Soňky habarlar

Arhiw

Çagany emdirmek ony geljekde has akylly we bay eder

0
7595

The Guardian neşiri şular barada habar berýär: çagany emdirmek onuň uly ýaşanda IQ (akyl ýetiş ösüşi) has uly derejede bolmagyna ýardam berýär.

Braziliýanyň alymlary uly möçberli barlag geçirdiler, onuň dowamynda üç müňden gowyrak çaganyň durmuş ýoluny öwrendiler we çagalykda ene süýdi bilen emdirilen çagalaryň ýasama süýt bilen ulaldylan çagalar blen deňeşdireniňde, otuz ýaşynda iň gowy bilimi we has uly girdeji alýandygyny ýüze çykardylar. Bu barlagyň netijeleri Lancet Global Health žurnalynda çap edildi.

2012-nji ýylda hünärmenler ähli 1982-nji ýylda doglan Pelotas şäheriniň ýaşaýjylaryna gürrüňdeşlik üçin çakylyk ýolladylar. Olaryň çakylygyna 3500 adam jogap berdi, olardan IQ (akyl ýetiş ösüşi) barlagy geçmäge we sowalnamany doldurmagy soradylar.

Netijede çagalykda ene süýdi bilen emdirlen çagalaryň has beýik IQ (akyl ýetiş ösüşi) derejä, iň gowy bilime we girdejä eýedikleri ýüze çykdy.

Has-da olaryň içinden ejeleri bir ýaşa çenli emdirenler tapawutlandylar: olaryň IQ (akyl ýetiş ösüşi) derejesi bütin dört punkta beýikdi, aýlyk girdejisiniň möçberi bolsa-ortaçadan 140 dollara beýikdi.  

Netijeleriň has hakyky bolmagy üçin alymlar maşgalanyň girdejisiniň, genleriň we başga sebäpleriň täsirini aýyrdylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar