«Balkan» — «Dordoý» duşuşygyna hindistanly hünärmenler eminlik eder

0
150

Şu gün Balkanabadyň 10 müň tomaşaçy orunlyk sport toplumynda geçiriljek «Balkan» — «Dordoý» duşuşygyna Hindistandan gelen halkara derejeli eminler eminlik eder. AFK-nyň Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasyndan berlen maglumata görä, duşuşygyň baş eminligi 37 ýaşly hünärmen Rowan Arumughana ynanyldy. Oňa meýdanyň kenarynda Sapam Kennedi bilen Pillai Arun kömek berer. Ätiýaçlykdaky emin bolsa Şikrişna Koimbatore Ramaswamydyr.

Duşuşygyň baş emini 2018-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň Aziýa boýunça saýlama tapgyrynyň çäklerinde Hytaý Taýbeýi bilen Bruneýiň hem-de Butan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky duşuşyklara hem eminlik etdi.

Duşuşygyň inspektory — Saud Arabystanyndan gelen hünärmen Ýosef MirzaRust, komissary — Sanjaý Kumar (Hindistan).

Duşuşyk şu gün sagat 15:00-da başlajak duşuşykda myhmanlar sary, türkmen futbolçylary ýaşyl-ak reňkdäki köýnekçede çykyş ederler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň