Türkmenistanyň Kubogy — 2015: ilkinji duşuşyklar barada käbir pikirler, sanlar, maglumatlar

0
10136

1-nji awgustda futbol boýunça ýurdumyzyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşa badalga berler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolan toparyň AFK-nyň derejesindäki ýaryşa gatnaşdyrylmagy Kubogyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu bolsa Kubok ugrundaky ýaryşyň has-da çekeleşikli geçmegine sebäp bolýar.

Mälim bolşy ýaly, milli çempionatymyzyň ikinji aýlawyndan soňra, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» topary iň ýakyn garşydaşyndan 10 utuk ara açyp, çempionlyk ugrunda ynamly gadam urýar. Ikinji orunda barýan «Ahalyň» «aragatnaşykçylaryň» yzyndan ýetmegi üçin «Altyn asyryň» 3 gezek ýeňlip, bir gezek hem deňlik hasap bilen oýnamagy gerek. Ýöne yzda galan iki aýlawda «aragatnaşykçylaryň» diňe ýekeje duşuşykda ýeňlendiginden, toparyň edil häzirki ýagdaýda düzüminiň beýleki garşydaşlaryndan has güýçlüdiginden ugur alsak, garşydaşlaryna «Altyn asyry» 3 gezek ýeňlişe sezewar etmek kyn düşse gerek. Şonuň üçin hem AFK-nyň ýaryşlaryna çykmagy niýet edinen beýleki toparlar, esasan, Türkmenistanyň Kubogyny gazanmaga dalaş etseler gerek.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşa jemi 11 futbol topary gatnaşýar. Olaryň 10-sy ýokary liga, biri bolsa («Köpetdag») birinji liga wekilçilik edýär. 1-nji awgustda ýokary liganyň iki aýlawynyň jemleri boýunça soňky orunlary eýelän «Merw», «Energetik», «Daşoguz» toparlary we şu ýyl döredilip, birinji ligada şowly çykyş edýän «Köpetdag» öz aralarynda duşuşarlar. Ilkinji duşuşyklar «Merw» bilen «Köpetdagyň», «Energetik» bilen «Daşoguzyň» arasynda bolar.

Ýaňy-ýakynda Türkiýe Respublikasynda okuw-türgenleşiginde bolup, bu ýerde geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsinde ýeňiş gazanan «Merw» «Köpetdag» bilen boljak duşuşykda hem garşydaşyna görä rüstem görünýär. Ýöne tomusky arakesme döwründe «Köpetdagyň» hem boş oturmandygyny, Aşgabatda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirendigini ýatlatmak isleýäris. «Energetik» bilen «Daşoguzyň» arasyndaky duşuşykda bolsa rüstemlik «energetikçileriň» tarapynda ýaly. Toparlar ýokary ligada duşuşanlarynda hem artykmaçlyk «Energetigiň» tarapynda bolupdy.

1-nji awgustda duşuşjak toparlaryň Türkmenistanyň Kubogynda görkezen netijeleri hakynda käbir maglumatlara hem ünsüňizi çekmek isleýäris.

«Merw» topary ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşda jemi 92 duşuşyk geçirdi, olaryň 44-sinde ýeňdi, 30-synda ýeňildi. Toparyň geçiren 18 duşuşygy bolsa deňlik bilen tamamlandy. Pökgi gatnaşygy: 138 — 111. Topar Türkmenistanyň futbol Kubogyny 2005-nji we 2008-nji ýyllarda eýeledi, 1993, 2007 we 2009-njy ýylda bu ýaryşyň finalyna çenli baryp ýetdi.

«Daşoguz» topary Kubok ugrundaky ýaryşda jemi 59 oýun geçirdi. Şolaryň 23-si «Daşoguzyň» peýdasyna tamamlandy, 27 duşuşykda bolsa «daşoguzlylar» garşydaşlaryndan asgyn geldiler. Topar Kubok ýaryşlarynyň 9 duşuşygynda deňlik hasap bilen oýnadylar. Pökgi gatnaşygy: 82 — 94. «Daşoguz» 1995-nji ýylda ýurdumyzyň Kubogyna mynasyp boldy.

«Energetik» we «Köpetdag» toparlary Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa birinji gezek gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar