Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry

0
127418
Salgysy:
г. Ашгабат, Арчабиль шаелы 46
Telefon belgiňiz:
48-11-43, касса 48-11-49.
Soňky täzelenme:

Teatryň salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 46-njy jaýy.

Teatryň telefon belgileri: Kabulhana 48-11-43, kassa 48-11-49.



Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry ilkinji gezek Ýaş tomaşaçylar teatry ady bilen 1937-nji ýylda döredildi. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde bolup geçen pajygaly ýer titremesi sebäpli teatryň jaýy tutuşlaýyn ýykyldy. Şondan soň, teatr öz işini bes etdi. 1963-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat şäherinde Ýaş tomaşaçylar teatryny döretmek hakynda karar kabul edildi. 1964-nji ýylyň 14-nji noýabrynda şol wagtky Mollanepes adyndaky Akademiki drama teatrynyň jaýynda teatr wagtlaýyn öz işine başlady. Teatr öz täze möwsümini G. Muhtarowyň «Dogruçyl komsomol sözi» diýen sahna oýny bilen başlady. 1963-1964-nji ýyllarda Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutyny tamamlan ýaşlar bu teatra işe geldiler. 1979-njy ýylda Ýaş tomaşaçylar teatryna artist Aman Gulmämmedowyň ady dakyldy. Diýarymyzyň meşhur artistleri Hommat Müllük, Oraz Amangeldiýew, Aman Sapardurdyýew, Gulmyrat Agabaýew, Öwez Gelenow, Ogultäç Hanyýewa öz zähmet ýollaryny bu teatrda başladylar. 1964-1991-nji ýyllar aralygynda teatrda 110-a golaý spektakl sahnalaşdyryldy. Olardan G. Gurbansähedowyň «Hang», Ilowaýskiniň «Çandunyň başdan geçirenleri», A. Nazarowyň «Ökünç», M. Maşadunyň «Sogan ogurlygy», Ç. Aşyrowyň «Ogullaryň takdyry», G. Gurbansähedowyň «Meňli», G. Muhtarowyň «Täsin tebip», Kabo Abeniň «Çöldäki aýal», W. Şekspiriň «Koriolan», A. Lindgreniň «Oglanjyk we Karlson», R.N.Güntekiniň «Amanat giýew» ýaly sahna eserleri köp ýyllaryň dowamynda sahnadan düşmedi.

1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy bilen, Türkmenistanyň Ýaş tomaşaçylar teatry watançylyk hem-de milli ruhdaky, türkmen ýaşlarynyň durmuşyny dogruçyl açyp görkezýän oýunlary goýup, öz tomaşaçylaryny begendirip ugrady. Teatrda 2001-nji ýyla çenli 40-a golaý sahna eserleri sahnalaşdyryldy. Olaryň arasynda B. Suhanowyň «Ýazyň yssy güni», O. Annaýewiň «Şapak», G. Daňatarowyň «Nusaý söýgüsi», Ö. Hojagulyýewiň «Pygamberler nalasy», H. Müllügiň «Sawçylar» ýaly sahna oýunlary teatr tomaşaçylary tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylanyldy.

Ö. Hojagulyýewiň «Pygamberler nalasy» atly sahna eseri 1993-nji ýylda Ukraina döwletiniň Swastopol şäherinde geçirilen «Herson oýunlary» atly halkara festiwala şeýle hem şol ýylda Özbegistan döwletiniň Daşkent şäherinde geçirilen «Gündogar-Günbatar» atly halkara festiwalyna gatnaşyp 1-nji baýraga mynasyp boldy. 1994-nji ýylyň başynda Finlýandiýa döwletiniň Mikelli hem-de Espoo şäherlerine döredijilik saparynda bolup, gowy çykyş edip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandylar. Şol ýylyň maý aýynda Polşa döwletiniň Torh şäherinde geçirilen «Kontakt-94» atly halkara festiwalyna iki spektakl bilen ýagny, «Tozanlykda tozan zenan» hem-de «Pygamberler nalasy» atly oýunlary bilen gatnaşyp birnäçe baýraklara mynasyp boldy. 1994-nji ýylyň oktýabr aýynda Ukraina döwletiniň Lwow şäherinde geçirilen «Altyn Şir» atly halkara festiwalynda Koba Abeniň «Tozanlykda tozan zenan» atly oýny bilen çykyş edip, baýraga mynasyp boldy.

2001-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen bu teatr Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatry diýip atlandyryldy.

2006-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda teatr Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň ugrunda bina edilen täze jaýa göçüp bardy. Teatryň bu täze binasynyň 200 orunlyk kiçi we 800 orunlyk uly sahnalary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehniki enjamlary artistleriň uly mümkinçiliklerinden peýdalanyp işlemeklerine giňden ýardam berýär. Teatryň täze binasynyň açylyş dabarasy mynasybetli tomaşaçylar G. Daňatarowyň «Hakydalar ummany» atly sahna eserine tomaşa etdiler.

2001-2011-nji ýyllar aralygynda teatrda 40-dan gowrak sahna eserleri sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylara ýetirildi. Olardan N. Rejebowyň «Jahan jomardy», O. Annaýewiň «Gabanjaň gelin», H. Berdiýewiň, M. Mämmetgurbanowyň «Türkmen ruhy», G. Daňatarowyň «Kabyl bilen Habyl», «Täze maşgala», B. Bäşimowyň «Kime jaý gerek, kime-de taý» atly sahna oýunlaryny agzamak bolar.

2005-nji ýylda Türkiýe döwletiniň Stambul şäherinde geçirilen «Stambul – Teatrlaryň mekany» atly halkara festiwalynda G. Daňatarowyň «Nusaý söýgüsi» atly sahna oýny bilen gatnaşyp, baýraga mynasyp boldy.   

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe teatr ýaşlary watançylyk, päk ahlaklylyk, dostluk, wepadarlyk ruhunda terbiýeleýän ençeme spektakllary sahnalaşdyrdy. Olardan N. Rejebowyň «Gyrat», «Döwletli döwran geldi», G. Daňatarowyň «Yşk mülküniň şasy», «Awazada asal aýy», G. Kakabaýewiň «Watan hakda üç aýdym», «Ýurt», «Ýagtylan köňüller», «Gumly gelin», «Galkynan göwünler» atly sahna eserlerini ýatlamak mümkin.

2011-nji ýylda Russiýa döwletiniň Kazan şäherinde geçirilen «Nowruz» atly halkara festiwalyna teatr G. Daňatarowyň «Kabyl bilen Habyl» atly sahna oýny bilen gatnaşdy.

2013-nji ýylda Russiýa döwletiniň Kazan şäherinde geçirilen «Nowruz» atly halkara festiwalyna teatr G. Daňatarowyň «Nusaý söýgüsi» atly oýny bilen gatnaşdy.

2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlap teatr G. Kakabaýewiň «Magtymguly Pyragy» atly oýnuny sahnalaşdyrdy.

2015-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda medeniýeti , teatr sungatyny döwrebap ösdürmek, medeni dynç-alyş şertlerini has hem gowulandyrmak maksady bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda halkymyzyň gahrymançylykly taryhynda watansöýüjilige, mertlige ruhlandyrýan dessanlardan täze has kämil sahna eserlerini döredendigini, toplan baý tejribesini, şeýle-de giň tomaşaçylar köpçüliginiň isleglerini nazara alyp, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň ady üýtgedilip, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry diýlip atlandyryldy.

Türkmenistanyň Alp arslan adyndaky  milli drama teatry adyna eýe bolansoň teatryň repertuaryna  dünýä klassikalaryndan oýunlar goýulup başlanyldy. Olardan 2015 –nji ýylda  Başkir dramaturgy Mustaý Karimyň  „Aý tutulan gijesi“  atly sahna eseri  esasynda  režissýor  H.Berdiýew tarapyndan  işlenilen  „Akýigit we Zümerret“ atly sahna oýny  sahnalaşdyryldy.

2017-nji  ýylda  Çingiz Aýtmatowyň  „Elwan ýaglykly serwim“  atly  sahna eserini režissýor  H.Berdiýewiň  tarapyndan sahnalaşdyryldy we halk köpçüligine ýetirildi.  Şeýle hem 2017-nji ýylda  Türkmenistanyň halk ýazyjysy  N.Rejebowyň „Görogly we Agaýunus“ atly sahna eseri   sahnalaşdyryldy. 

2018-nji ýylda  tatar   ýazyjysy  we  dramaturgy  Z.Zaýnulliniň  „1941-nji ýylyň  hatynlary“ atly sahna eseri  esasynda  A.Berdiýewiň  režissýorlyk etmeginde „Alty gelin“ atly spektakly sahnalaşdyryldy.  Hormatly Prezidentimiziň  „Türkmenistan  - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“  atly eseri esasynda  teatryň sahnasynda B.Mämmedowyň   „Gündogar ýyldyzy“ atly  oýny goýlup,  bu sahna oýny şol ýyl Aşgabatda geçirilen „Ýüpek ýoly – ýürek ýoly“  atly teatr  festiwalyna  gatnaşdy. Mundan başgada şol ýyl N.Rejebowyň  „Ependi,  sen kim?“  atly sahna eseri režissýor H.Berdiýewiň  sahnalaşdyrmagynda  halk köpçüligine  ýetirildi.  


Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler