Soňky habarlar

Arhiw

Oýnawaç – bu ýönekeý zat däl: nädip oýnawaç saýlamaly

0
36940

Çaga üçin oýun – diňe bir gyzykly wagt geçirme däl, eýsem, daş-töwerekdäki dünýä akyl ýetirmegiň ýoly bolup durýar. Hut oýun wagtynda körpäniň kiçijik hereketleri, onuň göz öňüne getirmek ukyby ösýär. Täze bilimlere bolan höwesi ýüze çykýar. Käbir çagalara çörek berme-de, oýnamaga gurjak we oýnawaç awtomobiljikleri ber. Käbirlerini bolsa iň üýtgeşik, ajaýyp oýunjaklar bilen hem maýyl edip bolmaz. Olaryň derrew ýüregi gysar.

Körpejikler we mekdebe çenli çagalar üçin oýnawaçlaryň saýlanylyşy:

Körpeler bir ýaşaýançalar özleriniň daş-töweregindäki gurşawy we predmetleri bilesigelijilik bilen öwrenýärler, kubikleriň we şykyrdawukly oýnawaçlaryň dürli röwüşli reňklerinden täsirlenýärler. Olary elläp, tagamyny dadyp görýärler. Şeýdip çagalar özlerini gurşap alýan ähli täze we üýtgeşik zatlary derňeýärler. 2—3 ýaşyndaky körpejiklerde ýönekeý oýnawaçlara ( maşynjyklar ýa-da mahmal aýyjyklar ýaly) bolan gyzyklanma peýda bolýar. Çagalar ýuwaş-ýuwaşdan oýun hadysalaryna girişýärler. Eger siziň çagaňyz dükandan satyn alnan oýnawaçlara biperwaý garap, oýun üçin egin-eşik serilýän gysgyçlar, iýmit gaplary we boş plastik çüýşeler ýaly eline ilen zatlary peýdalanýan bolsa, alada galyp oturmaň. Kiçijik adamyň fantaziýasy ( göz öňüne getirmek ukyby) islendik gelşiksiz, görnüksiz zady üýtgeşik, ajaýyp zada öwürýär.

3-4 ýaşynda çaga uzak wagtyň dowamynda ulularyň gatnaşygy bolmazdan, öz başyna oýnamaga ukyplydyr. Onuň ünsüniň jemi ýokarlanýar, oýlap tapyjylygynda çäk galmaýar. Çagajyk täze predmetleriň häsiýetnamalaryny üns bilen öwrenmegi dowam etdirýär. Oýun prosessine ses berýär (çagalaryň köpüsi öz hereketlerini daşyndan gürrüň berip, aýdym aýdyp ýa-da aýratyn sözleri ýa-da gepleşikden alnan söz böleklerini samraşdyryp, sesli oýnaýarlar). Şeýle hem, çagalar öz oýunlarynda uly adamlaryň özüni alyp baryşlaryna, hereketlerine öýkünip başlaýarlar. Gyzjagazlar gurjaklary hüwdülemek bilen, enäniň keşbini özleşdirýärler. Oglanjyklar bolsa özboluşly garaž (awtomobil goýulýan ýer) gurup, oňa oýnawaç plastik awtomobilleri ýerleşdirýärler.

3 ýaşly çagalar bir sagadyň dowamynda arakesmesiz oýnamaga ukyplydyr. Çagalar ulaldygyça olaryň oýun üçin aýyrýan wagtlary hem artýar. Ata-eneleriň wezipesi: çaganyň oýun işjeňligini höweslendirmek bolup durýar. Siz öz ogluňyzda ýa-da gyzyňyzda täze gyzykly oýunlara bolan gyzyklanmany ösdürmek bilen, olaryň gündelik oýunlarynyň dowamlylygyny artdyryp bilersiňiz.

Mekdebe çenli çagalaryň oýunlary has düşnükli bolýar. 5-den 7-ä çenli ýaşdaky çagalar işjeň derňewçiler bolup durýarlar. Olar höwesjeňlik bilen gurjaklary söküp, olaryň nämeden we nädip ýasalandygyny öwrenýärler, tapmaçalary çözýärler, oýnawaç jaýlary gurup, olary reňkleýärler. Şeýlelikde, olar oýun arkaly uly adamlaryň kärlerini özleşdirýärler. Mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň oýnawaçlarynyň, esasan, ösdüriji häsiýete eýedigini nazara alyp, olary okuwa taýýarlamalydygyny unutmaň. “Kwartet” psihologik merkeziniň baş müdiri, psihologiýa ylymlarynyň kandidaty Anton Soriniň pikirine görä, mekdep ýaşyna ýetmedik çaga üns nokadynyň üýtgänligi sebäpli (mysal üçin, häzirki wagtda ýörgünli bolan kompýuter oýunlaryna), oýnawaçlar bilen gyzyklanman hem  biler. Eger-de, çaga oýunlara, oýnawaçlara we daş-töwerekdäki zatlara biperwaý bolsa, onda başga gürrüň. Beýle ýagdaý çaganyň dünýä bolan ynamynyň pesliginiň subutnamasy bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar