Soňky habarlar

Arhiw

Öýi nädip çaga üçin howpsuz etmeli?

0
13619

Çagalary şikeslerden we başga erbetçilikerden goramak üçin köp usullar bar. Hususanda, onuň üçin bizi gurşap alýan şertlerde gizlenip duran we bolup biläýjek howpy takyk bellemeli. Käbir zatlar saglyga howp salyp bilerler, başga zatlar abadançylyga zyýan ýetirip bilerler. Jogapkär ata-eneleriň meselesi-bu töwekgelçiliklere baha bermek we “duşmanlary” güýçden düşürmek bolup durýar.

Gapylar we äpişgeler

Egerde siz gapylara maýyşgak amortizatorlary oturtsaňyz, onda ol doly ýapylmaz we çaga barmaklaryna zeper ýetirmez. Ýogsada, şol gurluşlaryň kömegi bilen onuň özi eli ýetmedik ýagdaýda-da, özbaşdak gapyny açyp biler. We şeýle-de gerek bolan ýagdaýynda ýöremäge öwrenýan wagtynda hem olardan saklanyp biler. Ýörite berkidijiler oňa äpişgäni açmaga bermezler (bir kiçijik deşik goýup bilersiňiz-çaga oňa girip bilmez).  Olar aňsatlyk bilen berkidilse (abzalsys, nurbatsyz) we aňsatlyk bilen sökülip aýyrylsa gowy bolardy. Aýnanyň ýüzüne çekilýän gat ýuka üsti (aýna, gapydaky aýnadan goýulmalary) urgydan gorar. Egerde çaga ony döwen ýagdaýynda hem döwüklerden şikes almaz.  

Burçlar

Çaga öýüň içinde işjeň hereket edip başlanda, ol böwetlere duş gelip biler, stoluň, sandygyň, sütünleriň ýiti burçlayna degip biler. Olary silikon eşiklere “geýdiriň”! Olar berk we aňsatlyk bilen agaç goşlaryna berkidilýär. Çaga şol burçlara degen ýagdaýynda hem kellesi bütin galar.  

Şkaflar we tumbalar

Şkaflarda, azyk sowadyjylarda we çekmelerde çagany özüne çekiji zatlar köp. Olara gyzyklanýan çaga barmaklaryny gapjatmaz ýaly we onuň eline düşmeli däl zatlary almaz ýaly (dermanlar, ýiti we ownuk zatlar), ýörite ýapyjylary (blokiratorlary) ulanyň. Ýogsa-da, ýörite berkidijiler diňe şkaflaryň gapylaryny berkitmän, eýsem unitazyň gapagyny hem berkidýärler. Bu zat näme üçindir çagalarda reňkli oýunjaklardan az gyzyklandyrmaýar.

Plita (Peç)

Plitanyň ekrany çaga işläp duran gözlerine we gyzgyn pitilere golaýlaşmakdan gorar. Ol inligine giňeldilýär, şonuň üçin peçleriň ähli görnüşlerine diýen ýaly gabat gelýär. Çaga gazy işletmez ýaly näme etmeli? Tutawaçlary öçürilen ýagdaýynda gorag ýapyjylaryň kömegi bilen berkidiň. Olar kada bolşy ýaly topluma girýärler.  

Durmuşda ulanylýan elektriki enjamlar

Elektriki tok bilen işlenýän durmuşda ulanylýan enjamlar elektromagnit meýdanynyň çeşmesi bolup durýarlar. Has güýçlisi (diýmek biziň üçin iň zyýanly) hökmünde SWÇ-gyzdyryjylary, aşhana orup çekijisi we no frost ulgamly sowadyjy bolup durýar.

Бытовые приборы, работающие от электрического тока, представляют собой источники электромагнитных полей. Наиболее мощными (соответственно, и самыми разрушительными для нас) являются СВЧ-печь, электроплита, кухонная вытяжка и холодильник с системой no frost. Gürrüňsiz, hemme enjamlar birmeňzeş zyýanly däldir. Ýöne şuny ýatlamak wajypdyr: kuwwatlyk näçe beýik bolsa, elektromagnit meýdany hem güýçli.  

Öz germetikligini ýitiren mikrotolkunly peçleri örän howplydyr. Şonuň üçin hem onuň ulanyş möhletini geçirmejek bolmaly we özbaşdak bejermeli däl.  Täze durmuşda ulanylýan tehnikany alan ýagdaýyňyzda satyjydan harydyň hil şahadatnamasyny talap etmegi unutmaň.  Aşhanada mikro tolkunly peji, azyk sowadyjyny guran ýagdaýyňyzda olaryň yzky tarapyny nahar iýilýän stola (has-da çaganyň oturgyjy) tarapa gönükdirmäň.

Çaganyň otagy üçin güller

Bizň gök dotlarymyzsyz nähili ekologiýa bolsun? Emma, ene-atalar gülleriň ählisi çaganyň otagy üçin ýaramly däldigini ýatda saklamalydyrlar.  

Şeýlelik-de, ilki bilen çagalara has peýdaly güller hakda. Hytaý bägüli-ony köplenç saglyk şýlerinde ýa-da çagalar bagynda görüp bolar we ol ýöne ýerden däl. Hytaý bägüli aňy gowy işledýär, onuň bilen çagalar az ýadaýarlar, otagda bolsa döredijilikli ýagdaý döreýär. Rozmarin hroniki bronhitden, pnewmoniýa, bronhial astmadan ejir çekýän çagalar üçin peýdalydyr. Kiparisli santolini hökman gipertoniýa ýa-da ýürek-damar keselleri bilen keselliýän çaganyň otagynda goýmaly. Geran-nerw ulgamynyň keselleri üçin gowy derman. Şeýle-de çaganyň otagynda hökmany suratda hlorofitum hohlatyý, drasena, fikus, gülleýn begoniýa, spatifillum, zebrina üçin ýer tapmalydyr.   

Indi bolsa çaganyň otagynda goýulmaly däl güller barada: bu kaktus, neoregeliýa, ýukka w diffenbahiýa. Olar çaganyň saglygy üçin howply bolup biler.

Elektrogeçirijiler

Ähli çaganyň kellesine irde-giçde “beýik” pikir gelýär-öz inçejik barmajyklaryny ýa-da gabat gelen zady elektriki rozetkanyň deşigine salmak. Köp adamlar howply synagyň netijesinde bolan ýyldyrymyň täsirini ýatda saklaýarlar. Bu halatda kömege ähli çagalar üçin harytlar dükanda satylýan ýönekeý we amatly ýapylar hem kömek eder.  Bu ýapydan iki peýda bar: howpsuzlyk we diwardaku bu zada bolan gyzygyň ýitmegi.

Şeýle-de çaganyň ýatýan krowady we oýnalýan ýeri ähli gömmesimlerden we rozetkadan daşda bolmalydyr.

Kompýuter

Şahsy kompýuter biziň durmuşymyzyň bir bölegi bolup durýar. Onuň kömegi bilen siz öýde hem işläp, dostlaryňyz bilen habarlaşyp bilersiňiz, öz çagaňyzyň ösmegine ýardam berip bilersiňiz. Elektromagnit şöhle ýaýratmagyň çeşmesi kompýuteriň monitory bolup durýar. Häzirki zaman suwuk kristallikler elektron şöhleli turbajykda işleýänlerden has howpsuzdyr. Ýöne sizde moitoryň iň soňky döwrebap görnüşi bolsa hem, meýdan onuň öňünde oturýan adamlara zepel ýetirýär. Monitoryň yzky paneli çaganyň köp wagt geçirýän ýerine tarapa gönükdirilen bolmaly däldir.  

Has howply bolup biläýjekler

Daş töweregiňize seredip has howply erkin el ýetäýjek ýerdäki zatlary gözläň. Olara ähli aýnadan ýasalan, ýiti, gyzgyn, agyr zatlar degişlidir.  Mysal üçin, sallanyp duran ýüpli ütük, çaga ony çekip özüne şikes ýetirip bler. Çaga emedekläp we ýöräp başlanda, poluň we poluň üstüniň arassalaygyna seretmeli.

Her gün ähli üstlere üns bilen seretmeli-çaganyň alyp agzyna ýa-da gulajygyna salyp biljek, ýa-da ýykylyp bir ýerini degirip biljek zatlary ýatanokmy? Çaganyň usuly bilen ötagyň içinden geçiň, şonda siz onuň hereket edeninde hiç hili howply zada duş gelmejegine göz ýetirersiniz. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar