Soňky habarlar

Arhiw

DALAŞGÄRE HAT

0
28295

(Şu günler ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resminamalaryny kabul ediş möwsümi dowam edýär)

«Salam, dalaşgär dostum!

Ine-de seniň üçin has möhüm döwür başlady. Ýokary okuw mekdepleriň haýsy-da bolsa birine resminamalaryňy tabşyryp, indem gijäňi gündiz edip synaglara taýynlanýansyň. Ýoldaşyň, ýassygyň kitapdyr. Giriş synaglaryna bütin ýylyň dowamynda-da taýynlanansyň welin, häzirki okaýşyň öňküleriň dagy çeni-çaky däldir. Özüňem synaglary alada edýänsiň. Düşünýän. Giriş synagyna taýýarlanýarkam, men hem edil seňki ýaly haldadym. Ýöne artykmaç aladanyň juda bir peýdaly zat däldigine talyp bolanmydan soňra düşündim. Özüň pikir edip gör, ynha giriş synagyna taýynlanyp otyrsyň. Sagyň-soluň giden kitap bolup ýatyr. Seniň baş maksadyň kitaplardan maglumat almak ýaly welin, beýniň bir künjeginde synaglar sebäpli döreýän alada hem bar. Şeýlelikde, sende pikir bulaşyklygy döreýär. Pikirleriň bulaşmagy bolsa maglumatlary kabul edip bilijilik derejäňi azaldýar. Gepiň gysgasy, saňa bu haty ýazmakdan maksadym – “Synag aladasy” ýa-da “Synag gaýgysy” diýlip atlandyrylýan ahwallary ýeňmek babatynda käbir tekliplerdir maslahatlar bilen ýüzlenmek isleýärin. Bu maslahatlaryň saňa talyp bolaňdan soň hem peýdasynyň degjekdigine ynanýaryn.

Diýmek, maňa üns ber. Hem-ä maslahat alarsyň hem-de birazajyk beýniňe dynç berersiň. Eger sen taýýar bolsaň başlabereli.

Ilki bilen, saňa Genri Forduň “Bir işi başaryp biljegiňize-de, bilmejegiňize-de ynansaňyz, siz mamlasyňyz” diýe sözüni ýatlatmak isleýärin. Munuň özüne ýetik sebäbi bar. Çünki synaglar ýakynlaşdygyça her bir dalaşgäriň beýnisinde asla ýerliksiz bir sorag döreýär: «Eger synagdan geçip bilmesem näme bolarka?» Çarles F. Kettering: «Eger her gezek gaý turanda ýolagçylar gämini terk eden bolsalardy, onda häzirki wagta çenli hiç kimem okeanyň aňry çetinde näme bardygyny bilmezdi» diýýär. Diýmek, synaglarda üstünlik gazanmak üçin synag aladasyny ýeňip geçmek zerur şertleriň biri bolup durýar. Synag aladalarynyň nähili döreýşi, onuň alamatlary barada saňa düşündirip oturmagyň hajaty hem ýok. Synag aladasynyň artmagy bilen özüňi erbet duýýandygyňy, ynamyň azalýandygyny özüň hem bilýänsiň. Aslynda şeýle ýagdaý talyplaryň hem käbirine mahsus. Muny bir söz bilen “gaýgyçyllyk” diýip atlandyryp bileris. Gaýgyçyl dalaşgär (ýa-da talyp) okamagy juda söýýändir, ýöne duýgularyna-da erk edip bilýän däldir. Gaýgyçyllar diňe synaglary däl, durmuşda her bir ýagdaýy alada edýärler. Olar maşgalalary ýa ýakyn dostlary üçin hem her pursatda endişelenmäge häzirdirler. Hut şu gylyklary üçin olaryň abraýy hem uludyr. Gaýgyçyl ýa-da aladaçyl adamlar ähli işi düzgüne laýyk berjaý etmäge çalyşýar. Şol bir wagtyň özünde olar tankyda taýýarlyksyzdyr, hemişe gowy adam hökmünde tanalmak islegleri güýçlüdir. Hatda alada edýän zatlary olara düýşünde-de ynjalyk bermez. Tä başyndaky alada aýrylýança, bir ýerde durup karary ýokdur. Gepiň gysgasy gaýgyçyllyk biziň hemişe duýgularyň yzyna düşmegimizi ýola goýýar. Käte bolsa aşa aladaçyllygymyz sebäpli sebäbini bilmeýän gorkularymyz hem ýüregimizden ýer alyp bilýär. Hut şonuň üçin hem aladaçyl adamlar maşgalasyna baglydyr. Ýakynlarynyň mydama ýanynda bolmagyny we her pursatda kömek goluny uzatmaga taýýar bolmagyny isleýärler. Şol zerarly hem rahat uky babatynda-da kösençlik çekýärler. Şeýle häsiýetli adamlara synag aladasy has-da jebis ýapyşýar.

Gel, indi synag aladasy zerarly beýnimizde döreýän soraglary hatarlaly:

«Men bu synagdan geçip bilermikäm?»

«Eger dostlarym synagdan geçip, men ýykylaýsam, olaryň arasynda ýüzüm gyzarmazmy?»

«Meni iýdiren, geýdiren, ähli zerurlyklarymyň öwezini dolan ejemdir kakamyň umydyny ýyksam, olaryň ýüzüne nädip bakaryn?»

«Pikirlerim bulaşyk, okanlaryma düşünip bilemok, synagdan geçip bilmejege meňzeýän – okamaga başlanymda beýnimi şeýle duýgular gurşaýar. Meniň halym nähili bolarka?»

«Men entek doly taýýar däl, ýöne wagt hem juda az galdy. Synag ýadyma düşdügiçe kejebäm daralýar. Men näme etmeli?»

Garaz, şular we şulara meňzeş soraglar aladaçyl dalaşgäriň beýnisini gurt kimin iýýär. Ýöne şeýle mazmunly soraglaryň berjek netijesini aklyňa getirip gördüňmi? Gel, onda şol netijäni bile kesgitlemäge çalşaly. Ilkinji nobatda şeýle soraglaryň biziň okaýşymyza ýaramaz täsir edip biljekdigini unutma:ly. Soraglarymyyzň sany köpeldigiçe özümize bolan ynamsyzlygymyz artar. Okan zatlarymyzdan netije alyp bilmeris. Iň soňunda-da garaşýan howpumyz – synagdan geçip bilmezlik bilen garşylaşyp bileris. Ýerliksiz soraglaryň sanyny köpeltmek hem, azaltmak hem özüňe bagly. Käbir zadyň azalany haýrynadyr.

Indiki basgançak – synag aladasynyň alamatlary. Synag aladasynyň ýürek urşunyň ýygylaşmasy, ýüzüň gyzarmagy, aýalaryň derlemegi, kellagyry, baş aýlanma, ynamsyzlyk zerarly elleriň titremegi ýaly alamatlary bolup, sen bulardan iň gysga wagtyň içinde halas bolmaga çalyşmalysyň. Bu alamatlaryň ählisiniň ýekeje dermany bar. O-da synag gaýgysyndan halas bolup bilmek.

Eýsem, synag aladasy sebäpli içki dünýämizde döreýän gopgunlylyk bize ne derejede täsir edýärkä. Aslynda bir zady alada etmek şol zatdan gowy netije almagyň çeşmesi. Eger siz synaglary asla alada etmän, olara taýýarlanmaýan bolsaňyz, synagda berlen soraglary nähili jogaplajak?! Ýöne aşa aladalanma hem peýdaly däldir. Aşa alada biziň öwrenmegimizi kynlaşdyrýar. Şonuň üçin hem aşa aladaçyllaryň synagdan geçip bilmek ähtimallygy pesdir. Çünki artykmaç aladanyň beýnä ýetirýän täsiri öwrenmek üçin gerek bolan protoin sinteziniň öňüni bökdeýändigini lumanlar bireýýäm mälim etdiler. Bularyň üstesine-de geçirilen barlaglaryň netijesinde synag aladasynyň operasiýa girmeli hassanyň edýän gaýgysyndan has ýokardadygy kesgitlenildi. Germaniýanyň Erlangan uniweristetiniň lukmançylyk psihologiýasy bölüminiň hünärmeni Siegfried Lehr geçiren barlaglaryna daýanyp, aşa aladaçyl adamlaryň beýnisinde 40 ýaşdan soň yza gaýdyşyň ýüze çykyp başlaýandygyny ýazýar. Diýmek, synag aladasyndan, hökmany suratda, halas bolmak gerek.

Gel, synag aladasyndan halas bolmagyň ýollaryna geçmezden öňürti, onuň sebäplerini anyklamaga çalşaly. Bu sebäpleri bilelikde sanap hem bileris. Başlaly: Özüňe ynamsyzlyk, belli bir karara gelip bilmezlik, maşgala agzalarynyň islemeýän ugruňyzy maslahat bermegi, öň başdan geçiren şowsuzlyklaryňyzyň gaýtalanmak howpundan endişelenmegiňiz, garaşýan netijäňiz, mümkin däl hasap edýän ýagdaýlaryňyz, saýlan ugruňyz boýunça maglumatlaryňyzyň ýetik bolmazlygy (az okamak) we ş.m. Synag aladasynyň sebäbi bolup biljek ýagdaýlaryň sanawyny näçe uzaltsaň, uzaldyp oturybermeli. Ýokarky aýdylanlara maksadyň nätakyklygyny, meýilnamasyzlygy, okamak düzügünleriniň bilinmezligini, maslahatçy adamlaryň bolmazlygyny, töweregiňizdäkileriň terslin täsirini we beýleki sebäpleri goşup bolar. Esasy zat özüňde dörän aladanyň baş sebäbini anyklamagy başarmaly. Ondan soňky basgançak bolsa, bu päsgelçiligi ýeňip bilmekdir.

Gürrüňimiziň esasy ýerine geldik. Eýsem, artykmaç synag aladasyndan, şol alada sebäpli döreýän gaýgydan nähili halas bolmaly? Ilki bilen synaglara taýýarlanmagyň meýilnamasyny düzüň. Okap başlamazdan öňürti synag tabşymak isleýän ugruňyzdan hünärmenler bilen maslahatlaşmagyň peýdasy uludyr. Bu babatda Emerson: «Gorkynyň çeşmesi sowatsyzlykdyr» diýýär. Eger-de öňüňde goýan meýilnamalary amal edip biljekdigiňe gözüň ýetse (meýilnamany amal edip biljek derejäňde düzmeli), özüňe ynamyň artar. Bu bolsa synag aladalaryňy ep-esli derejede ýeňleder. Deýl Karnegä gulak asaly. Dünýä meşhur psiholog: “Islendik dert üçin bir derman bardyr we ol dünýäniň ähli dermanlaryndan güýçlüdir. Oňa «işlemek» diýýärler” diýip ýazýar.

Özüňize bolan ynam synag aladasyny azaldan bolsa, bu ynamyň mundan beýläk hem ösüşini gazanjak bolmaly. Munuň üçin öň başdan geçiren şowlulyklaryňy ýatlap bilersiň. Şeýle şowlulyga ýene bir ýola ýetip biljekdigiňe ynan.

Hakykatçyl bol. Şuny başarmasaň, öňde goýan maksadyňa sary barýan ýolda ýalňyşlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiň. Şeýlelikde, ýene özüňi ukypsyz hasaplamak başlanar. Şonuň üçin özüňi gowy tana, derejäňi bil, mugallymlaryňdan ýardam almagy hiç haçan kiçilik bilme. Jonatan Swift: «Hiç kim hem hakykata seretmek islemeýänler ýaly kör däldir» diýýär. Hakykaty görmek – üstünligiň gapysyny açýar, gaýgyny azaldýar.

Başdansowmalyklardan daşda dur. Aklyňa gelen pikirlere däl, eden işiňe hormat goý. Hakykata daýanýan, meýilnamaly edilen iş aklyňa gelen gorkudyr gaýgylary ýeňmegiň iň şypaly dermanlarynyň biridir.

Umytly bol. Käbir hassalara umydyň dermandan güýçli täsir edýändigini unutma. Gaýgyny-da umyt bilen ýeňip bilersiň. Umytdan düşürjek pikirlerden daşda dur. Meýilnamaly taýýarlansaň, umyt hemişe ýanyňda bolar.

Özüň ýaly synaga taýýarlanýan dostlaryňyň ýanynda köpräk bol. Olardan öwren, maslahatlaş. Bilelikde süýji arzuwlara besleniň. Ýöne başgalaryň sen barada etjek pikirlerine hem berilme. Özüňçe hereket et. Goý, sen barada kim näme pikirde bolsa bolubersin. Haklydygyňy maksada ýeteňsoň subut edersiň.

Synaglara taýýarlanýarkaň, özüň barada pikirlenjek bolsaň: «Synagdan geçmek üçin elimden gelenini edýärin. Öz üstüme düşen işi amal etmek meniň borjum. Işiň galan bölegi maňa degişli däl» diýen ýaly, umytlandyryjy pikirlere berilseň gowy bolar. Şeýle terzdäki pikirler wyždanyňa rahatlyk berer, hem-de elbetde, gaýgyňy azaldar.

Wakalary ulaltma, her zady öz bolmaly ýaly kabul et. Belki synaglar, seniň pikir edişiň ýaly, beýle bir kyn hem däldir. Hut seniň derejäňdedir. Onsoňam synagdan geçýänlerden seniň näme kemiň bar?

Okamaly zadyň her näçe kän hem bolsa, saz diňlemäge, sport bilen meşgullanmaga, telewizora tomaşa etmäge, gazet okamaga we beýleki beýniňe dynç beriji zatlara wagt tap.

Şu wagt talyplaryň tomusky dynç alyş döwri. Ýakynyňyzda ýaşaýan talyplar bilen söhbetdeş bol. Nirede, nähili hereket etmelidigini öwren.

Özüňiň aýratyn bir şahsyýetdigiňe düşün. Başgalara meňzejek bolma. Diňe özüň bol. Sebäbi maksat özüňki, ony kesgitlediň, oňa ýetjek hem sensiň. Şonuň üçin hem öňde goýan maksadyňa nä derejede ýetip biljekdigiňi hem diňe sen kesgitläp bilersiň.

Iň esasy zat bolsa, synag saňa durmuşdaky ähli zady aňlatmaýar. Zehin goruňyň diňe bir synag bilen ölçenmejkedigine düşün. Synagdan geçip bilmegi hem, ondan ýykylmagy hem adaty zat hökmünde kabul et. Elmydama, ertire bolan ynam bilen ýaşa.

Dalaşgär gardaş! Şu maslahatlary okamak üçin sarp eden wagtyňa ökünmeýän bolsaň gerek. Çünki synaglara nähili taýýarlanmalydygyny we özüňi nähili alyp barmalydygyny öwrenmek hem okamak ýaly peýdalydyr. Berlen maslahatlara eýerip, synaga rahat girersiň diýip umyt edýän. Biz ýene kän söhbet edip bileris. Ýöne indiki söhbedimizi talyplykda edeli. Talyplyk dünýäsinde görüşýänçäk, hoş wagtyň! Synaglarda üstünlik arzuw edýärin!

Salam bilen,

"Talyp dostuň!"

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar