Soňky habarlar

Arhiw

Çaga 10 ýaşa ýetýänçä onuň 10 sany esasy bilmeli zatlary

0
21401

Çagalar günme gün ösmän, olar sagatma-sagat ösýärler. Psihologlar käbir häsiýetleri çaga kiçilikden öwretmegi maslahat berýärler.



Ata-eneler köplenç çaga näme öwredýärler? “Ýoly gyzyl reňkde geçmeli däl”, “sag bolsuny aýtmaly”, “ululara ýer bermeli”. Huffington Postuň habar berişi ýaly psihologlar çaga bir bellenen ýaşa ýetýänçe ýene 10 sany endikleri bilmelidirler. 



Şeýlelikkde, çagalara şulary öwretmeli:




  1. Gowy dost bolmagy, hususan-da oglan ýa-da gyz dogany bolmadyk çagalara. Gysganç bolman bölüşmegi başarmak çaga dost tapmaga kömek eder we bu endik oňa ömürboýy ýardam berer. Maşgala hemişe ýanynda bolmaýar, dostlaryňa bolsa diňe seniň özüň gowy dost bolan ýagdaýyňda daýanyp bolar.

  2. Özüňi gorap bilmek. Çagalar hemişe “biri bilen düşünşek bolýarlar”, biri birinden oýunjaklary aljak bolýarlar, käwagt urşup hem başlaýarlar-ondan gaçyp bolanok! Ýöne çagany şular ýagdaýdan galmagalsyz çykmagy öwretmek örän wajypdyr.

  3. Başgalaryň tarapyny çalmagy. Rehimli bolmak we özüňden gowşagyň tarapy çalmak endigi çaga kiçilikden owredilýär. Esasan-sa bu endik oglanjyklara degişlidir.

  4. Öz pikiriňe eýe bolmak. Çagalara hemmelere hem-de hemme zada öýkenmek häsiýeti mahsusdyr we bu adaty ýagdaýdyr. Ýöne çaga ösüp barýarka ata-eneler oňa onuň aýratynlygyny we diňe oňa mahsus bolan häsiýetleriniň we ukyplarynyň bardygyny düşündürmelidirler we ol häsiýetleri ösdürmelidirler.

  5. Batyr bolmaly. Çagalar ýeňillik bilen üýtgetmeleri geçirýärler, täze zatlary synanşmaga razy bolýarlar, olar özleri barada aýtmaga ýa-da bir zat barada soramaga çekinmeýärler. Çaga bu häsiýetleri çagalykdan uly durmuşa geçirmäge siz kömek ediň.

  6. Öz şahsy tärini gözlemäge.Ejeleriň köplenç egin-eşik we saç bilen tejribe geçirmäge wagtlary ýeterlikli däl, şol sebäpli çagalar olara näme geýdirseler şony hem geýýärler. Siz iň boman dynç günleri çaganyň özüne öz islegi boýunça egin-eşik saýlamaga hukuk beriň.

  7. Haýwanlara gowy seretmäge. Onuň üçin öý haýwanyny saklamak hökman däl. Köçede gezip ýören haýwanlara-pişiklere, itlere seredip, çöregiň ownuklaryny kepderilere getirip, siz çaga başga jandarlara rehim etmäge, häzirki döwürde ýetmeýän keremlilige öwredersiňiz.

  8. Şowsuzlykdan soň bir zady etmäge çalyşmaga. Başynda hemme zat agyr ýaly bolýar. Geliň mysal hökmünde tigiri alalyň. Birinji gezekden sürüp bilen aza-azdyr ýöne dünýäde tigir sürýänler nähili köp?. Haçan-da çaga bir zady başarmadyk ýagdaýnda, onuň birinji islegi-başlan zadyny taşlamak bolýar. Çagany kynçylyklara garamazdan dowam etmägi öwrediň. Bu durmuşda oňa örän ýardam berer.

  9. Köp zat barada arzuw etmek we zähmet çekmek. Arzuwlar nähili bolsa hem biziň durmuşymyzy ýagty edýärler ýöne olary durmuşa geçirmek üçin  köp zähmet çekmelidir. Çagany onuň arzuwa tarap ýolunda goldaň we “Bu mümkin däl!”, “Sen muny edip başarmarsyň”, “Sen biderek yhlas edýärsiň”.

  10. Her bir güne begenmek. Durmuşda hemişe ýeňil bolanok, her gün işiö uruna bolanok. Ýöne biz yza gaýtmaly däldiris we indiki gün has begençli bolar. Çaga gynanmagyň gerekli däldigini düşündüriň. Gowylyga nämäni üýtgetmek bolar diýen sorag barada pikirleneniň has gowydyr.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar