Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň XXV milli futbol çempionatyna 4-nji martda badalga berler

10:3512.02.2017
0
1297

2017-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň futbol boýunça XXV milli çempionatynyň Ýokary ligasynyň ilkinji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler. Geçen ýyllardaky dört aýlawda geçiriljek çempionata 9 topar gatnaşýar. Şeýlelikde, her tapgyrda bir topara dynç güni berler. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan täze möwsümiň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň rejenamasy düzüldi. Birinji aýalawa 4-nji martda badalga berlip, ol 23-nji aprelde geçiriljek IX tapgyryň duşuşyklary bilen tamamlanar. Ikinji aýlawyň duşuşyklary 25-nji aprel — 4-nji iýun aralygynda geçiriler. 17, 20, 24, 27, 30-njy iýun günleri bolsa ätiýaçlykdaky günler bolar. Şol günlerde çempionatyň dowamynda soňa süýşürilen duşuşyklar geçiriler. Ýokary liganyň duşuşyklary hemdäniň sişenbe, çarşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri bolar. «Turkmenportal» çempionatymyzyň her bir tapgyry baradaky habarlary, synlary, söhbetdeşlikleri we gyzykly hasaplamalary okyjylary bilen paýlaşyp durmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň XXV milli futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda çykyş etjek toparlar:

1. «Altyn asyr» futbol kluby — hojalyk jemgyýeti, Aşgabat şäheri;
2. «Nebitçi» sport toplumynyň «Balkan» futbol topary — döwlet kärhanasy, Balkanabat şäheri;
3. «Energetik» futbol kluby — döwlet kärhanasy, Mary şäheriniň Türkmenbaşy şäherçesi;
4. «Ahal» futbol kluby — hojalyk jemgyýeti, Ahal welaýaty;
5. «Merw» bedenterbiýe-sport futbol kluby — döwlet kärhanasy, Mary şäheri;
6. «Aşgabat» futbol kluby — hojalyk jemgyýeti, Aşgabat;
7. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň «Köpetdag» futbol kluby — döwlet kärhanasy, Aşgabat şäheri;
8. «Şagadam» futbol kluby — döwlet kärhanasy, Türkmenbaşy şäheri;
9. «Turan» hojalyk hasaplaşykly sport futbol kluby — döwlet kärhanasy, Daşoguz şäheri.

1-nji tapgyryň duşuşyklary:

Oýun 1. 4-nji mart (şenbe) «Balkan» — «Turan»
Oýun 2. 4-nji mart (şenbe) «Energetik» — «Şagadam»
Oýun 3. 4-nji mart (şenbe) «Ahal» — «Köpetdag»
Oýun 4. 4-nji mart (şenbe) «Aşgabat» — «Merw»
«Altyn asyr» futbol toparynyň dynç güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň