Soňky habarlar

Arhiw

«D» toparça: milli ýygyndymyzyň mümkinçilikleri

0
4635

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň futbol boýunça milli ýygyndysy nobatdaky dünýä we Aziýa çempionatyna çykmagyň üçünji saýlama tapgyrynyň üçünji duşuşygynda myhmançylykda Omanyň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda ýeňildi. Şeýlelikde, milli ýygyndymyz geçiren 3 duşuşygynyň 2-sinde ýeňlip, birinde deňlik bilen oýnap, bir utuk toplady we häzirlikçe toparçada 4-nji orny eýeleýär. Şu duşuşykdan soňra emele gelen käbir sanlara we maglumatlara ünsüňizi çekmek isleýäris:

— Ilkinji nobatda, diňe «D» toparçanyň, ýagny ildeşlerimiziň çykyş edýän toparçasynyň iň netijeli futbolçylaryna ser salanymyzda, aşakdaky ýaly sanaw emele gelýär:

1. Sunil Çetri, Hindistan, 4 gol;

2. Serdar Azmun, Eýran, 3 gol;

3. Mehdi Taremi, Eýran, 2 gol;

4. Amad Al-Hosni, Oman, 2 gol;

5. Brandon McDonald, Guam, 1 gol;

6. Travis Nicklaw, Guam, 1 gol;

7. Ashkan Dejagah, Eýran, 1 gol;

8. Mehdi Torabi, Eýran, 1 gol;

9. Qasim Said, Oman, 1 gol;

10. Raed Ibrahim Saleh, Oman, 1 gol;

11. Ruslan Mingazow, Türkmenistan, 1 gol;

12. Arslanmyrat Amanow, Türkmenistan, 1 gol.

— Şu sanawdan hem görşüňiz ýaly, ildeşlerimiziň garşydaş derwezelere geçiren pökgüleriniň ikisiniň hem awtory daşary ýurtlaryň ligalarynda oýnaýan ildeşlerimiz.

— Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň goragçylary myhmançylykda geçirilen duşuşyklaryň ikisinde hem dartgynly oýun pursatlarynda ýalňyşlyk bilen öz derwezelerine pökgi geçirdiler.

— Diňe ýekeje hüjümçi bilen oýnaýan milli ýygyndymyzyň gollarynyň ikisini hem ýarym goragçylar geçirdi.

— Milli ýygyndymyzyň mümkinçilikleri:

Häzirlikçe Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 1 utugy bar. Ýygyndymyz toparçada dördünji orunda. Eger-de milli ýygyndymyz şu ornundan ýokary galyp bilmese, dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyryna çykmak mümkinçiligini doly ýitirýär, ýöne ildeşlerimiz Aziýa çempionatynyň üçünji tapgyryna gatnaşyp bilerler. Häzir ähli toparçalaryň dördünji orunly eýeleýän ýygyndylarynyň arasynda iň gowy netije Türkmenistanyň milli ýygyndysyna degişli. Bu bolsa ildeşlerimize Aziýa çempionatynyň saýlama ýaryşlarynyň üçünji tapgyryna göni gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Toparçalarda 4-nji orny eýeleýän milli ýygyndylaryň arasynda diňe Türkmenistanyň ýygyndysynyň 1 utugy bar, galanlary entek ýeňiş gazanyp görenok.

— Ildeşlerimiz toparçadaky 4-nji duşuşyklarda dynç alar. 8-nji sentýabrda geçiriljek 4-nji duşuşyklarda Guam Omanyň, Hindistan Eýranyň milli ýygyndysyny kabul eder.

— Türkmen futbolçylary nobatdaky duşuşygyny 8-nji oktýabrda Hindistanyň milli ýygyndysy bilen geçirer. Bu duşuşyk Türkmenistanda (Aşgabatda geçirilmegine garaşylýar) bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar