Arhiw

Heýkeller seýilgähi – Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri

0
23851

Diýarymyzyň gözel paýtagtynda ajaýyp künjek — “Ylham” seýilgähi bar. Ol ýerde heýkeller ýaşaýar. “Ylham” seýilgähi paýtagtymyzyň meşhur türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň hormatyna atlandyrylan şaýollaryny we seýilgählerini, köçelerini we köçejiklerini birleşdirip, Aşgabadyň taryhy merkezinde orun alandyr. Görogly we Magtymguly şaýollary, Azady we Mäti Kösäýew köçeleri göýä bir merjen monjuga düzülen ýaly, bitewi bir şahyrana akymy emele getirýär.

Nesilleriň we eýýamlaryň baglanyşygynyň temasy, müňýyllyklardan häzirki güne ýetirilen ýokary ruhy medeni miras özünde dürli çeper tärleri we ugurlary täsinlik bilen birleşdiren bu seýilgäh ansamblynyň döredilmeginiň düýp manysy bolup durýar. Monumental heýkeller aýrylmaz bölegine öwrülen, göni alleýalar we suwly ýapjagazlar arkaly mazmun taýdan deň üç bölege bölünen seýilgähiň arhitekturasy, bagçylyk – seýilgäh sungatynyň nusgawy nusgalaryny ýatlamaga mejbur edýär.

Açyk asmanyň astynda ýerleşýän özboluşly taryhy-çeperçilik muzeýde kyrkdan gowrak heýkel jemlenendir. Olary döretmek üçin ýurdumyzyň ussat ýaşuly hem-de täze başlan heýkeltaraşlarynyň otuza golaýy işlediler. Olaryň döredijiligi häzirki zaman şekillendiriş sungatynyň dürli-dürli ugurlaryny öz içine alýar. Tärleriň, täsirleriň, dürli döredijilik ugurlarynyň birleşmeginden emele gelen seýilgäh toplumynyň ajaýyp aýratynlygy şondan gözbaş alýar.

“Ylham” seýilgähinde gezelenç etmek diňe bir tebigat bilen sessiz sözleşmekden lezzet almaga däl, eýsem, türkmen topragynyň şöhratly ogullary bilen “duşuşmaga”, bir söz bilen aýdylanda, uzak we ýakyn taryha aralaşmaga mümkinçilik berýär.

Galereýanyň merkezinde, seýilgähiň, onuň  bütin çägi boýunça uzalyp gidýän ýabyň gözbaşynda IX asyryň meşhur türkmen akyldary we şahyry Abu Bekir As-Sulynyň küşt tagtasynyň üstüne eglip duran şekilini janlandyrýan göwrümli heýkel oturdulypdyr. Ol zehinli alym we köptaraply ösen şahsyýet bolup, öz döwrüniň meşhur küştçüsi hökmünde tanalypdyr. Küşt barada ilkinji kitaby ýazyp, munuň üçin Suly Sadranjy (küştçi) we al-Nedim diýen hormatly ada mynasyp bolupdyr. Onuň yzyndan emeli ýabyň iki tarapynda şöhratly akyldarlaryň we alymlaryň keşplerini janlandyrýan heýkeller başlanýar. Olaryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Heýkelleriň her biri keşpleriň häsiýetli aýratynlyklaryny şöhlelendirýär. Köpmanyly tärler bolsa olaryň işleriniň aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Mysal üçin, Mahmyt Zamahşarynyň kitaplar we onuň hemişelik ýoldaşy bolan agaç hasasy bilen şekillendirilen heýkelini synlanyňda, özüniň bütin ömri bilen pähim-paýhasyň artykmaçlygyny, onuň nähoşlukdan üstün çykmagyny, bilimiň güýjüni we peýdasyny subut eden görnükli alym we akyldaryň ady bilen baglanyşykly rowaýatlary ýadyňa salanyňy duýman galýarsyň.

Beýik matematik Musa Horezmini, alym Şemseddin Merwezini we şahyr Mahmyt Pälwany simwoliki birleşdiren kompozisiýa wagtyň çalt geçýändigini, pikiriň ebediligini we ylymlary öwrenmegiň möhümdigini görkezýän tärlere baýdyr. Daşdan çynaryň saýasynda sizi bu ýerde dynç almak we özüniň söýgüli saz guraly tarda saz çalmak üçin saklanan filosof Al Faraby garşy alar. Siz bu ýerden başga nirede Biruny bilen bilelikde galaktikanyň alyslyklaryny synlap, Nejmeddin Kubra bilen kazy Burhaneddin Ahmediň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyna gatnaşyp, tagtynda oturan hökümdar we şahyr Jahan Şanyň patyşalyk heýkelini synlap, Watanyň taryhynda we Hindistanyň taryhynda öçmejek yz goýan görnükli döwlet işgärleri we ýazyjylar Baýram han we onuň ogly Abdyrahym hany ýatlap bilersiňiz?! Ahyrsoňunda, siz bu heýkelleri döreden heýkeltaraşlar bilen bilelikde türkmeniň beýik alymlary, şahyrlary we sopulary Mäne babanyň, Mahmyt Kaşgarlynyň, Abu Aly Ibn Sinanyň we As-Sarahsynyň nähili görnüşde bolandyklaryny göz öňüne getirip bilersiňiz.

Heýkelden heýkele geçip, biz göýä asyrlaryň jümmüşine alyp gidýän taryhyň sahypalaryny agdarýan ýaly bolýarys. Wagtyň ruhuna aralaşýarys. “Gürleýän” tärler bolsa, awtoryň özboluşly gönükdirmesi bolup, biziň syýahatymyzyň has-da gyzykly we manyly bolmagyna ýardam edýär.

Ekspozisiýanyň indiki bölegi Azady köçesinden başlanyp, XI-XIX asyrlaryň ajaýyp şahyrlaryna bagyşlanandyr. Bu ýeriň ýaraşykly alleýalarynda, gör, kime duş gelmersiň! Ynha, Hoja Ahmet Ýasawy ýaş şägirdine öwüt berýär, Ýunus Emräniň arzuwçyl nazary alyslara gönügipdir, uzak bolmadyk ýerde döredijilik ylhamy gelen pursadynda bize gabat gelen Azady oýlanyp otyr. Şahyrlar — dostlar Zelili bilen Seýdi bir-birinden aýrylanok. Serkerdä mahsus bolşy ýaly, Seýdi batyrgaý atlynyň keşbinde görkezilipdir. Goja şahyr Kemine uzak syýahata ugraýar. Müň ýyla golaý mundan ozal dünýä inen Ýusup Balasagunly, söýginiň we gözelligiň waspçylary Nesimi we Fizuly, Nowaýy we Omar Haýýam, Andalyp, Mollanepes we Mätäji, bu gün türkmen paýtagtynyň gözel künjeginde duşuşypdyrlar. Gündogaryň bu özboluşly şahyrana çatrygyny suw çüwdürimleri tarapyndan gurşalan uly sahnaly meýdança – amfiteatr tamamlaýar. Bu özboluşly taryhy-medeni eseri şol bir wagtyň özünde hem bölýän, hem birikdirýän uzyn sütünler, geometriki deň ýarym aýlawlar antiki arhitekturany ýada salýar.

XX asyryň ýazyjylaryna, şahyrlaryna we dramaturglaryna  bagyşlanan alleýa hem sazlaşykly görnüşi bilen tapawutlanýar. Onuň iki tarapynda Nurmyrat Saryhanowyň, Beki Seýtäkowyň, Berdi Kerbabaýewiň, Aman Kekilowyň, Ata Gowşudowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Nury Baýramowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Gara Seýitliýewiň, Nazar Gullaýewiň, Ýylgaý Durdyýewiň, Aşyrberdi Kürtüň, Mämmet Seýidowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Annaly Berdiýewiň, Allaberdi Haýydowyň heýkelleri ýerleşdirilipdir.

Heýkeller seýilgähi aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň köp sanly myhmanlarynyň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi. Owadan we abadanlaşdyrylan alleýalar, reňbe-reň gülli meýdançalar, bu ýerde saklanyp galan köp ýyllyk agaçlar we täze oturdylan hemişe ýaşyl öwsüp oturan ösümlikler, özboluşly yşyklandyryjylar we köp sanly reňkli sazly suw çüwdürimleri bilen sazlaşýan köprüjikler Aşgabadyň bu ajaýyp künjegine üýtgeşik we gaýtalanmajak görnüş berýär.

Ýaşlar bu ýerde duşuşyklary belleýärler we birek-birege söýgülerini aýan edýärler. Ýaşuly nesliň wekilleri bu ýere dynç almaga we güýz güneşiniň şöhlelerine ýylanmaga gelýärler. Bilesigeliji mekdep okuwçylary gezelenç edýärler. Körpeler şadyýan oýunlara güýmenýärler. Mahlasy, “Ylham” seýilgähi arzuwçyllyk öwüşginine beslenendir. Onuň iki tarapynda uly şäheriň hysyrdyly durmuşy gaýnap-joşýan hem bolsa, bu ýerde wagt öz hereketini haýalladýar, kalbyňy bolsa ýakymly ylham duýgusy gaplap alyp, şahyrana dünýäniň jümmüşine aralaşýarlar.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar