Soňky habarlar

Arhiw

Dawa çözmek sungaty: ara tow düşende ulanylmaly 6 düzgün

0
36768

Eger siz bagtyýar maşgalalarda sögüşilmeýär diýip pikir edýän bolsaňyz, tamaňyzy ödemän bileris, çünki psihologlar munuň edil beýle-de däldigini tassyklaýarlar. Dawalardan sowlup geçjek bolmak “sagdyn” sögüşmeden hem kän zyýanly bolup biler. Hemmelerde diýen ýaly gahar-gazap ýygnanyp bilýär, şonuň üçin onuň çykmagyna-da ýol bermeli.

Eger-de, ýanýoldaşlar tersleşmekden erjellik bilen saklanýan bolsalar, munuň özi olaryň gatnaşyklarynda ýakynlygyň ýetmezçilik edýändiginden habar berip biler. Aslynda sene-meneleriň ýoklugy däl-de, siziň şeýle pursatlarda özüňizi alyp barşyňyz möhümdir. Psihologlar ýerlikli jedellerde şu 6 düzgüniň berjaý edilmelidigini belleýärler:

Amatly pursat

Çylşyrymly meseleleri gije we ajöze wagtyňyz çözmejek boluň. Jübütleriň agramly böleginiň goýberýän ýalňyşy-da, wajyp meseleleri çözmäge ýarygije girişýänligindedir. Muňa derek siz ikiňiziňem parahat we hiç ýere howlukmaýan wagtyňyzy saýlap alyň.

Duýgularyňyzy günä ýönekeýje “sen” diýen sözi däl-de, bitarap “men” diýen sözi ulanyp beýan ediň. Adamyňyz bilen jedel edeniňizde, öz başdan geçirýän duýgularyňyzy mälim ediň, mysal üçin: “öýde hemişe şeýle köp işleri ýerine ýetirmeli bolýandygym üçin men özümi halypes duýýaryn”. Şeýle-de, “sen maňa hiç wagt kömek edeňok” diýip, oňa igenmäň. “Sen” diýmek bilen, siz adama hüjüm edýärsiňiz, şonda oňa bir ýol — goranmak galýar. “Men” aňlatmasynyň gulaga hoş ýakýanlygy sebäpli ol siziň bilen gepleşmegini dowam etdirer.

“Agşamyň haýryndan ertiriň şeri”

Howlukmaç karara geleniňden gaharlyrak hem bolsaň, düşegiňe geçip ýatanyňyz kem däl. Wagtyň geçmegi bilen, siz gatnaşyklar meselesindäki işleri ertire goýsaň gowy bolýandygyna düşünersiňiz. Çünki gaharly hem keýpsiz haldakaňyz siziň beýniňiz oýlanyşykly pikirlenmäge ukypsyz bolýar. Oňa kadaly ýagdaýa gelmek üçin 30 minut dagy gerek bolýar. Gije bize köşeşmäge we ýakynda edilen teklibiň gelejegini oýlap-ölçermäge mümkinçilik berýär.

Ýalňyşyňyzy dogruçyl boýun alyň we ötünç soraň

Haçan-da, nikada düşünişmezlikler ýaňy başlanaýan halatynda size özüňize hukugy we şahsy erkinligi gazanýan ýaly bolup görünmegi-de mümkindir. Ýöne wagtyň geçmegi bilen siz şeýleräk görnüşiň şaýady bolarsyňyz: ýeňiji bolmak we mamladygyňy subut etmek hökman däl-de, eýsem, öz-özüň bolup galmak wajyp eken. Eger siz ýanýoldaşyňyzyň göwnüne degen ýa-da oňa gaharly daran bolsaňyz, ötünç soraň. “Hawa, menem ýalňyşdym, ýöne senem mamla däldiň” diýip, özüňizi aklajak bolmaň. Oňa derek ähli jogapkärçiligi öz üstüňize alyp, öz ýalňyşlaryňyzda ünsi jemläň.

Özüňizi alyp barşyňyza serediň

“Özüňden çykmazlygyň” bir usuly — bu stressi peseltmekdir. Haçan-da, howsala düşen mahalyňyz biziň tiz gaharymyz gelýär. Munuň özi has uly we güýçli dawa etjekdigimizi aňladýar. Şeýle haldaky adama uludan dem almak, doga ýa-da ulanylýan beýleki usullar kömek edýär, olar sizi hemişe köşeşdirýär.

“Degişmäniň ýeri”

Degişme dartgynlylygy peseldýär, degşilen halaty jedelleşmek ýa-da bir-birege gaharlanmak kyn bolýar. Esasy zat, degişmäňiziň ýanýoldaşyňyzyň göwnüni ýykmaýandygyna we onuň ahwalyny diňe ýaramazlaşdyrýandygyna göz ýetiriň. Eger sizden umumy şatlyga ýol açýan umumy temaňyz ýa-da ikiňizem ýylgyrmaga mejbur edýän jümleleriňiz bar bolsa, olary ulanyň. Bardy-geldi degişmäňize düşünilmez öýtseňiz, gowusy, ondan ýüz öwrüň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar