Soňky habarlar

Arhiw

Çagalar we ulular näçe wagtlap ýatmaly?

0
8936

Milli uky gaznasynyň hünärmenleri (National Sleep Foundation), täjirçilik bolmadyk gurama, onuň uky bilen bagly wakalary öwrenmekde 25 ýyl tejribesi bar, adamlaryň dürli ýaşda uka näçe wagt sarp etmelidiklei barada öz tekliplerini täzelediler. 

Milli uky gaznasynyň hünärmenleri (National Sleep Foundation) 18 garaşsyz alymlardan ybarat toparyň hyzmatdaşlygynda 300 köp adamlaryň saglyga ukynyň möçberiniň täsir edişi barada işleri öwrendiler we täze açylan maglumatlara laýyklykda öz tekliplerini täzelediler. 

Üýtgedilen kadalar adamlaryň uka köpräk wagt sarp etmekligine ýardam bermegi mümkin, sebäbi ukynyň ýetmezçiligi we onuň artykmaçlygy saglyk üçin zyýandyr.

Ýaňy doglan wagtyndan-3 aýa çenli bäbeklere bir günde 14-17 sagat ýatmak zerurdyr.

  • 4 aýdan 11 aýa çenli bäbeklere bir günde 12-15 sagat ýatmak zerurdyr.
  • 1 ýaşdan 2 ýaşa çenli çagalara bir günde 11-14 sagat ýatmak zerurdyr.
  • 3 ýaşdan 5 ýaşa çenli mekdep ýaşyna ýetmedik çagalara bir günde 10-13 sagat ýatmak zerurdyr.
  • 3 ýaşdan 13 ýaşa çenli mekdep okuwçylara bir günde 9-11 sagat ýatmak zerurdyr.
  • 14 ýaşdan 17 ýaşa çenli ýetginjeklere bir günde 8-10 sagat ýatmak zerurdyr.
  • 18 ýaşdan 25 ýaşa çenli ýaşlara bir günde 7-9 sagat ýatmak zerurdyr.
  • 26 ýaşdan 64 ýaşa çenli uly ýaşly adamlara bir günde 7-9 sagat ýatmak zerurdyr.
  • 65 ýaşdan uly adamlara bir günde 7-8 sagat ýatmak zerurdyr.

The Independent neşiriň saýtynda çap edilen makalanyň awtorlary ata-enelere öz çagalarynyň endiklerine aýratyn üns bermeklerini teklip edýärler sebäbi olar entäk öz hereketlerine gözegçilik edip bilmeýärler.

Şeýle, norwegiýaly alymlar duýdurýarlar: ýetginjekler jübi telefonlaryny we planşetlary ulanan ýagdaýlarynda, ol ukynyň hiline çyndan hem täsir edip bilýär. 10 müň ýetginjekleriň gatnaşmagynda geçirilen barlag mekdepden soň kompýuteriň monitorynyň, planşetyň ekranynyň ýa-da smartfonyň öňünde iki ýa-da ondan köp sagat oturlan ýagdaýynda, ýetginjekleriň tiz uklamagyna we sagdyn uklamagyna päsgel berýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar