Arhiw

Iki sowal. Siziň durmuşyňyzyň olara nähili jogap berjekdigiňize bagly

0
26370

Üýtgeşik barlag synagy!

Bu ilki göräýmäge diýseň adaty durmuşy barlag synagy boldy. Biri-birini tanamaýan iki adamyny bir otagda ýerleşdirip, olaryň arasyny germew bilen böldüler. Olaryň hiç biri germewiň aňyrsynda kimiň ýa-da nämäniň bardygyny bilenokdy.

Ikisine-de bassyr iki sowal berildi. Olaryň ilkinjisi: "Eger siz bir isleg aýtmaly bolsaňyz, ol näme bolardy?" ikinjisi: "Sizi näme bagtly edýär?"

Sag gyrada oturan adamlar biziň köpimiziň beräýjek jogabymyzy berdiler. Olar gowy iň, köpräk syýahat etmek we tizräk üstünlige eýe bolmak islediler.

Ýöne haçan-da olar öz göze görünmeýän ýoldaşlarynyň jogaplaryny eşidenlerinde doňup galdylar.

Ine, olaryň jogaplary:

"Men dünýäde agyry-ynjynyň we keselleriň bolmazlygyny arzuw edýärin".

"Ir bilen ukudan oýanyp, öz uýamyň ýylgyryp duranyny görenimde, men özümi bagtyýar duýýaryn".  

Bu barlag synagynyň awtory — ispan suratçysy Paola Kalasanz. Mesele bolsa şunda: sag tarapda adaty sagat adamlar, çep tarapda bolsa ýa özi, ýa-da maşgala agzasy ýakynda düwnük keseline uçrandygyny bilip galanlar ýerleşdirildi. Barlag synagyna gatnaşan iki toparyň gymmatlyklara bolan garaýyşlarynyň arasyndaky tapawuda haýran galaýmaly.

Kalasanz öz geçiren barlag synagynyň hemmeleri, ilkinji nobatda hem sagat adamlary öz garaýyşlaryna täzeden seretmäge borçly etmeli.

Gelip çykýan gysgajyk many şeýle: durmuşda ownuk zatlaryň-da gadyryny bilmek endigini ele almaga wagt tapyň. Siziň ileri tutýan närseleriňiziň sanawynda jan saglygy öňdäki orunda durmalydyr.

Şonuň ýaly-da, hemişe ýadyňyzda saklaň: "Biz tä ony ýitirip barýandygymyza göz ýetirmesek, durmuşyň gadyryny bilemzok. Ownuk zatlaryň gadyryny biliň".       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar