Türkmen futzalçylary Aziada — 2017-ä taýýarlygyň çäklerinde Awazadaky türgenleşiklerine girişdiler

0
468

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V aziýa oýunlaryna taýýarlyklaryň çäginde nobatdaky okuw-türgenleşik ýeri üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny saýlap aldy.

Düýn (2.02.2017 ý.) türkmen futzalçylary Hazar deňziniň kenaryndaky «Seýrana» myhmanhanasyna geldiler. Bu ýerdäki sport zalynda geçiriljek türgenleşikler 7-nji fewrala çenli dowam eder. Türgenler her gün iki gezek türgenleşige çykar. 

Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan berlen habara görä, bu okuw-ýygnanşygyna jemi 7 topardan 16 futzalçy saýlanyp alynda.

Derwezeçiler:
Şöhrat Baýramow («Senagatbank»);
Berdimyrat Sapardurdyýew («Talyp sporty»).
Meýdançadaky oýunçylar:
Abdylla Gurbannepesow («Migrasiýa»);
Röwşen Orazmuhammedow («Talyp sporty»);
Marat Konirow («Senagatbank»);
Geldimuhammet Aşyrlyýew («Galkan»);
Öwezbaý Muhammetmyradow («Galkan»);
Maksat Soltanow («Deňizçi»);
Watan Ataýew («Hazyna»);
Allaberdi Meredow («Bagtyýarlyk»);
Gurbangeldi Sähedow («Talyp sporty»);
Allamyrat Gurbanow («Deňizçi»);
Serdar Rejebow («Hazyna»);
Ismaýylhumammet Öwekow («Migrasiýa»);
Mülkaman Annagulyýew («Talyp sporty»);
Daýanç Garajaýew («Talyp sporty»).

Futzalçylar Aziada — 2017-ä ýaponiýaly hünärmen Keoheý Nakamuranyň tälim bermeginde taýýarlyk görýärler.


Türkmen futzalçylary Aşgabada gelensoňlar, 15-nji fewralda okuw-ýygnanşygyny geçirmek üçin Ispaniýa ýola düşerler. Olaryň 2-nji marta çenli türgenleşik geçjek Benidorn şäheri Walensiýa şäheriniň ýakynynda ýerleşýär. Bu ýygnanşygyň çäklerinde ýerli futzal toparlary bilen 6 sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bu türkmen futzalçylarynyň soňky dört aýyň içinde daşary ýurtlardaky eýýäm üçünji türgenleşigi bolar. Noýabr aýynda futzalçylarymyz Ýaponiýanyň Tokio şäherinde iki hepdelik türgenleşikde bolup, bu ýerde Ýaponiýanyň birinji we ýokary ligasynda çykyş edýän toparlar bilen 6 sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçiripdiler. Türkmenistanly futzalçylar ilkinji duşuşygynda «Riggere Tokýo» toparyndan 2:1 hasabynda ýeňlen hem bolsalar, soňky duşuşyklaryň birinde 2015-nji ýylda Ýaponiýanyň çempiony bolan «Fuchu Athletic» toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykypdylar. Bu toparyň düzüminde üç sany braziliýaly futzalçy hem oýnady.

Dekabr aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen okuw-türgenşeliginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň 5-si geçirildi. Türkmen futzalçylary şolaryň üçüsinde ýeňiş gazandylar. Has takygy, biziň türgenlerimiz «Ýasamal» futzal toparyny 8:3, «Hamsa» toparyny 8:6, «Hell Energy» toparyny bolsa 3:0 hasabynda utdular. Ýapon hünärmen Keoheý Nakamuranyň şägirtleri Baku şäheriniň «Neftçi» topary bilen geçirilen duşuşykda deňme-deň (5:5) oýnan bolsalar, ýurduň birnäçe gezek çempiony — Nahiçewan şäheriniň «Araz» toparyndan 3:4 hasabynda ýeňildiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň