Soňky habarlar

Arhiw

«Şagadam» Türkiýede geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy

23:2512.02.2017
0
1426

Şu günler Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary öz türgenleşiklerini Türkiýäniň Antalýa şäherinde dowam etdirýär. Şu gün türkmen futbolçylary bu ýerdäki türgenleşikleriň çäginde Ukrainanyň Odessa şäheriniň «Çernomores» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Ukrainanyň milli futbol çempionatynyň iň ýokary ligasy bolan Premýer ligada çykyş edýän «Çernomores» yzda galan 18 tapgyrdan soňra, 23 utuk bilen 7-nji basgançakda. Mundan dört ýyl ozal Ukrainanyň Naýbaşy Kubogyna mynasyp bolan topar bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna türkiýeli eminler gözegçilik etdiler.

Duşuşygyň eýýäm 8-nji minudynda Rahmet Şermetowyň jerime meýdançasynyň çep gapdalyndan derwezä dürs gönükdiren pökgüsi bilen, «Şagadam» öňe saýlandy. Ýöne 12-nji minutdaky hüjümde «Çernogoresiň» düzümine täze goşulan Popow hasaby deňlemegi başardy. 19-njy minutda burçdan oýna girizilen pökgini derwezä dürs gönükdiren Myrat Hamraýew hasaby türkmen futbolçylarynyň peýdasyna 1:2-ä çykardy. 26-njy minutda ukrain futbolçylarynyň ýene bir gezek hasaby deňlemegine hem burçdan oýna girizilen pökgi sebäp boldy. Bu gezek Silwio tapawutlandy. Duşuşygyň birinji ýarymy 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Ikinji ýaryma «Çernomores» 5 oýunçy çalşygy bilen girişdi. Hatda toparyň braziliýaly hüjümçisi Elias dos Santos hem oýna goşuldy. Ýöne duşuşykda jemleýji sözi ýene-de türkmenistanly futbolçylar sözledi. 65-nji minutda Aleksandr Boliýan garşydaş toparyň derwezesine üçünji pökgini hem girizdi. «Çernomoresiň» resmi internet saýtynda berilýän habarda üçünji pökgüde toparyň derwezewanyna Antalýanyň ýiti Gün şöhlesiniň täsir edendigi ýazylýar. Mümkin, bir zat welin, bahanasyz aýan — duşuşykda «Şagadam» ýeňiş gazandy. Hasap — 2:3.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň