Soňky habarlar

Arhiw

SUPER ÝYLDYZYŇ NOBATDAKY REKORDY

0
5211

UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsümine düýn badalga berildi. 4 toparçada oýnalan 8 duşuşykda 20 gol derwezä geçirildi. Möwsümiň 1-nji goluny PSŽ-niň täze transferi Anhel Di Mariýa öz adyna ýazdyrdy. “Real Madridiň” super ýyldyzy Kristiano Ronaldo özüniň nobatdaky het-trigi bilen bu ýaryşdaky gollarynyň sanyny 80-e ýetirip, häzirlikçe rekordyň ýeke-täk eýesi boldy. Liganyň debýutanty “Astana” topary derwezesine gol goýbermän 50 minut saklanyp bildi. Iki oýunda myhmanlar ýeňiş gazandy. Mançester şäheriniň 2 topary-da 1-0 hasabynda öňe saýlanan hem bolsalar, soňlugy bilen, olar meýdançany gamgyn terk etmeli boldular. Üstesine “Ýunaýted” aýagy döwlen ýaş goragçysy Lýuk Şowdan köp wagtlap peýdalanyp bilmese gerek.

 

Ilkinji gol Di Mariýadan (PSŽ – “Malmö”: 2-0)

Ilkinji gol habary “A” toparçadan gelip gowuşdy. PSŽ bilen “Malmöniň” arasyndaky duşuşygyň eýýäm 4-nji minutynda ýer eýeleriniň argentinaly oýunçysy Anhel Di Mariýa sag gapdaldan jerime meýdançasyna girip, topy batly depýär we täze toparyndaky ilkinji topuny derwezä salýar. Zlatan Ibrahimowiç ilkinji klubunyň torundan gol geçirmedi. Ýöne 2-nji goluň geçmegine uly ýardam berdi. Ol 61-nji minutda Kawaniniň kelle golunyň pasyny beren oýunçy hökmünde bellendi. Şunlukda, Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden PSŽ “Malmöni” 2-0 hasabynda utdy.

 

Ronaldonyň gollary 80-e ýetdi (“Real Madrid” – “Şahtýor Donesk”: 4-0)

Bu kubogyň 10 gezek ýeňijisi “Real Madrid” üçin täze möwsümiň başlangyjy şowly geçdi. Öz meýdançasynda Mirçea Luçeskunyň “Şahtýoryny” kabul eden madridliler 30-njy minutda Karim Benzemanyň takyk urgusy bilen hasaby açdy. Bu onuň Çempionlar ligasyndaky 43-nji goly bolup, ol sanawda 10-njy orna çykdy. Ikinji ýarymda Şahtýor üçin ýagdaý gowy bolmady. 50-nji minutda Taras Stepanenko ikinji sary petekden gyzyl petek alyp, meýdançadan kowuldy. 55-nji we 63-nji minutlarda topuň goragçylaryň eline degmeginden soň, Iwan Bebek 2 gezekde-de ak nokady görkezdi. Kristiano Ronaldo bolsa, olaryň ikisini-de dürs ýerine ýetirdi. 81-nji minutda-da Marselonyň batly urgusyny derwezeçi sowan hem bolsa, Ronaldonyň 3-nji goluna çäre tapyp bilmedi. “La Ligada” 5 goldan soň, Çempionlar ligasynda-da 3 gol geçiren Ronaldo şu ýaryşdaky 3-nji “het-trigini” öz adyna ýazdyrdy. Ol häzirlikçe Çempionlar ligasynda 80 gol geçiren ilkinji futbolçydyr. Şeýle-de, Ronaldo “Real Madridiň” taryhyndaky iň köp het-trik eden oýunçy diýen adyň hem täze eýesi boldy.

 

Hem utuldy, hemem Lýuk Şowy ýitirdi (PSW – “M. Ýunaýted”: 2-1)

Myhmançylykda PSW-ni şu wagta çenli ýeňip bilmedik “Mançester Ýunaýted” bu arzuwyny ýene-de soňa goýmaly boldy. Weýn Runisiz meýdança çykan “Gyzyl-şeýtanlar” üçin oýnuň soňy gowy netijelenmedi. 16-njy minutda Hektor Morenonyň eden gödek hereketinden soň, aýagy döwlen goragçy Lýuk Şowuň haçan meýdança gaýdyp geljekdigi häzirlikçe belli däl. 41-nji minutda PSW-niň oýunçysy öňki oýunçysy (4 aý öňem PSW-de oýnaýardy) Memfis Depaý bilen öňe geçen myhmanlar 45+2-nji minutda 16-njy minutyň “gahrymany” Hektor Morenanyň, 57-nji minutda-da Narsinginiň gollaryna çäre tapyp bilmedi. Oýnuň Lýuk Şowuň şikesi sebäpli 7 minutlap durandygy-da bellärliklidir.

 

Germaniýadaky 5-nji oýnunda-da ýeňildi (“Wolfsburg” – “SSKA Moskwa”: 1-0)

2009-njy ýylda-da duşuşan 2 toparyň oýnunda “Wolfsburg” kluby Moskwanyň SSKA-syny täze transferi Julian Draksleriň 40-njy minutdaky ýeke-täk goly esasynda ýeňlişe sezewar etdi. Şondan soň, iki topara-da hasaby üýtgetmek başartmady. “SSKA Moskwa” topary myhmançylykda nemes klublary bilen oýnan 5-nji duşuşygynda-da utuldy.

 

9 oýundan bäri ýeňiş ýok (“Galatasaraý”–“Atletiko Madrid”: 0-2)

“C” toparçadaky 2 oýun hem birmeňzeş hasaplar bilen tamamlandy. Türkiýäniň “Galatasaraýy” öz meýdançasynda “Atletiko Madridden” 2–0 hasabynda utuldy. Gollaryň ikisini-de goragçylaryň uly ýalňyşlygyndan peýdalanan fransuz hüjümçi Antuan Grizman derwezä girizdi (18-nji we 25-nji minutlarda). Ikinji ýarymda hüjüm baryny eden “Jim Bom” Çempionlar ligasyndaky bassyr 6-njy oýnunda-da utulyp, ol 9 duşuşykdan bäri-de ýeňiş gazanyp bilenok.

 

50 minutlap saklandy (“Benfika”–“Astana”: 2-0)

50 minutlap ýer eýeleriniň hüjümlerine döz gelmegi başaran liganyň debýutanty “Astana” myhmançylykda “Benfikadan” 2–0 hasabynda ýeňildi. “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda-da göni ýaýlymda görkezilen oýnuň 51-nji minutynda Nikolas Gaitan owadan hereketler bilen jerime meýdançasynyň içinden topy batly depdi we hasaby açdy. Şondan 11 minut soň, özara owadan paslaşygyň netijesinde täze transfer Konstantinos Mitroglu hasaby 2–0-a çykardy.

 

“Ýuwentus” ýeňşi ýatlady (“M. Siti”–“Ýuwentus”: 1-2)

Güýçli toparlary özünde jemleýän “D” toparçada “Mançester Siti” bilen “Ýuwentusyň” oýny esasy üns merkezdäki duşuşyk boldy. Birinji ýarymy 0-0 gutaran oýnuň 57-nji minutynda täsin waka bolup geçdi. Burçdan ýerine ýetirilen urguny Kompani Kiellininiň egninden basyp, onuň topy ýalňyşlyk bilen öz derwezesine salmagyna sebäp boldy. Kompaniniň eden bu gödek hereketi sloweniýaly eminiň gözünden sypdy we netijede ýer eýeleri 1-0 hasabynda öňe geçdi. Şondan soň tijenen “Goja sinýoralylar” ilki 70-nji minutda Manžukiç bilen hasaby deňlediler, soňam 81-nji minutda Moratanyň owadan goly bilen öňe saýlandylar. “Ýuwentus” 1996/97 möwsüminden soň, ilkinji gezek Angliýada ýeňiş gazanmagy başardy.

 

Emin 3 penalti belledi (“Sewilýa”–“Borussia M.”: 3-0)

Ispan topary “Sewilýa” öz meýdançasynda liganyň debýutantlaryndan “Borussia M.” Toparyndan 3-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda çehiýaly emin ýer eýeleriniň peýdasyna 3 penalti belledi. “Andalusiýalylar” şolaryň 2-sini dürs ýerine ýetirdi. 47-nji minutda Kewin Gameiro penaltiden hasaby açdy. 3 minut soň, onuň uran penaltisi ýokarky sütüne degip yzyna gaýtdy. 66-njy minutda ýene bir penalti boldy we ondan Ewer Banega dürs peýdalandy. 84-nji minutda-da Konoplýanka oýna soňky nokady goýdy (3–0). 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar