Soňky habarlar

Arhiw

Ýöreýiş beden işjeňliginiň örän oňat görnüşidir

0
5988

Sporty söýýän adamlaryň ýönekeý ýöreýiş bilen meşgullanmaga başlaýanlarynyň sany gitdigiçe köpelýär, bu ýöne ýere däldir. Sebäbi ýöreýiş beden işjeňliginiň örän oňat görnüşidir. Uzak wagtyň dowamynda ýöreýişe maşklaryň bir görnüşi hökmünde mynasyp baha berilmändi. Soňky wagtlarda pyýada gezelençleriň peýdasy hakynda köp gürrüň edilip başlandy. Lukmanlar ýöreýişiň ýürek keselleriniň, demgysmanyň, süýji keseliniň ikinji toparynyň we insultyň (beýnä gan inme) ýüze çykmak howpuny azaldaýandygyny aýdýarlar. Fiziki işjeňligiň bu görnüşi ähli ýaşdaky adamlara ýaramlydyr. Ýöreýiş – bu aram depgindäki oňat aerobiki türgenleşikdir.

Ýöreýişe başlamazdan ozal:

Sportuň bu görnüşiniň ýerine ýetirilişiniň ýönekeýligi sebäpli ýöreýişe başlamak üçin adama hiç hili üýtgeşik zat gerek däl. Esasy zat, öz aýakgaplaryňyzyň berk we ykjamlygyna, egin-eşigiňizem rahat we hereket etmek üçin amatlydygyna göz ýetirmek gerek. Ýöreýişiň saglygyňyza peýdaly bolmagy üçin onuň bilen azyndan 30 minutlap, iň bolmanda hepdede 5 gezek meşgullanmaly. Eger-de siz has köp ýöremek isleseňiz, onda özüňiziň suw ätiýaçlygyňyzyň ýeterlikdigine göz ýetiriň.

Egere-de, siz ýöreýiş bilen meşgullanmagy ýüregiňize düwen we ondan öň az hereketli durmuşy alyp baran bolsaňyz, onda ýöremäge kem-kemden girişiň. Ilki bilen aram depgin bilen 10 minut ýöremäge synanyşyň. Ýuwaş-ýuwaşdan ýöreýişiň depginini we wagtyny artdyryň. Eger siz bu ýagdaýda özüňizi gowy duýýan bolsaňyz, onda biraz çaltrak ýöremäge synanyşyň. Ýöne öte geçäýmäň. Ýöreýişiň saglyk üçin peýdaly bolmagy üçin onuň depgini aram çaltlykda bolmalydyr. Bu seýilgähde gezelenç edenden biraz depginli bolmaly diýildigidir. Siz ýürek ýygrylmalarynyň ýygylygynyň ýokarlanmagy üçin ýeterlik derejede çalt ýöremeli.

Näçeräk ýöremeli?

Siziň ýaşyňyz we saglyk ýagdaýyňyz siziň ýöreýiş bilen näçe köp meşgullanyp biljegiňizi kesgitleýän esasy sebäpler bolup durýar. Esasy zat ýöreýişi yzygiderli gaýtalamakdyr. Oňarsaňyz, her gün 3 müňden 10 müň ädime çenli aralygy geçmek zerurdyr. Ýöreýişe başlamazdan ozal, biraz el-aýagyňyzy ýazmak hem peýdaly bolar.

Ýöreýişi endigiňize öwrüň

Eger-de, ýöreýişi endigiňize öwürseňiz, siz özüňiziň saglygyňyzyň, güýjüňiziň, çydamlylygyňyzyň ýokarlanandygyny we has şähdaçyk bolandygyňyzy duýarsyňyz. Siz lifte derek basgançaklardan peýdalanyp bilersiňiz. Eger iş ýeriňiz öýüňizden o diýen daşda bolmasa, onda ol ýere pyýada gidip bilersiňiz. Şeýle hem, çagalary mekdebe ýa-da çagalar bagyna pyýada äkitmek bolar. Irden ýa-da agşam wagty ýöreýişi ýörite meýilleşdirip bilersiňiz. Ähli zat siziň gün tertibiňize baglydyr.

Şäherleriň köpüsinde söýgüli sport görnüşi bilen arkaýyn meşgullanmak üçin seýilgähler, ýodajyklar ýa-da kenarýaka zolaklar bar. Fitnes klublarda (Sport zallarda) ylgaw ýodalary bar. Olar hem erbet däl, ýöne şeýle zallaryň kemçiligi olarda kislorodyň az bolmagydyr. Kislorod bolsa bedendäki ýaglary aýyrmak üçin örän möhümdir.

Görüşimiz ýaly, ýöreýiş beden işjeňliginiň ajaýyp görnüşidir. Esasy zat, ýaltalyk etmäň. Siz sport bilen näçe köp meşgullansaňyz, şonça-da sagdyn bolarsyňyz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar