Soňky habarlar

Arhiw

Çilimkeşler köp halatda ruhy çökgünlikden ejir çekýärler

0
5892

Çilim nerw ulgamyny köşeşdirenok. Muny ýakynda iňlis alymlarynyň geçiren barlaglary-da subut etdi. Barlaglaryň netijesinde olar çilim çekmeýän adamlara garanyňda, çilimkeşleri 70 göterim köp halatda ruhy çökgünlige we howsalaly ahwallara düşýändiklerini anykladylar — diýip, DailyMail britan neşiri habar berýär.

Londonyň kollej uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlaglary çilim çekmeýän adamlara garanyňda, çilimkeşleriň 70 göterim köp halatda ruhy çökgünlige we howsalaly ýagdaýlara düşýändigini görkezdi.

Barlaglardan gelip çykýan netijä görä, çilimiň nerw ulgamyny köşeşdirmeýändigi anyklanyldy. Munuň özi çilimiň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny ýüze çykaran nobatdaky barlaglar boldy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar