Soňky habarlar

Arhiw

ÝYLDYZLARYŇ LIGASY BAT ALÝAR

0
6112

Hawa, futbol oýnunyň iň abraýly, iň özüne çekiji bäsleşigi bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsümi-de şu gün bat alar. Ýewropanyň saýlama 32 klubuny özünde jemleýän ýaryşda şu gün “A”, “B”, “C”, “D” ertir bolsa, “E”, “F”, “G”, “H” toparçalarynyň 1-nji oýunlary oýnalar. Duşuşyklaryň ählisi-de Aşgabat wagty bilen 23:45-de başlar. 1-nji tapgyryň iň esasy üns merkezdäki oýunlary diýlip, “Mançester Siti” bilen “Ýuwentusyň”, şeýle-de ertirki “Roma bilen “Barselonanyň” aralaryndaky duşuşyklar hasaplanylýar.

 

5 gol geçiren Ronaldo oýna taýýar (“Real Madrid” – “Şahtýor Donesk”)

“A” toparçada bu kubogyň iň köp alan “Real Madrid” täze tälimçisi Rafael Beniteziň ýolbaşçylygynda “Santiago Bernabeuda” Ukrainanyň “Şahtýoryny” kabul eder. 20-nji gezek toparçalarda çykyş edýän “Real Madridiň” super ýyldyzy Kristiano Ronaldo geçen hepdäniň ahyrynda “La Ligada” “Espanýolyň” torundan 5 pökgi geçirip, bu oýna taýýardygyny görkezdi. Oýna horwatiýaly Iwan Babek eminlik eder.

 

Zlatan öňki toparyna garşy (“Pari Sen Žermen” – “Malmö”)

PSŽ bilen “Malmöniň” arasyndaky oýnuň şwesiýaly super Zlatan Ibrahimowiç üçin özboluşly aýratynlygy bar. Sebäbi “Malmö” kluby Ibrakadabranyň futbola başlan toparydyr. Ýöne dyzynda az-owlak agyrysy bar bolan Ibranyň oýnap-oýnamajakdygy häzirlikçe belli däl. 2-nji gezek Çempionlar ligasyna gatnaşýan “Malmö” bilen çempionlyga ymtylýan PSŽ-niň arasyndaky duşuşykda orsýetli Sergeý Karasýow jürlewük çalar.

 

6 ýyl ozalam duşuşypdylar (“Wolfsburg” – “SSKA Moskwa”)

“B” toparçada Kewin De Bruýny “Sitä” iberip, ornuna Draksleri alan “Wolfsburg” Russiýanyň güýçli topary ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirýän SSKA-ny kabul eder. Iki klub 2009-njy ýylda-da bir toparçada çykyş edipdi. SSKA topary Moskwada 2–1, “Wolsburg” bolsa, öz meýdançasynda 3–1 hasabynda ýeňipdi. Duşuşygyň emini norwegiýaly Swen Oddwar Moen bolar.

 

Wan Gaal watanynda (PSW – “Mançester Ýunaýted”)

Iki golland tälimçiniň taktiki göreşine öwrüljek PSW-“Mançester Ýunaýted” oýny-da köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan duşuşygy. 12 oýundan bäri ýeňilmän gelýän PSW-niň tälimçisi gol gowşuryp oturmajakdyklaryny, hüjüm oýnuny etjekdiklerini aýtdy. Luiz Wan Gaal bolsa: “Men “Aýaksdyr”  “Barselonanyň” tälimçisikäm Eýndhowende kän bir ýeňiş gazanyp görmändim. Ýöne AZ bilen utupdym. Umuman, bu ýerde utmak kyn. Ýöne bu Çempionlar ligasy” diýip beýanat berdi. Iki topar öň 4 sapar duşuşdy. 2-sinde “Ýunaýted”, 1-inde PSW ýeňiş gazandy. PSW-niň öz meýdançasynda häzire çenli “Ýunaýtedden” utulmandygy, şeýle-de 1 ýyllyk arakesmeden soň, Çempionlar ligasyna dolanan “Mançesteriň” täze oýunçysy Memfis Depaýyň PSW-den transfer bolandygy bellärliklidir. Duşuşyga italiýaly Nikola Rizzoli eminlik eder.

 

“Hemişe faworitler ýeňmeýär” (“Galatasaraý” – “Atletiko”)

“C” toparçada çempionata şowsuz başlan “Galatasaraý” topary “Atletiko Madrid” Stambulda kabul eder. Bu oýunda 3 utuk alyp, janköýerlerini begendirmek isleýän türk klubunyň tälimçisi hemişe faworitleriň ýeňiş gazanmaýandygyny aýtdy. Ýewrokuboklardaky soňky 6 oýnunda myhmançylykda diňe 1 gezek utulan “Atletiko” “La Ligada” “Barselonadan” asgyn gelipdi. Iki klub şu wagta çenli 4 gezek duşuşyp, 2 oýunda ispan kluby ýeňiş gazandy, 2 duşuşyk bolsa deňlikde gutardy. Oýunda polşaly Symon Marçiniak jürlewük çalar.

 

“Astanany pes göremzok” (“Benfika” – “Astana”)

Taryhynda ilkinji gezek gazak kluby Çempionlar ligasynda çykyş eder. Bu hormata eýe bolan “Astana” özüniň ilkinji oýnuny myhmançylykda “Benfika” bilen geçirer. Gresiýaly Sidiropulosyň eminlik etjek oýnuň myhman topar üçin ýeňil geçmejekdigi öňünden belli. “Astana” toparynyň bir wagtlar portugal kluby “Kampomaiorensede” oýnan bolgariýaly tälimçisi Stanimir Stoilow: “20 ýyldan soň Portugaliýa gelmek özboluşly duýgy. Dartgynly oýnuň bolmagyna garaşýan. Elbetde “Benfika” güýçli klub. Biz öz oýnumyz bilen olaryň oýnuny kabul ederis” diýip, gürrüň berdi. Stoilowyň şägirtleri şu ýylky 34 oýunda diňe 4 sapar utuldy. “Benfikanyň” täze tälimçisi Ru Witoria bolsa: “Gazak kluby “Astanany” biz pes göremzok. Olaram biziň üçin beýleki islendik klublar ýaly. Olar köp wagtdan bäri resmi duşuşyk geçirip gelýärler. Üstesine-de “kontrahüjümde” örän tiz hereket edýärler” diýdi. Bilermenler portugal toparynyň uly hasap bilen ýeňiş gazanmagyna garaşýarlar.

 

Argentinaly ýyldyz oýnap bilmez (“Mançester Siti” – “Ýuwentus”)

“D” toparçada iňlisleriň wise-çempiony “Mançester Siti” bilen soňky finalçy “Ýuwentusyň” arasyndaky oýun şu günüň iň esasy duşuşygy bolar. “Siti” 5 oýnunda-da ýeke gol hem geçirtmezden ýeňiş gazandy. Munuň tersine, “Ýuwentus” milli çempionata taryhynda ilkinji gezek 3 oýunda 1 utuk bilen başlady. Sloweniýaly Damir Skominanyň jürlewük çaljak oýnunda ýer eýelerinden Serjio Kun Agueronyň dyzynda şikesi sebäpli oýnap bilmejekdigi habar berildi. 1996/97 möwsüminden bäri Angliýada ýeňiş gazanyp bilmeýän “Ýuwentus” bilen “Mançester Siti” mundan ozal 4 sapar özara güýç synanyşdy. 2010-njy ýyldaky duşuşyklar deňlikde gutarypdy. 1976-njy ýylda-da her topar öz meýdançasynda ýeňiş gazanypdy.

 

Şowuz başlan iki topar (“Sewilýa” – “Borussia Mönhengladbah”)

UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolany üçin ýaryşa gönümel gatnaşan “Sewilýa” ilkinji synanyşygyny başdan geçirjek “Borussia M.” topary bilen Ispaniýada duşuşar. Geçen möwsüm Ýewropa ligasynda-da ýollary gabatlaşan iki toparyň şol duşuşyklarynda ispanlar ýeňiş gazanypdy (3-2, 1-0). Iki toparam öz milli çempionatlaryna şowsuz netijeler bilen başlady. 1978-nji ýyldan soň, ilkinji gezek UEFA-nyň bäsleşiklerine gatnaşýan “Borussia M.” “Bundesligada” 4 oýunda-da utuldy. “Sewilýa-da” 3 oýunda-da ýeňiş gazanyp bilmedi. Iki topar-da şu oýun bilen ösüş ýoluna çykmak isleýär. Oýnuň emini Çehiýadan Pawel Kraloweç bolar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar