Soňky habarlar

Arhiw

Mellekçilere sentýabr aýy üçin maslahatlar

0
5475

1.Eger siz awgustda sarymsakdyr sogany ýygnap ýetişmedik bolsaňyz, häzir bu işleriň aýny wagty geldi. Hasyly ýygnamaga guruka we güneşli howada girişiň. Soganyň düýbi ol bolsa, ony mazaly guradyň. Soganyň sülleren gögüni düýbüne gaty golaý kesmeli däldigini ýatdan çykarmaň, ýogsa ol belli bir möhlete saklanan halatynda dessine çüýremek bilen bolar.

2.Eger awgustyň ahyrynda bakja zemlýanikasyny oturdyp ýetişmedik bolsaňyz, ony aýyň birinji ongünliginde ýerine ýetirip bolar. Ösümlik gyşyň aňzaklaryna çenli täze ýere uýgunlaşyp biler. Olary oturtmak üçin güneşli ýeri saýlap almaly.

3.Sentýabryň ahyrynda güýzki sarymsak oturdýarys.

4.Sentýabryň dowamynda heniz sowuk düşmänkä atyzlardan şugundyry ýygnaýarys. Ýapraklaryny çyrpan halatymyzda köki miweli önümiň depejigini zaýalamazlyga çalyşmaly. Çünki belli bir möhlete saklanyş döwründe şeýle önümiň şiresini, tagamyny we reňkini ýitirmegi mümkindir.

5.Kelemi suwarmagy bes edýäris.

6.Topragy güýzki dökünler bilen üpjün edýäris. Kompost we farfor-kaliý dökünleri ýere ol heniz depilmänkä berilmelidir.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar