Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly samboçylar Belarusda geçirilen ýaryşda üçünji orna mynasyp boldular

23:3712.02.2017
0
1371

12-nji fewralda Sport köşgünde Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň baýraklary ugrunda “A” derejeli “Sport we söweşjeň sambo boýunça Belarus Respublikasynyň açyk çempionaty” diýen ХХI halkara ýaryşy tamamlandy. Ýaryşyň ikinji güni Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi bäş medala – iki altyn, iki kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, Minskde geçirilen ýaryşlara gatnaşmak üçin Ukrainadan, Russiýadan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Gresiýadan, Ysraýyldan, Slowakiýadan we beýleki ýurtlardan – 16 döwletden 200-den gowrak türgen ýygnandy. Biziň ildeşlerimiz bu bäsleşiklerde düýn jemi ýedi medala – dört altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldular. Bu netije ýurdumyzyň ýygyndy toparyna ýaryşyň birinji gününiň görkezijileri boýunça umumytoparlaýyn hasapda russiýaly we belarusly türgenlerden hem öňe geçip, birinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Ýaryşlaryň ikinji gününde gazanylan medallary hasaba almak bilen, Türkmenistanyň toparynyň mynasyp bolan medallarynyň sany 12-ä ýetdi, olaryň altysy altyn, üçüsi kümüş we üçüsi hem bürünç medallardyr, bu bolsa biziň ýygyndymyza umumytoparlaýyn hasapda üçünji orny üpjün etdi. 
Şunda altyn medallar boýunça biziň toparymyzyň görkezijisi ikinji orny eýelän Russiýanyňky bilen deňdir. Türkmenistanlylar kümüş we bürünç medallar gatnaşygynda yza galdylar.

Ozaly bilen halkara derejeli sport ussady, Rio-de-Janeýro şäherinde geçirilen Olimpiada-2016-a gatnaşyjy Gülbadam Babamyradowanyň üstünligini bellemelidiris. Ol altyn medal ugrundaky bäsleşiklerde uly artykmaçlyk bilen üç gezek ýeňiş gazandy. Türgen zenan ilkinji tutluşykda gazagystanly Gülnur Ýerbolowany, soňra aýratyn tilsimi ulanmak arkaly belarus samboçysy Alesiýa Mleçkony möhletinden öň ýeňmegi başaryp, final duşuşykda dünýä çempiony, belarusly Marina Žarskaýany ynamly ýeňdi.

Bu üstünlik biziň meşhur türgenimiziň halkara derejesindäki iri ýaryşlarda gazanan ilkinji ýeňşi däldir. Gülbadam diňe bir sambo boýunça däl-de, dzýudo we guşakly göreş boýunça hem üstünlikli çykyş edýär. Olimpiýa oýunlarynyň öňýanynda 2015 hem-de 2016-njy ýyllarda ýapon görnüşi boýunça Gran-pri ýaryşlarynda ol birnäçe gezek ýeňiji bolupdy. Şeýle hem G.Babamyradowanyň 2013-nji ýylda Kazanda (Russiýa) geçirilen Bütindünýä uniwersiadasynda gazanan netijelerini aýratyn bellemelidiris. Şonda ýaryşyň guramaçylary türgeniň guşakly göreş boýunça altyn medala eýe bolandygyny belläp, onuň ulanýan tilsimlerini kämil derejede diýip, ykrar etdiler. Bu gezek bolsa Lebap welaýatynda önüp-ösen türgen Belarus Respublikasynyň açyk çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy.

Bu ugur boýunça Hurma Abdyýewa (52 kilograma çenli) üçünji orny eýeläp, bürünç medal ugrundaky bäsleşikde belarusly türgeni ýeňmegi başardy.

Serdar Hojamuhammedow (90 kilograma çenli) toparymyza ýene bir altyn medal getirdi. Dürli dünýä we yklym derejeli bäsleşiuklerde birnäçe gezek ýeňiji bolan türgen finalda Belarusuň wekili Pawel Masalskini 6:2 hasabynda ynamly ýeňmegi başardy.

Aziýanyň üç gezek çempiony Kerim Allanurow sambonyň sport görnüşinde çykyş edip, (57 kilograma çenli) kümüş medaly gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň tälim berýän türgeni çekeleşikli geçen finalda ermenistanly Grigor Mhitarýandan 0:1 hasabynda asgyn geldi. Zafar Madaminow 100 kilogramdan ýokary derejede çykyş edip, söweşjeň sambo boýunça üstünlik gazandy hem-de biziň toparymyza kümüş medalyny getirdi.

Belarus Respublikasynyň açyk çempionatynyň guramaçylary biziň türgenlerimiziň ussatlygyna we taýýarlyk derejesine ýokary baha berdiler, şol sebäpli hem Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri, doganlar Nurýagdy we Muhammet Mämmedowlary (sport görnüşi), şeýle hem halkara derejeli sport ussady Alaý Nyýazmeňliýewi (söweşjeň görnüş) ýeňijileri hem-de baýrakly orunlara eýe bolanlary sylaglamak dabarasyna gatnaşmaga çagyrdylar.

Şu gezek ýaryşlar türkmen türgenleri üçin şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Ýapyk bianalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry boldy. Ýurdumyzyň ýygyndy toparyň ýolbaşçysy Annageldi Sarykulowyň aýtmagyna görä, Belarusuň açyk çempionatynda türkmen türgenleri ýokary ussatlyk derejesini görkezdiler. Munuň özi Aziada-2017-niň eýeleriniň Aşgabatda geçiriljek oýunlarda üstünlikli çykyş etjekdigine ynam döredýär.

Mart aýynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde “Harlampiýewiň ýadygärligine” dünýä kubogy ugrunda ýaryşlar geçiriler, oňa ýurdumyzyň ýygyndy topary hem gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň