Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň klub reýtingleri boýunça täze sanawynda türkmenistanly toparlar biri-birine ýakyn orunlary eýeleýärler

11:2903.02.2017
0
1457

«Global football rankins» internet saýty Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň täze klub reýting sanawyny çap etdi. Biz sizi bu sanawa ýurdumyzdan girip bilen toparlaryň eýeleýän orunlary hem-de ildeşlerimiziň AFK-daky garşydaşlarynyň orunlary bilen tanyşdyrýarys. 

Yklym ýaryşynda Merkezi Aziýa toparçasyna giren Täjigistanyň çempiony «Istiklol» 1-nji fewralda täzelenen sanawda 73-nji orny eýeleýär. 2016-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky sanawda bolsa topar 84-nji orundady.

Türkmenistana wekilçilik edýän toparlaryň arasynda liderlik entek hem «Ahal» toparynda saklanyp galýan. AFK-nyň kubogyna taryhynda ýeke-täk 2015-nji ýylda gatnaşan topar klublar reýtinginiň täze sanawynda 109-njy orunda. Bu bolsa toparyň geçen sanawdaky ornuny 6 basgançak ýokarlandyrandygy görkezýär.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» topary sanawyň 113-nji ornundan ýer alypdyr. Şeýlelikde, ýurdumyzyň çempiony geçen aýdaky netijesini 10 basgançak ýokarlandyrdy.
Gyrgyzystanyň «Alaý» futbol topary 124-nji orunda. Topar geçen aýda 131-nji orundady.

Ýakynda Gyrgyzystanyň «Dordoýy» bilen myhmançylykda deňme-deň oýun geçiren «Balkan» geçen aý 152 toparlyk sanawyň iň soňky ornunda bolan bolsa, bu aý görkezijisini ep-esli ýokarlandyryp, 133-nji orna çenli çykdy. Eger-de «nebitçiler» «Dordoý» bilen jogap duşuşygynda ýeňiş gazanyp, saýlama duşuşyklaryň nobatdaky tapgyryna çykmagy başarsalar, olaryň geljekki aýlarda has ýokary galmagyna, «Ahaldyr» «Altyn asyra» ýakynlaşmagyna garaşyp bolar.

«Balkanyň» AFK-daky edil häzirki garşydaşy «Dordoý» bolsa täze sanawyň 134-nji ornunda.  «Dordoý» hem geçen sanawdaky ornuny 16 basgançak ýokarlandyrdy.
Afk-nyň kubogynyň Merkezi Aziýa toparçasyna girmäge dalaş edýän Täjigistanyň wise-çempiony «Hosilot» sanawyň 138-nji basgançagynda. Topar geçen aýda 152 toparlyk sanawa girip bilmändi.

Owganystanyň «Şahin-Asmai» topary hem sanawa şu aýda goşulan toparlaryň biri. Saýlama tapgyryň ilkinji duşuşygynda «Hosilotdan» asgyn gelen owgan topary täze sanawda 146-njy orny eýeleýär.

Şeýle hem 31-nji dekabrdaky sanawyň 1-nji ornundaky Hytaýyň «Guwandžou Ewengrand» topary täze sanawda 5-nji basgançaga çenli aşak düşüp, öz ornuny Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Ain» toparyna berdi. Arap topary geçen sanawda 4-nji orundady.

Merkezi Aziýa wekilçilik edýän ýurtlaryň arasynda Eýranyň «Traktor Sazi» topary iň gowy netijäni görkezýär. Topar 1-nji fewraldaky sanawyň 15-nji basgançagynda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň