir sebäbidir. Sakgyjyň aşgazana düşmegi iýmit siňdirişiň kadaly işleýşiniň bozulmagyna getirip biler. Sakgyjyň içegede toplanmagynyň bolsa onuň dykylmagyny emele getirmegi we bu meselede lukmançylyk kömeginiň gerek bolmagy mümkindir.

 

Çeýnemegiň düzgünleri

Görşümiz ýaly, sakgyç çeýnemegiň peýdasyndan zyýany köpdür. Emma çagalara şunuň bilen bagly ýüze çykyp biläýjek howpy düşündirmek kyn. Şol sebäpden-de, belli bir  düzgünleri ýola goýup, çaganyň öz söýgüli işini etmegine — sakgyç çeýnemegine rugsat berip bolar.

Şeýlelikde, sakgyjy diňe nahardan soň, belli bir wagtyň dowamynda çeýnemeli. Onuň ähli peýdaly aýratynlyklarynyň ýüze çykmagy üçin 5-10 minut ýeterlikdir. Sakgyjy ondan köp çeýnemek bolsa erbet netijelere getirip biler.

Çaganyň çeýneýän sakgyjynyň mümkin boldugyça reňksiz, tagamsyz we yssyz bolmagyny gazanmaga çalşyň.

Çaganyň sakgyjy çeýnäp bolanyndan soň ony ýuwutman, tüýkürmegine gözegçilik ediň. Eger-de, çagaňyz sakgyjy köp we ölçegsiz çeýnemäge öwrenişen bolsa, onda onuň çeýnelýän wagtyny ýuwaş-ýuwaşdan azaltmaly. Meseläni onuň çözmegiň ýollarynyň biri hem, çaga sakgyja derek agzyňda kem-kemden ereýän, çeýnelýän süýjüleri bermek bolup biler.

Haçan-da ol, tamamlananda, çaganyň özüne ýene bir süýji bermek baradaky ýalbar-ýakaryna hä bermäň. Çaganyň sakgyç çeýnemän oňmagy üçin belli bir wagt aralygyny goýuň. Elbetde körpä sakgyç çeýnemegiň dişleri günde iki gezek arassalamak zerurlygynyň ornuny tutmaýandygyny düşündirmeli.

Şeýle ýönekeý düzgünler siziň çagaňyzyň diňe bir dişleriniň sagat bolmagyny däl, eýsem çenden aşa sakgyç çeýnemegiň netijesinde iýmit siňdiriş ulgamynda ýüze çykýan beýleki meseleleriň bolmazlygyny üpjün eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar