Soňky habarlar

Arhiw

Söýünowyň topary bu gezek ýeňildi

10:4412.02.2017
0
1095

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tejribeli goragçysy şu günler Belarus Respublikasynyň «Dnepr» futbol toparynda gözden geçirilişde. 10-njy fewralda «Dnepr» Minsk şäheriniň «Torpedo» kluby bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Mogilýow şäherinde «Denepriň» stadionynda bolup oýnalan duşuşykda myhmanlar 83-nji minutda Abramowyň pökgüsi bilen öňe saýlanyp, oýnuň öz peýdasyna tamamlanmagyny gazandylar.

Türkmenistanly futbolçy Şöhrat Söýünow bu gezek hem duşuşygyň ikinji ýarymynda meýdana çykdy. Toparyň türkmen futbolçysy bilen şertnama baglaşyp-baglaşmajakdygy ýakyn günlerde belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň