Soňky habarlar

Arhiw

Talyplyga dalaşgärler üçin käbir anyk maglumatlar

0
87806

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işi 11-nji iýulda başlady. Ýokary okuw mekdeplerine resminamalar 27-nji iýula çenli kabul ediler. Giriş synaglary bolsa 30-njy iýulda başlap, 22-nji awgusta çenli dowam eder. Synaglaryň wagty her ýokary okuw mekdebine görä üýtgeýär.

Hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilmegi 11-nji iýuldan 19-njy awgust aralygynda, giriş synaglary 21-nji awgustdan 26-njy awgust aralygynda geçiriler.

Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň sekizisi açyldy. Olar:

  1. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetinde «Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi» hünäri,
  2. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek» hünäri,
  3. Türkmen döwlet binagärçilik-gurluşyk institutynda «Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy» hünäri,
  4. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Ykdysadyýet kibernetika» hünäri,
  5. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda «Gämi gurluşygy we umman tehnikasy» hünäri,
  6. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda  «Radioelektron ulgamlary we toplumlary» hünäri,
  7. Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda «Elektrik we ýylylyk öndürmegiň tehnologiýasy» hünäri,
  8. Türkmen milli konserwatoriýasynda «Opera sungaty» hünäri.  

Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 7128 adam kabul etmeklik göz öňünde tutulýar. Munuň özi geçen ýyldakydan 267 adam köpdür.

Şeýle-de, şu ýyl 2 sany täze orta hünär okuw mekdebi açylýar. Täze açyljak orta hünär okuw mekdepleriniň biri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň politehniki orta hünär okuw mekdebidir.

Şu ýyl bu orta hünär okuw mekdebine 6 hünär boýunça 150 adam kabul ediler.

Beýleki biri bolsa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň garamagyndaky neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebidir. Bu orta hünär okuw mekdebine 3 hünär boýunça 45 adamy kabul etmeklik göz öňünde tutulýar.

Käbir orta hünär okuw mekdeplerinde bolsa täze hünärler açylar. Olar;

«Türkmenhowaýollary» Döwlet milli gullugynyň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde awiasiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmek (käri — ýangyn howpsuzlygynyň inspektory) hem-de awiasiýada gatnawy guraýyş (käri — gatnawy guraýyş boýunça tehnik) ýaly hünärleri.

Şu okuw ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň sargytlary esasynda orta hünär okuw mekdeplerine 8342 adam kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 629 adam köpdür. Şeýle-de, täze okuw ýylynda ýurdumyzyň başlangyç hünär okuw mekdepleriniň 77-sinde ýaşlaryň 30 müňüsiniň kabul edilip, okadylmagyna garaşylýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar