Soňky habarlar

Arhiw

Awtoulaglar barada 5 sany esasy rowaýatlar: bizi bazary öwrenijiler ynandyrdylar

0
51339

Mahabat şygary önümi geçirmekde örän wajyp orna eýedir. Has-da, eger-de bu ulag - statusyň bölegi, durmuşyň keşbi ýa-da onuň gerekli bir bölegi bolup duran ýagdaýynda. Şowhunly ýerleşme ulagyň hut esasyny üýtgetmäge ukyplydyr. 



Ilki başda Söz bolupdyr. We dogry aýdylan söz köp zatlary üýtgedip biler-dünýä taryhyndan başlap awtoulag kompaniýasynyň anyk bir görnüşiniň satylýan wagtyna çenli. Siz näme pikir edyärsiňiz, eger-de size ýüz gezek şu ulag –iň owadan, iň görnükli, iň gowy dolandyryp bolýan, iň tehnologiki we has lýuksly, onda siz oňa hakyky talap ediji göz bilen seredersiňizmi? Sarp edijileriň köpüsi özleri duýman hakykatdan hem batly mahabatyň baş ýörelgelerine “oturýarlar”. Ýöne munuň üçin gabat gelýän ýerleşmegi saýlamaly, köpçülige dogry bermeli we saýlanan mahabat şygaryny onlarça ýyllaryň dowamynda hakykat hökmünde ynamly tassyklamaly. Muny başaran kompaniýalar utýarlar. Olaryň ybadatlaryny satyn alyjylar, žurnalistler we bäsdeşlik edýän kompaniýalaryň inženerleri gaýtalaýarlar.  

Elbetde, iň şowhunly bazary öwrenişiň ýörelgeleri aç açan galp bolmaýar, olaryň köpüsi öz awtoulaglaryna gabat gelýär. Ýöne olara çürt-kesik ynanmaly däldir. Ýalňyşlyklar köp adamlarda bolýar.



Toyota –iň berk



“Satyn alsaň Toyota almaly sebäbi ol – iň berk”. Muny diňe Ýaponiýada çykýan sag taraply dolandyryjy merkezli “imperator hilliniň” hyrydarlary däl-de “Toyotalary” satyn alyjylaryň ählisi tassyklaýarlar.



Toyotada esasan-da döwüler ýaly zat ýok sebäbi bu awtoulaglarda, iň ýokary görnüşinde hem diňe häzirki bellemeleriň we ölen zolaklaryna gözegçilik etme ulgamlary çykyp başlady, olar köpçülikleýin  segmentlerinde öň eýýam özleşdirilen. Näme üçin bu markanyň awtoulaglarynda ähli yşyklandyryjyly aýnalaryň awtomatiki eltijileri seýrek gelýär ýa-da uly sensorly monitorlar diýen soraglara kompaniýanyň wekilleri köplenç şeýle jogap berýärler: biziň müşderilerimize bu gerek däl.  



Dünýädäki “iň berk” diýen abraýly marka hatda Toyota braklanan awtoulaglaryň sany boýunça yzyna çagyryşly kompaniýalaryň arasynda öňdebaryjysy bolsa hem bu oňa zeper bermeýär! Diňe şu ýylyň Oktýabr aýynda Toyota bütin dünýä boýunça 1,75 mln awtoulagy yzyna çagyrdy-tormoz suwuklygynyň akmagy sebäpli, benzonasosyň kemçilikleri we ýangyç magistralynyň düz däl turbajyklary sebäpli. Iň belli bolan yzyna çagyryşly, öz möçberi boýunça iň köpi Toyotanyň üstüni 2009-2010-njy ýyllarda basty-gazyň ýelmeşýän pedali üçin, onuň netijesinde adam heläkçilikleri hem aýryldy.  Şol wagt 12,4 awtoulag zaýalandy. Awtoulaglaryň eýelerinden entägem  şikaýatlar gelýär. Amerikanyň hökümeti tarapyndan Toyota kompaniýasy kemçilikler baradaky maglumatlary gizländigi üçin 1,2 mlrd dollar möçberinde jerime salyndy. 





BMW – dolandyrmak üçin iň amatly



BMW uzak wagtlap öz awtoulaglary dolandyrmak üçin iň amatly, diňe olarda – “dolandyryjy merkezi aýlamagyň özi bir lezzet” diýip hemmäni ynandyrýardy, “Wostorg” atly şowsuzly mahabat kampaniýasy hyrydarlary saklap bilmedi. 



BMW-nyň ilkinji köpçülikleýin awtoulagy-bu gülkinç durnuklylygyň we dolandyrmagyň ýokary standartlaryndan daşary-kompakt Isetta boldy. “Dolandyrmagyň nusgasy” bolan BMW-nyň saýlanan imije işleýän şowhunly taryhy bolmadyk sport görnüşi (motosiklet bölümçäniň çapyşygynda has şowhunlydan tapawutlylykda). BMW awtoulaglary 1952-nji ýylda Germaniýada Gran-pri-de ilkinji gezek çykyş etdi.   “Formula-1”-de çykyş etmek synanyşmalary  2006-2009-njy ýyllarda gaýtalandy ýöne şowhunly bolmady.



2009-njy ýyldan başlap BMW “patyşalyk çapyşyklara” gatnaşmaýarlar. BMW-diňe “atmosfernikler”, BMW-diňe yzky herekete getiriji. By şygyrlary hyrydarlar eýýam gaýtalamagy bes etdiler. Ýöne “BMW-dolandyrmak üçin iň amatly” diýen şygyry gaýtalamagy bes etmeýärler.



Bawariýanyň bazar öwrenjilerine sag bolsuny aýtmaly. Bütin dünýä elektriki BMW i3-dolandyrmak üçin iň amatly awtoulag, iň bolman kapotdaky şildik hem kömek edýär, BMW 5-Series GT – iň owadan, BMW i8 bolsa öz ýumşaklygyna we adrenaliniň ýoklugyna garamazdan – superulagdygyna ynanýar.   



Mercedes-Benz – iň rahat



Mercedes-Benz awtoulagyň gapysy ýapylanda daş töweregiňdäki dünýä edil ýok bolýan ýaly. Şeýle dälmi? Ýene bir gezek ýapyp görüň we şuny barlap görüň. Mercedes-Benz ýoluň ähli düz dälliklerini seretman ýoluň üstünden ýüzmelidir. Ýerine ýetirmegiň ýene bir ugury bolan  Avantgarde görnüşiniň eýelerine aýdyň, ol ýerde Mercedes-Benzyň görnüşleri teklip edildi: gaty, çukurlara ylalaşyksyz, galmagally. Täze S-Class? Ol örän zabun, örän akylly, ol çukurlaryň bardygyny öňünden bilýär-eger-de ýagty we ýagyş ýok bolan ýagdaýynda. Ýöne esasy amortizatorlar bilen (pnewmatiki bolmadyk ýagdaýynda hem)  wekilçilik segmentiň ajaýyp gämisi peseltmekde çokjalaýar we ýolagçylara üstüň kemçiliklrini ýetirýär.  Ýa-da göwnümizemi?  Mercedes rahatlygyň nusgasy ahyry. “Iň gowysy-ýa-da hiç zat”.





Volkswagen – iň dogrusy



Volkswagen köpden bäri ölçegler we tereziler Palatasynda-nusgalaryň saklawhanasynyň iň gowysynda özi üçin şahsy ýeri göz öňünde tutýar.  “Nusgawy awtoulaglar” diýen bellikli bolmasa hem. Elbetde, bu synlama näme goýmalydygy barada entäk pikir etmeli – Volkswagen Golf ýa-da Volkswagen Passat?



Volkswagen şeýle bir “nusgawy” awtoulaglary öňdürýär, olara şygar hem gerek däl. Has anyk aýtsak, ol ýönekeý we örän öňat we indi hiç kim mundan gowysyny çykarmaýar: Das Auto. Ýönekeý «awtoulag». Biz “mundan gowy”, “dolandyryp bolýan”, “ygtybarly” bolmaga bäsdeşlik etmeýäris. Biz ýönekeý awtoulaglary şu sözüň hakyky manysy boýunça döredýäris. Nusgawy awtoulaglar. Golf üç nesil mundaň öň hem nusgady ýöne täze görnüş-ondan hem “nusgawydyr”. Dogryňy aýtsaň,  Volkswagen hemmesinden dogruçyl-olar hakykatdan hem täze görnüşlerinde köp zatlary üýtgedýärler: düwmeler öz ýerlerinde şeýle bir gowy ýerleşdirilen, olary ýerinden üýtgetmek gerek däl.   Diňe täze ulgamlary goşmaly, bezeg hilini gowylandyrmaly. Iç gysgynjyrak ýöne hemişe duw-dagyn edilýär. Edil   Passat ýaly.



DSG gutysynyň ynjyklygy eýelerine iş baryny berip Volkswagen awtoulagynyň abraýyna biraz zeper ýetirdi.



 

Volvo – iň howpsuz.





Volvo öz iň güýçli tarapy diýip howpsuzlygy saýlady we uzak wagtlap mahabaty sarp edijilere bu barada ynandyrdy. Kompaniýa bu abraýyny tassyklamak üçin dogrydan hem az iş etmedi: mysal üçin 1959-njy ýylda Volvo-nyň inženeri Nils Bolin üç nokatly howpsuzlyk kemerini döretdi. Ýöne awtouladga diri galmak üçin esasy bir ýetilen zatlaryň biri- bu howpsuzlyk ýassygydyr-ony ilkinji bolup amerikanlar ulanyp başladylar, Mercedes-Benzda bolsa muny meşhur etdiler. Bolsa-da Volvo öz imijiniň üstünde işjeň işleýär, bu gözleglere şwesiýanyň hökümetini hem goşýarlar.   



Ýöne hiç hili statistika Volvo iň howpsuz awtoulag diýip subut edip bilmeýär. Munuň bilen bolsa Toyota peýdalandy: 2010-njy ýylda ýapon kompaniýasy kazyýete talap arzasy bilen ýüz tutdy, olarda Volvo XC60 awtoulagyň “Dünýäde iň howpsuz awtoulag” diýen şygyry ulanmagyň hakykatlygyny subut etmegini ýa-da ondan ýüz döndürmegini talap etdi. Talap ediji arza kanagatlandy sebäbi Volvo  hiç hili subutnamalary berip bilmedi. Birnäçe wagt geçenden soň Volvo  ýene bir ugruna bolmazlyk garaşýady: S 60 sedanyň tanyşdyrmasynda şwedler awtomatiki tormoz bermegiň ulgamyny görkezmäge niýetlenipdiler, ol çaknyşmada sürüjini perwaýsyz bolan ýagdaýynda halas etmelidir. Ýöne ulgam işlemedi we ulag toslanan böwet bilen çaknyşdy. Häzirki wagtda bu kömekçi we Volvo awtoulaglarynda özbaşdak dolandyrmagyň has öňdebaryjy ulgamlary şikaýatsyz işleýärler ýöne “bir çökündijik galdy”.  



Toyota awto markalary-iň ygtybarly däldir, Volvo – iň howpuz däldir,BMW – dolandyrmak üçin iň amatly däldir, Mercedes-Benz- iň rahatly däldir. Nusgawy hasaplanýan VW-DSG bilen bagly meseleleri ýada salanymyzada – nusgawy däldir. 


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar