Soňky habarlar

Arhiw

"Baýramaly" şypahanasy

1
84449
Salgysy:
Марыйский велаят, г. Байрам Али
Telefon belgiňiz:
(+993564) 6-11-70, 6-09-34, 6-09-20
Soňky täzelenme:

Ýerleşýän ýeri: Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde Murgap derýasynyň sag kenarynda ýerleşýär. 

Açylan ýyly: 1933-nji ýylda açylyp, 2010-njy ýylda şypahanada hereket edýän birnäçe binalaryň durky düýpli täzelendi we dünýä ülňülerine laýyk gelýän 2 sany hersi 250 adama niýetlenen täze bina ulanylmaga berildi. Şypahana bir wagtyň özünde 800 adamy kabul etmäge mümkinçiligi bar. Şypahana diňe bir ýurdumyzda belli bolman, eýsem daşary ýurtlarda hem meşhurdyr. 

Şypahananyň esasy bejeriş faktory: Şypahana täsin tebigaty, geografiki taýdan amatly ýerleşişi, ýeriň we suwuň bejeriş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Demirgazyk giňişliginiň 62 gradus, gündogar uzaklygynyň 37-40 gradus aralygynda deňiz derejesinden 242 metr beýiklikde ýerleşen Baýramalynyň çäginde Günüň ultramelewşe şöhlesiniň düşüş ekwiwalentiniň aýratynlygy hemmeleri haýran galdyrýar. Howanyň aýratyn bejerijilik häsiýetleri bu ýerde ýaz, tomus, güýz aýlarydyr. Aeroterapiýa (howa bilen bejeriş), gelioterapiýa (Gün şöhlesi bilen bejeriş) bejergileri şypahananyň netijeli aýratynlygydyr. 

Bölümleri: Anyklaýyş bölüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bejeriş bölüminde türgenleşik zalynda bedenterbiýe maşklary, ruhy bejergi, iňňe bejergi, beden owkalaýyş, melhem ýapgylar, şöhle we ýagtylyk bejergileri, berhiz bejergisi we dürli erginli bejeriş wannalary geçirilýär. Şypahanada halkymyzyň iň gadymy bejeriş usullary bolan türkmen çölüniň çägesiniň bejeriş täsiri öwrenilip, psammoterapiýa bejergisi we onuň birnäçe görnüşleri ornaşdyryldy. 

Häsiýetli aýratynlygy, ýöriteleşen bejergileri: Böwrekleriň we peşew çykaryş ýollarynyň keselleri, ýürek, gan-damar ulgamynyň keselleri, daýanç-hereket ulgamynyň keselleri, hususan-da ýiti glomerulonefridiň 8 aýdan soňky galyndy ýagdaýlary, dowamly diffuz glomerulonefrit (gipertoniki görnüşi, peşew alamatly görnüşi, gematuriýa alamatlar toplumy), dowamly nefritler, dowamly piýelonefrit remisiýa döwri, ýüregiň işemiýa keseliniň I-II funksional klaslar, essensial arterial gipertoniýa keseli (I-II dereje), simptomatiki gipertoniýalar, miokardyň ýiti infarktyndan soňky ýagdaý (6 aýdan soň), aterosklerozly kardioskleroz keselleri bejerilýär. 

Ýiti glomerulonefritiň ähli görnüşleri, ýiti asty glomerulonefritiň ähli görnüşleri, dowamly diffuz glomerulonefritiň ähli görnüşleri, böwrek amiloidozynyň ähli görnüşleri, böwrek inçekeseli, böwrek daş keseli, böwregiň polikistozy, gidronefrozy, ýüregiň işemiýa keseli (III- IV f.k.), arterial gipertoniýalar (agyr dereje), ýokanç keselleriň ýiti döwründe, onkologiki keseller, gan akmada bejergi çäklendirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800-564-6-11-70; 800-564-6-09-34.


Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler