“Altyn asyr”topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

0
7165

Paýtagtyň “Altyn asyr” toparynyň oýunçylary Türkmenistanyň çempiony adyny gazandylar. Aragatnaşyk Ministrliginiň topary bu ýeňişi möhletinden öň gazandy, çempionat tamamlanmagyndan bir tapgyr öň.



Çempion adynyň ykbaly “Ahal” we “Altyn asyr” toparlarynyň bäsdeşiginde “Aşgabat” stadionynda çözüldi. Oýundan öň oýun jetwelinde bäsdeşleriň arasynda 5 utukdy. Şonuň üçin ahallylara oýunda diňe ýeňiş gerekdi, “aragatnaşykçylar” bolsa “deňme-den” hem bolýardy. 



Eýýäm birinji oýunda “Ahalyň” oýunçysy Ata Geldiýew öz toparyny kyn ýagdaýa goýdy. Oýnuň 38-nji minutasynda bäsdeşi kellesi bilen urany üçin ol duşuşygyň eminininden  gyzyl kartoçkany aldy we meýdançadan çykaryldy. Oýnuň köp wagtyny azlykda oýnap, ahallylar bäsdeşiň goragyny böwsüp bilmediler. Netijede “Altyn asyr” özüne gerek bolan – 0:0 “deňme-dene” ýetdi we ilkinji gezek öz taryhynda çempion adyny resmilleşdirdi we 2015-nji ýylda Türkmenistana aziýanyň çempionlar Ligasynda  wekilçilik etmäge hukuk gazandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi bolmak bu ýeňişine 37 ýaşly ýurduň at gazanan türgençisi Ýazguly Hojageldiýew getirdi.



“Ahala” kümüş medallar gowşurylar. Munuň bilen bagly gutlaglary iki aý mundan öň topary kabul eden geçmişde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň hüjümçisi Guwançmuhammet Öwekow kabul edýär. 



Bürünç medallary şeýle-de möhletinden öň özüne Türkmenbaşynyň “Şagadam” (esasy türgençisi-Amanmyrat Meredow) topary üpjün etdi. Çempionada gatnaşmakdan ýüz döndiren “Balkan” topary bilen 35-nji oýunda bu topara tehniki ýeňiş hasaplanyldy.



Bu tapgyrda garaşylmadyk netije Türkmenabatda boldy, ol ýerde soňky orundan gitmek umydyny ýitiren “Bagtyýarlyk-Lebap” topary Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Prezidentiniň kubogynyň eýesi bolan HTTU-niň toparyny kabul etdi.Ýaňy-ýakynda bu toparlar Aşgabatda geçirilen 26-njy tapgyryň oýnunda duşuşdylar. Şol wagt Halkara Türkmen-türk uniwersitetiniň oýunçylary Amyderýanyň boýnundan gelen bäsdeşleri 7:0 hasap bilen ýeňdiler. Bu gezek yzda süýrenýän topar ýurduň eks-çempionyna hakyky söweşi görkezdi. Oýnuň dowamynda “Bagtyýarlyk-Lebap” Ikram Niýazowyň (49-njy minut) we Fahrutdin Sabirowyň (55-nji minut) tagallalarynyň kömegi bilen iki gezek hasaby alyp bardy. Ýöne HTTU Furkat Tursunowyň (53-nji minutda) we Pirmurat Sultanowyň (60-njy minutda) anyk hüjümlerinden soň ýeňlişden gitmägi başardy. Netijede oýun 2:2 hasap bilen “deňme-deň” tamamlandy.



35-nji tapgyryň galan iki oýny eýeleriň iň pes ýeňişi bilen 1:0 hasapda tamamlandy. Baýramaly etrapda “Merw” topary Melis Rizaýewiň 24-nji minutda salan topynyň kömegi bilen “Aşgabat” toparyny utdy. “Daşoguz” topary oýnuň esasy wagtynyň ýerini tutan üçünji minutasynda “Talyp sporty” toparyndan ýeňişi dartyp aldy. Ýeňiş topy Hamza Allamow saldy.  


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar