Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry: Türkmenistan — Guam duşuşygy sanlarda we maglumatlarda

0
2485
  • Türkmenistanyň hem-de Guamyň milli ýygyndylary öz aralarynda ýekeje gezek duşuşdylar. Ol duşuşyk hem 2018-nji ýyldaky dünýä we 2019-njy ýyldaky Aziýa çempionatyna çykmak üçin şu ýylyň 11-nji iýunynda geçirilen saýlama duşuşykdyr. Duşuşyk 1:0 hasabynda Guamyň peýdasyna tamamlandy.
  • Türkmenistanyň milli ýygyndysy şu günki duşuşyga çenli saýlama tapgyrda 4 oýun geçirdi, şolaryň birinde ýeňdi, ikisinde ýeňildi. Bir duşuşyk bolsa deňlik bilen tamamlandy.
  • Guamyň futbol ýygyndysy dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda dört duşuşyk geçirdi. Şolaryň ikisi guamly futbolçylaryň peýdasyna tamamlandy, bir duşuşykda olar asgyn geldiler. Guamyň ýygyndysy soňky duşuşygyny omanly futbolçylar bilen geçirdi. Ol duşuşykda hasaby açmak iki ýygynda hem başartmady.
  • Şu duşuşyk Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň peýdasyna tamamlansa, ildeşlerimiz bilen guamly futbolçylaryň toparçada ýygnan utuklary deňleşer we pökgi artykmaçlygy bilen ildeşlerimiz üçünji orna geçer.
  • Duşuşyk Guamyň futbol ýygyndysynyň peýdasyna tamamlansa, onda olar toparçanyň üçünji ornunda ymykly ýerleşerler we ildeşlerimizden 6 utuk öňe saýlanarlar.
  • Duşuşygyň deňlik bilen tamamlanmagy hem Guamyň futbol ýygyndysynyň peýdasyna bolar. Deňlik olara toparçadaky eýeleýän ornuny saklap galmaga ýeterlik.
  • Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň şu ýyl geçiren duşuşyklarynda alnan netijeler: Guam 1 — 0 Türkmenistan; Türkmenistan 1 — 1 Eýran, Türkmenistan 5 — 0 Al-Hamriýah (Saud Arabystany, ýoldaşlyk duşuşygy), Oman 3 — 1 Türkmenistan; Türkmenistan 2 — 1 Hindistan.
  • Guamyň milli ýygyndysynyň şu ýyl geçiren duşuşyklarynyň netijeleri: Gongkong 1 — 0 Guam (ýoldaşlyk duşuşygy); Singapur 2 — 2 Guam; Guam 1 — 0 Türkmenistan; Guam 2 — 1 Hindistan; Eýran 6 — 0 Guam; Guam 0 — 0 Oman.
  • FIFA-nyň 1-nji oktýabrdaky reýtingine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 155-nji orunda ýerleşýär.
  • FIFA-nyň 1-nji oktýabrdaky reýtingine görä, Guamyň milli ýygyndysy 150-nji orunda ýerleşýär.
  • Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyrylan futbolçylar ýerli we Özbegistanyň (Ruslan Mingazow hasaba alynmady) çempionatlarynda çykyş edýärler.
  • Guamyň futbol ýygyndysyna çagyrylan futbolçylar Guamyň, ABŞ-nyň, Tailandyň, Mongoliýanyň we Awstraliýanyň futbol çempionatlarynda çykyş edýärler.
  • Milli ýygyndymyzyň häzirki düzüminde meýdança iň kän çykan futbolçymyz goragçy Bagtyýar Hojaahmedowdyr. Ol milli ýyygndymyz bilen şu duşuşykda 31-nji gezek ýaşyl meýdana çykar.
  • Milli ýygyndymyzyň şu duşuşykdaky düzüminiň iň netijeli futbolçysy Arslanmyrat Amanow. Tejribeli ýarym goragçy milli ýygyndymyz bilen 22 duşuşyga çykyp, şolarda 7 gezek tapawutlandy.
  • Guamyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Gary Waýt tälimçilik kärine 22 ýaşynda başlapdyr. Şoňa çenli Angliýanyň Southempton, Bognor Regis Town, Feremantle Siti futbol klublarynda futbol oýnap ýetişen tälimçi 22 ýaşynda Wirgin adalarynyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň bäş tälimçisi boldy. Bu ýerde bir ýyl işländen soňra, tä 2008-nji ýyla çenli Bahamas dölwetiniň futbol ýygyndysyna tälimçilik etdi. 2009-njy ýyldan 2012-nji ýyla çenli ABŞ-nyň futbol ligasynda Seattle Soundersde tehniki direktor bolup işlän tälimçi 2012-nji ýyldan bäri Guamyň futbol ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýär.
  • Amangylyç Koçumow futbol boýunça milli ýygyndymyza ikinji gezek tälimçilik edýär. Ol 2005-2006-njy ýyllarda hem futbol ýygyndymyzyň başynda bolupdy.
  • Şu günki duşuşykdan 6 gün soňra 33 ýaşyny doldurjak goragçy Ýagmyrmyrat Annamyradow milli ýygyndymyzyň iň ýaşuly futbolçysydyr.
  • Indiki ýylyň 22-nji aprelinde 22 ýaşyny doldurjak goragçy Mekan Saparow milli ýygyndymyzyň şu günki düzüminiň iň ýaş futbolçysy.
  • Milli ýygyndymyzyň iň uly ýaşly agzasy hem, iň ýaş wekili hem «Balkan» futbol toparynda çykyş edýär. Täsin tarapy olaryň ikisi hem goragçydyr. 
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar